Bap 20
Mundan soň mowaplar we ammonlar megunylar bilen birlikde Ýehoşapatyň garşysyna söweşe çykdylar.
2 Ýehoşapata şeýle habar geldi: «Deňziň aňyrsyndan, Edomdan bir uly mähelle seniň garşyňa gelýär. Olar eýýäm Haseson Tamardadyr». Bu ýere Engedi-de diýilýär.
3 Ýehoşapat gorkup, Rebbi agtarmagy ýüregine düwdi. Ol bütin Ýahudada agyz beklemekligi yglan etdi.
4 Ýahuda halky Rebden medet dilemek üçin ýygnanyşyp, Ýahudanyň hemme şäherlerinden Rebbi agtarmaga geldiler.
5 Ýehoşapat Rebbiň öýünde, täze howlynyň öňünde Ýahuda we Iýerusalim jemagatynyň öňünde durup, şeýle diýdi:
6 «Atalarymyzyň Hudaýy, ýa, Reb. Gökdäki Hudaý Sen dälmisiň? Bütin milletleriň patyşalyklarynyň üstünden höküm sürýän Sensiň. Güýç, gudrat Seniň eliňdedir, hiç kim Saňa garşy durup bilmez.
7 Eý, biziň Hudaýymyz, Sen bu ýurduň ilatyny Öz halkyň ysraýylyň öňünden kowup çykaryp, ýurdy dostuň Ybraýymyň nesillerine ebedilik berdiň.
8 Olar ýurtda mesgen tutdular, ol ýerde Seniň adyňa mukaddes öý bina edip, şeýle diýdiler:
9 „Başymyzdan betbagtçylyk inse, ýagny gylyç jezasy, mergi ýa-da açlyk gelse, biz şu mukaddes ýerde, Seniň huzuryňda durarys, çünki Seniň adyň şu mukaddes ýerdedir. Başymyza gelen betbagtçylyk zerarly Saňa perýat etsek, Sen bizi eşidersiň we halas edersiň“.
10 Ine, indi ammonlar, mowaplar we Segir dagynyň ilaty, bize miras beren ýurduňdan bizi kowup çykarmakçy bolýarlar.
11 Müsürden çykyp gelýärkäler, ysraýyl halkyna Sen bu milletleriň üstüne çozup girmäge ýol bermediň, ysraýyllar hem yzyna dönüp, olary ýok etmediler.
12 Eý, Hudaýymyz, Sen olaryň üstünden höküm çykar! Bize garşy gelýän bu beýik goşuna garşy çykmaga bizde güýç-kuwwat ýok. Biz näme etjegimizi bilemzok, gözümizi Saňa dikýäris».
13 Ähli ýahudalar öz ýaş çagajyklary, aýallary we ogullary bilen Rebbiň huzurynda durdular.
14 Onsoň halkyň arasyndan Asafyň neslinden bolan lewilerden Ýegiýeliň üstüne Rebbiň ruhy indi. Ýahazyýal Zakarýanyň ogly, Benaýanyň agtygy, Ýegiýeliň çowlugy we Matanýanyň ýuwlugydy.
15 Ýahazyýal şeýle diýdi: «Eý, ýahuda halky, Iýerusalimiň ilaty, patyşa Ýehoşapat, gulak asyň! Reb size şeýle diýýär: „Siz bu beýik goşundan gorkmaň, heder etmäň, çünki uruş siziňki däldir, Hudaýyňkydyr.
16 Ertir olaryň üstüne hüjüm ediň. Olar Ziz depesine çykarlar. Siz olary Ýerubel çölüniň öňüsyrasynda, deräniň aňry başynda taparsyňyz.
17 Bu söweşde size söweşmek gerek däldir. Eý, ýahuda we Iýerusalim halky, nyzama duruň-da, garaşyň, Rebbiň size berjek ýeňşini görüň“. Gorkmaň, heder etmäň. Ertir siz olaryň garşysyna çykyň. Reb siz bilen bolar».
18 Ýehoşapat ýüzüni ýere berip sežde etdi, tutuş ýahuda we Iýerusalim halky-da Rebbiň öňünde ýüzin düşüp, Oňa sežde etdiler.
