Bap 99
Reb höküm sürýär, halklar, goý, galpyldasyn! Ol keruplar arasynda tagt gurup otyr, goý, ýer titresin!
2 Reb Siýonda beýikdir, ähli halklardan beýgeldilendir.
3 Goý, olar öwsünler Seniň beýik, gorkunç adyňy, Sen – mukaddes hem-de gudratly!
4 Sen adalaty söýýän Patyşa: ýüz görmezligi, adalaty, dogrulygy berkarar etdiň; bulary Ýakup neslinde Sen amal etdiň.
5 Hudaýymyz Rebbi beýgeldiň, Onuň aýagyna ýykylyp, siz sežde ediň: mukaddesdir Ol!
6 Ruhanylarynyň arasynda Musa, Harun bar, Onuň adyny çagyrýanlaryň arasynda Şamuwal hem bar. Olar Rebbe doga etdiler, Ol jogap berdi.
7 Ol olara bulut sütüninden gürledi, olar Onuň beren düzgünini, parzlaryny saklady.
8 Eý, Hudaýymyz Reb, Sen jogap berdiň. Sen etmişleri üçin jeza berseň-de, olar üçin bagyşlaýjy Hudaý bolansyň.
9 Hudaýymyz Rebbi beýgeldiň, Onuň mukaddes dagynda siz sežde ediň. Mukaddesdir Hudaýymyz Reb!