Bap 62
Diňe Hudaýda ynjalýar janym, Hudaýdandyr meniň gutulyşym.
2 Ol – ýeke-täk gaýam hem gutulyşym, meniň berkitmäm: ýykylmaryn men.
3 Ýalňyz bir ynsana garşy çykýar köpsanly duşman: olaryň bary meni öldürmegi niýet edinýär, men olar üçin gyşyran diwar, çagşan haýat dek.
4 Olaryň bar niýeti–meni beýiklikden pese düşürmek; olar ýalan sözlemekden lezzet alýarlar, agyzlary bilen ak pata berýärler, ýüreklerinde bolsa näletleýärler. Sela
5 Diňe Hudaýda ynjalýar janym, Hudaýdadyr meniň umydym.
6 Ol–ýeke-täk gaýam hem gutulyşym, meniň berkitmäm: yranmaryn men.
7 Hudaýdadyr gutulyşym hem-de şöhratym, Hudaýdadyr mäkäm gaýam we meniň penam.
8 Eý, halk, elmydama Oňa bil baglaň; ýüregiňizi Onuň öňünde döküň, çünki Hudaýdyr biziň penamyz. Sela
9 Ynsanlar biderek zatdyr, ynsan ogullary bir ýalan zatdyr. Olaryň hemmesini terezä goýsaň, howadan hem ýeňil bolar olaň agramy.
10 Talaňçylyga siz bil baglamaň, ogurlyga umyt baglamaň, baýlyk artsa, oňa kalbyňyz bermäň.
11 Hudaý maňa aýtdy, men gaýta-gaýta eşitdim muny: gudrat – Hudaýdadyr.
12 Ýa Taňry, wepaly söýgi Seniňkidir, Sen her kese edenine görä öwezini gaýtarýarsyň.