Bap 21
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.Ýa Reb! Patyşa Seniň kuwwatyňa şatlanýar, halas edendigiňe biçak begenýär.
2 Ýürek arzuwlaryny Sen oňa berdiň; diliniň dilegini Sen ret etmediň.
3 Bol bereketleriň bilen Sen garşy aldyň, başyna sap altyndan jyga geýdirdiň.
4 Ol Senden ömür diledi, Sen oňa berdiň ebedilik, müdimilik bir ýaşy.
5 Seniň ýeňşiň bilen beýik onuň şöhraty, Sen hormat bilen dabara beslediň ony.
6 Sen oňa ebedi bereket berýäň, huzuryňdaky şatlyk bilen ony şat edýäň.
7 Çünki Rebbe bil baglaýar patyşa, Beýik Hudaýyň wepaly söýgüsi arkaly ol sarsdyrylmaz.
8 Seniň eliň tapar ähli duşmanlaryňy, Seniň goluň – Seni ýigrenýänleri.
9 Seniň huzuryň peýda bolanda, olary edersiň otly tamdyr deý; Reb ýuwdar olary Öz gaharynda; ot hem ýalmap iýer olary.
10 Ýer ýüzünden ýok edersiň nesillerini, ynsanlar arasyndan – zürýatlaryny.
11 Saňa garşy erbet niýet edäýseler hem, dildüwşük guraýsalar hem – üstün çykmazlar.
12 Çünki ýüzlerine peýkamlary çenemek bilen Sen olary yzlaryna öwrersiň.
13 Ýa Reb, beýgel Sen Öz kuwwatyňda, biz Seniň güýjüň barada nagma aýdyp, alkyş aýdarys.