Bap 37
Erbet iş edýänlere janyňy ýakma, naýynsaplara höwesli bakma.
2 Çünki olar tiz wagtda ot kimin gurar, gök ösümlik kimin saralyp solar.
ב
3 Rebbe bil bagla, et sen ýagşylyk, ýurtda ýaşap, ýaýna asudalykda.
4 Rebden teselli tap, ýürek arzuwlaryňy Ol hasyl eder.
ג
5 Ýoluňy Rebbe tabşyr, Oňa bil bagla, şonda Ol saňa hemaýat berer.
6 Nur deý ýalpyldadar dogrulygyňy, günorta çagy deý – haklylygyňy.
ד
7 Ümsüm bol Rebbiň öňünde, Oňa sabyrly garaş, ýoly rowaç betniýete höwesli bakma.
ה
8 Gahardan saklan, gazaby taşla, aladaçyl bolma: ol şere elter.
9 Çünki kesilip taşlanar erbetlik edýänler, Rebbe intizarlar ýeri miras alarlar.
ו
10 Az-kem sabyr et, erbetler ýok bolarlar, ýerlerine göz aýlarsyň, ýöne tapmarsyň.
11 Päli pes adamlar bolsa ýeri miras alarlar, abadançylykda ýaşap, hezil ederler.
ז
12 Erbet dogry adama hyýanat edýär hem-de oňa dişlerini gyjaýar.
13 Taňry bolsa onuň üstünden gülýär, çünki onuň wagtynyň dolýandygny görýär.
ח
14 Garyp bilen mätäji ýere çalmaklyk üçin, dogry ýoldan barýanlary öldürmek üçin, erbet adamlar gylyç syryp, ýaýyny gurýar.
15 Emma gylyçlary öz ýüreklerine sanjylar, olaryň ýaýlary hem kül-owram bolar.
ט
16 Dogry ynsanyň az zady ähli erbetleriň baýlygyndan ýagşydyr.
17 Çünki erbetleriň gollary döwler, ýöne Reb dogrulary söýgetlär.
י
18 Reb kämilleriň günlerini bilýändir, olaryň mirasy ebedi galar.
19 Olar ýaman wagty utandyrylmaz, dok bolarlar açlyk döwründe.
כ
20 Emma erbetler heläk bolarlar, Rebbiň duşmanlary örüleriň gözelligi deý ýitip giderler, gaýyp bolarlar, tüsse içinde sumat bolarlar.
ל
21 Erbet adam karz alyp, yzyna bermez, dogry ynsan bolsa jomart we eli açyk.
22 Çünki Onuň ýalkanlary ýeri miras alarlar, Onuň garganlary bolsa gyrlyp ýok bolarlar.
מ
23 Reb dogrynyň gadamyny berkarar edýär, Ol onuň ýolundan göwnühoş bolýar.
24 Ýykylmaz bu ynsan büdräýende hem, çünki Reb onuň elinden tutýar.
נ
25 Ýaş ýigitdim, indi garradym, ýöne dogry ynsanyň terk edilenini ýa zürýadynyň çörek dilenenini heniz görmedim.
26 Elmydama eli açyk hem-de karz berýär; olaryň neslinden ýalkynyş geler.
ס
27 Şer işden gaça dur hem et ýagşylyk – baky ýaşarsyň.
ע
28 Çünki Reb adalaty söýýändir, sadyk ynsany Ol terk edýän däldir; dogry ynsan baky goralar, ýöne erbetleriň zürýatlary gyrlyp ýok bolar.
29 Dogry ynsanlar ýeri miras alarlar hem-de onda baky mesgen tutarlar.
פ
30 Dogry adamyň agzy danalygy sözleýär, onuň dili adalaty beýan eýleýär.
31 Onuň ýüregindedir Hudaýyň kanuny, taýýan däldir onuň aýagy.
צ
32 Erbet dogry ynsany aňtaýar, ony öldürmäge pursat peýleýär.
33 Ýöne Reb dogry ynsany erbediň eline bermez; kaza getirilende, ony aýyply çykarmaz.
ק
34 Rebbe umyt bagla, Onuň ýoluny sakla, Ol hem ýeri miras almagyň üçin seni beýgelder; sen erbetleriň ýok edilenini görersiň.
ר
35 Men yzgytsyz erbet adamyň çynar dek gögeren ýerinde ýaýrap oturanyny gördüm.
36 Birdenkä ol gaýyp boldy-da gitdi; men ony gözledim, emma tapmadym.
שׁ
37 Kämil ynsany synla, dogry adama seret. Parahat ynsanyň gelejegi bar.
38 Emma günäliler bütinleý weýran ediler; erbetleriň gelejegi ýok bolar.
ת
39 Reb dogry ynsanlary halas edýändir, muşakgatlykda olara pena bolýandyr.
40 Reb olara kömek berer we halas eder; olary erbetlerden gutarar we halas eder, çünki olar Ony pena tutunýar.