Bap 148
Rebbe şan-şöhrat bolsun! Göklerden Rebbi şöhratlandyryň, belentliklerde Ony şöhratlandyryň!
2 Eý, ähli perişdeleri, Ony şöhratlandyryň! Eý, ähli gögüň goşunlary, Ony şöhratlandyryň!
3 Eý, Gün we Aý, Ony şöhratlandyryň! Eý, ähli nurly ýyldyzlar, Ony şöhratlandyryň!
4 Eý, gökleriň gökleri, eý, gökleriň üstündäki suwlar, Ony şöhratlandyryň!
5 Goý, olar Rebbi şöhratlandyrsyn! Çünki Ol buýurdy, olar emele geldi.
6 Reb olary baky, müdimi berkarar etdi, hiç üýtgemejek bir parzy berdi.
7 Eý, zeminde ýaşaýanlar, Rebbi şöhratlandyryň: eý, deňiz läheňleri, çuňluklaryň ählisi,
8 eý, ot we doly, gar we duman, Onuň sözüni berjaý edýän tupan ýelleri,
9 eý, daglar we baýyrlaryň ählisi, miweli agaçlar, kedr daragtlaryň ählisi,
10 eý, haýwanlar we ähli mal-gara süýrenijiler we guşlar,
11 eý, ýer ýüzüniň şalary, ähli halky, şazadalar, dünýäniň ähli hökümdarlary,
12 eý, ýaş gyzlar hem-de ýigitler, ýaşulular hem-de çagalar.
13 Goý, olar Rebbiň adyny şöhratlandyrsyn, çünki diňe Onuň ady beýgeldilendir, Onuň şan-şöhraty ýerden-gökden belentdir.
14 Ol Öz halkynyň kuwwatyny artdyrdy, şoňa görä, eý, Onuň ähli sadyklary, Oňa ýakyn bolan ysraýyl halky, Rebbe şan-şöhrat bolsun!