19 Lewiler, kohatlar we koralar belent owaz bilen Ysraýyl Hudaýy Rebbe öwgi aýtmak üçin dik durdular.
20 Olar ertesi irden turup, Tekowa çölüne tarap gitdiler. Olar ýola rowana bolanlarynda, Ýehoşapat durup, şeýle diýdi: «Eý, ýahuda we Iýerusalim ilaty, maňa gulak asyň! Hudaýyňyz Rebbe ynanyň, şonda berk durarsyňyz. Rebbiň pygamberlerine ynanyň, şonda işiňiz şowuna bolar».
21 Ýehoşapat halk bilen maslahatlaşandan soň, Rebbiň şanly huzurynda nagma hem öwgi aýdarlary ýaly aýdymçylar belledi. Aýdymçylar goşunyň öňünden gidip baryşlaryna: «Rebbe şükür ediň, çünki Onuň sadyk söýgüsi ebedidir» diýdiler.
22 Olar aýdym aýdyp, alkyşlamaga başlan batlaryna, Reb Ýahudanyň garşysyna gelen ammonlara, mowaplara we Segir dagynyň ilatyna garşy duzak gurdy, olary dowla saldy.
23 Çünki ammonlar we mowaplar Segir dagynyň ilatyna hüjüm edip, olary bütinleý ýok edipdiler. Segir dagynyň ilatynyň soňuna çykandan soň, ammonlar we mowaplar biri-birlerini gyrmaga başladylar.
24 Ýahuda halky çöldäki gözegçilik diňine gelende, uly goşuna tarap seretdiler, maslyklar ýerde pytrap ýatyrdylar. Gaçyp gutulan adam ýokdy.
25 Ýehoşapat bilen onuň adamlary olaryň oljasyny almaga gelenlerinde, olar ummasyz köp mallar, harytlar, egin-eşikler we gymmatbahaly zatlar tapdylar. Olar göterip äkiderden köp olja aldylar, olar olja gaty köp bolandygy üçin, ony üç günläp topladylar.
26 Dördünji gün olar Beraka deresine ýygnanyp, şol ýerde Rebbi alkyşladylar. (Şonuň üçin-de bu dere şu güne çenli hem Beraka deresidir).
27 Onsoň ýahuda we Iýerusalim halky Ýehoşapatyň baştutanlygynda şatlyk bilen Iýerusalime dolanyp geldiler, çünki Reb olara duşmanlarynyň üstünden ýeňiş gazandyrypdy.
28 Olar Iýerusalimdäki Rebbiň öýüne arfadyr barbatlar we surnaýlar bilen geldiler.
29 Rebbiň Ysraýylyň duşmanlarynyň garşysyna eden söweşi barada eşidenlerinde, ähli ýurtlaryň patyşalyklaryna Rebbiň gorkusy indi.
30 Ýehoşapatyň ýurdy asudalykda boldy, çünki Hudaý olara hemme tarapdan asudalyk beripdi.
31 Şeýdip, Ýehoşapat Ýahuda patyşalyk etdi. Ýehoşapat patyşa bolanda otuz bäş ýaşyndady. Ol ýigrimi bäş ýyl Iýerusalimde patyşalyk etdi, onuň ejesiniň ady Azubady. Ol Şilhiniň gyzydy.
32 Ýehoşapat Rebbiň nazarynda dogry işleri edip, kakasy Asanyň ýollaryndan ýöräp, ondan çykmady.
33 Emma Ýahudadaky sežde edilýän ýerler entek hem doly aýrylmandy. Halk entek hem ýüregini ata-babalarynyň Hudaýyna baglamandy.
34 Ýehoşapatyň başdan-aýak eden ähli işleri barada Hananynyň ogly Ýehuwyň işlerinde – Ysraýyl patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr.
35 Ömrüniň ahyrynda Ýahudanyň patyşasy Ýehoşapat pis işleri eden Ysraýyl patyşasy Ahazýa goşuldy.
36 Ýehoşapat Tarşyşa gidýän gämileri ýasamak üçin Ahazýa goşuldy. Olar gämileri Esýongeberde ýasadylar.
37 Onsoň Mareşadan bolan Dodawahunyň ogly Eligezer Ýehoşapata garşy pygamberlik edip: «Ahazýa goşulandygyň üçin Reb seniň ýasan zadyňy ýok eder» diýdi. Gämiler çagşap, olar Tarşyşa gidip bilmediler.