2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36


Bap 34

Ýoşyýa patyşa bolanda sekiz ýaşyndady. Ol Iýerusalimde otuz bir ýyl patyşalyk etdi.
2 Ýoşyýa Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi. Ol saga-sola sowulman, atasy Dawudyň ýollaryndan ýöredi.
3 Ýoşyýanyň patyşalygynyň sekizinji ýylynda, ol entek ýaşka öz atasy Dawudyň Hudaýyny agtarmaga başlady. Patyşalygynyň on ikinji ýylynda Ýoşyýa Ýahuda bilen Iýerusalimi sežde edilýän ýerlerden we Aşera butlaryndan, oýma we guýma butlaryndan arassalamaga başlady.
4 Ýoşyýanyň öňünde Bagal butlarynyň gurbanlyk sypalaryny ýykdylar; olaryň ýokarsynda bolan ýakymly ysly tütetgi ýakylýan sypalary ýumurdylar; Aşera butlaryny, oýma we guýma butlaryny-da bölek-bölek edip, küle öwrüp, ony şu butlara gurbanlyk berýänleriň gabyrlaryna sepelediler.
5 Şeýle hem, Ýoşyýa ruhanylaryň süňklerini öz gurbanlyk berilýän sypalarynda ýakyp, Ýahudany we Iýerusalimi arassalady.
6 Ýoşyýa Manaşe, Efraýym, Şimgon, hatda Naftala çenli bolan şäherlerdäki, olaryň töwereklerindäki harabalyklardaky gurbanlyk sypalaryny ýykdy.
7 Aşera butlaryny we beýleki butlary döwüp kül etdi, bütin Ysraýyldaky ýakymly ysly tütetgi ýakylýan sypalary ýykdy. Soňra ol Iýerusalime dolanyp geldi.
8 Patyşalygynyň on sekizinji ýylynda ýurdy we öýi arassalanyndan soň, Ýoşyýa patyşa Asalýanyň ogly Şapany, şäher häkimi Magaseýany we Ýowahazyň ogly taryhçy Ýowany Hudaýy Rebbiň öýüni bejermäge iberdi.
9 Olar baş ruhany Hilkiýanyň ýanyna gelip, Hudaýyň öýüne getirilen kümüşleri oňa berdiler. Derwezewan lewiler bu kümüşleri manaşe we efraýym halklaryndan, galan ähli ysraýyl halkyndan, bütin Ýahudadan we Benýaminden, Iýerusalim ilatyndan ýygnapdy.
10 Olar kümşi Rebbiň öýüni dikeltmek işine bellenen gözegçileriň we Rebbiň öýüni bejerýän işçilere berdiler.
11 Olar kümşi ýonulan daşlar, agaçlar we Ýahuda patyşalarynyň haraba eden jaýlary üçin pürsler satyn almak üçin agaç we daş ussalaryna berdiler.
12 Bu adamlar işi çyn ýürekden ýerine ýetirýärdiler. Merarynyň neslinden bolan lewi Ýahat bilen Obadýa, Kohadyň neslinden bolan Zakarýa we Meshullam dagylar bularyň üstünden baştutanlyga bellenipdiler. Saz gurallaryna ökde bolan beýleki ähli lewiler ýük daşaýanlara we dürli hyzmatda işleýänlere baştutanlyk etdiler.
13 Kätipler, gözegçiler we derwezebanlar hem lewilerdendi.
14 Rebbiň öýüne getirilen kümşi çykaryp ýörkäler, ruhany Hilkiýa Musanyň üsti bilen berlen Töwrat kitabyny tapdy.
15 Baş ruhany Hilkiýa Şapan kätibe: «Men Rebbiň öýünde Töwrat kitabyny tapdym» diýdi. Hilkiýa kitaby Şapana berdi.
16 Onsoň Şapan kätip patyşanyň ýanyna gelip: «Gullaryň özlerine tabşyrylan bar işi edip ýörler.
17 Olar Rebbiň öýündäki bar kümşi alyp, ony öý işine bellenen baştutanlaryň we işçileriň eline beripdirler» diýip, bar zady patyşa habar berdi.
18 Şapan kätip patyşa: «Hilkiýa ruhany maňa bir kitap berdi» diýdi. Onsoň Şapan kitaby alyp, patyşa sesli okap berdi.
