Bap 59
Eý, Hudaýym, halas et meni ýagylarymdan, gora meniň garşyma baş galdyrýanlardan.
2 Ýamanlyk edýänlerden Sen meni gutar, ganhorlardan meni halas et.
3 Ine, olar meni öldürmek üçin bukuda ýatýar, güýçlüler maňa garşy dil birikdirýär, ýogsa ýazygym-da, günäm-de ýok, ýa Reb!
4 Etmişim bolmasa-da, maňa hüjüm etmäge olar howlugýar, maňa kömek etmek üçin oýan we seret!
5 Eý, Hökmürowan Beýik Hudaý, Sen Ysraýylyň Hudaýy! Galk Sen ähli milletlere jeza bermeklik üçin, haýyn betpälleriň hiç birine Sen rehim etme. Sela
6 Olar her gün agşam yzlaryna dolanýar, itler dek uwlaşyp, şäherde sümsünip ýörýär.
7 Ine, olar agyzlaryndan erbetlik saçýar, dilleri ajylyk pürkýär. Olar: «Kim eşider?» diýip oýlaýar.
8 Emma Sen, ýa Reb, olaryň üstünden gülýäň, ähli milletleri masgaralaýaň.
9 Eý, Güýjüm, men Saňa intizardyryn, eý, Hudaý, Sen – meniň berkitmäm.
10 Hudaýym wepaly söýgüsi bilen meni garşylar, maňa duşmanlarymyň ýeňlişini görkezer.
11 Eý, galkanymyz Taňry! Olary öldürme, ýogsa halkym unudar, olary Öz gudratyň bilen dargat-da, dyzyna çöker.
12 Olar agyzlarynyň günäsi üçin, dilleriniň sözleri üçin, aýdýan gargyşlary, ýalan sözleri üçin, tekepbirliklerine, goý, özleri çolaşsyn.
13 Sen gazabyňda ýok et olary, tä tükenýänçäler ýok et olary. Goý, mälim bolsun: Hudaý Ysraýylyň we tutuş ýer ýüzüniň Hojaýynydyr. Sela
14 Olar her gün agşam yzlaryna dolanýar, itler dek uwlaşyp, şäherde sümsünip ýörýär.
15 Olar iýmit gözläp eýläk-beýläk urunýar, garynlary doýmasa, hyňranyşýar.
16 Men bolsa Seniň gudratyň hakda nagma aýdaryn, ir säherde wepaly söýgiň hakda nagma aýdaryn. Çünki Sen maňa berkitme bolduň, muşakgatly günde Sen penam bolduň.
17 Eý, Güýjüm, men Saňa nagma aýdaryn, çünki, eý, Hudaý, meniň berkitmäm – Sensiň. Sen meni wepalylyk bilen söýýän Hudaýsyň.