19 Patyşa Töwrat kitabynyň sözlerini eşidende, ýakasyny ýyrtdy.
20 Onsoň patyşa Hilkiýa ruhana, Şapanyň ogly Ahykama, Mikaýanyň ogly Abdona, Şapan kätibe we patyşanyň hyzmatkäri Asaýa şeýle tabşyryk berdi:
21 «Bar-da, meniň üçin Ysraýylda hem Ýahudada galanlar üçin bu tapylan kitapdaky aýdylýan sözler barada Rebden soraň, çünki Rebbiň bize garşy lowlaýan gazaby gaty güýçlüdir. Biziň atalarymyz bu kitapda ýazylan ähli sözlere görä Rebbiň sözüni berjaý etmediler».
22 Şeýdip, Hilkiýa ruhany we patyşanyň onuň bilen iberen adamlary eşik sakçysy Hasranyň agtygy, Tokatyň ogly Şallumyň aýaly Hulda zenan pygamberiň ýanyna gelip, oňa bu barada gürrüň berdiler. Hulda pygamber Iýerusalimiň täze bölüminde ýaşaýardy.
23 Hulda olara: «Ysraýyl Hudaýy Reb sizi meniň ýanyma iberen adama şeýle diýýär:
24 „Men Ýahuda patyşasynyň öňünde okalan bu kitapda ýazylan ähli lagnatlara görä, hökman bu ýeriň we bu ýerde ýaşaýanlaryň başyndan betbagtçylyk indererin.
25 Olaryň Meni terk edip, başga hudaýlara ýakymly ysly tütetgi ýakyp, öz pis işleri bilen Meniň gaharymy getirendikleri üçin, Meniň bulara garşy gaharym tutaşar, ol hiç haçan sönmez“.
26 Emma Ysraýyl Hudaýy Reb Özünden soramak üçin şu ýere ýollan Ýahuda patyşasyna onuň eşiden sözleri barada şeýle diýýär:
27 „Meniň bu ýere we onuň ilatyna garşy aýdan sözlerimi eşideniňden soň, seniň ýüregiň ýumşaşdy hem özüňi Hudaýyň öňünde kiçeltdiň, ýakaňy ýyrtyp, Öňümde dady-perýat etdiň. Şonuň üçin hem, Men seniň dilegiňi eşitdim.
28 Men seni atalaryň ýanyna ýygnaryn, sen-de asudalyk bilen öz gabryňa girersiň. Meniň bu ýere getirjek betbagtçylygymy sen görmersiň“». Olar bu habary patyşa ýetirdiler.
29 Onsoň Ýoşyýa patyşa adam iberip, Ýahudanyň we Iýerusalimiň ýaşulularynyň baryny öz ýanyna ýygnady.
30 Ýoşyýa patyşa, tutuş ýahuda halky, Iýerusalimiň bar ilaty, ruhanylar, lewiler, uludan-kiçä ähli halk bilen bile Rebbiň öýüne gitdiler. Patyşa Rebbiň öýünden tapylan Äht kitabyndaky sözleri olara sesli okap berdi.
31 Ýoşyýa patyşa öz ýerinde durup, Rebbiň tabşyryklaryny, permanlaryny, parzlaryny bütin kalby bilen, bütin jany-teni bilen berjaý edip, Rebbiň yzyna eýerjekdigine hem-de şu kitapda ýazylan äht barada aýdylan sözleri berjaý etjekdigi hakda Rebbiň huzurynda Onuň bilen äht edişdi.
32 Ýoşyýa Iýerusalimde we Benýaminde bolanlaryň baryna bu ähti saklajakdyklary barada kasam etdirdi. Iýerusalimiň ilaty Hudaýyň, atalarynyň Hudaýynyň ähtine görä hereket etdiler.
33 Ýoşyýa Ysraýyl topragyndaky ysraýyllara degişli bolan ýigrenji zatlaryň baryny ýok edip, Ysraýylda bolanlaryň hemmesine özleriniň Hudaýy Rebbe ybadat etmekligi buýurdy. Ýoşyýanyň ýaşan döwründe olar atalarynyň Hudaýy Rebbiň ýoluna eýermekden dönmediler.