Bap 31
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.Ýa Reb, men Seni pena edinýärin, meni hiç haçan utanja goýma; dogrulygyň bilen halas et meni.
2 Maňa gulak goý, tiz ýetiş meniň dadyma; bol Sen meni penalaýan bir gaýa, halas bolmagym üçin bir mäkäm gala.
3 Çünki meniň gaýam hem galam Sensiň; Öz adyň hatyrasyna ýol görkez maňa, meni ugrukdyr.
4 Maňa gurlan tordan Sen meni çykar, çünki Sen meniň penamsyň.
5 Seniň eliňe tabşyrýaryn men öz ruhumy; meni halas etdiň, ýa Reb, hakykatyň Hudaýy.
6 Ýigrenýärin dereksiz butlara sygynýanlary; men diňe Rebbe baglaýan bili.
7 Begenip şatlanaryn wepaly söýgiňe, çünki Sen muşakgat halymy gördüň, janymyň çekýän derdini bildiň;
8 tabşyrmadyň meni duşman eline; duruzdyň aýaklarymy giň ýerde.
9 Ýa Reb, maňa merhemet eýle, sebäbi men hasrat içinde; gaýgy-gamdan ýaňa gözüm küteldi; meniň janym hem-de bagrym gurady.
10 Ömrüm soňlanyp barýar gam-gussa bilen; ýyllarym-da dat-perýat bilen; günäm zerarly kuwwatym gaçdy hem-de meniň süýeklerim gurady.
11 Ýüzügara boldum ähli ýagylaryma, ylaýta-da öz goňşularyma; betnyşan boldum men tanyşlaryma; köçede görýänler menden gaçýarlar.
12 Merhum dek unudyldym men; bir döwlen küýzä öwrülendirin.
13 Çünki köpleriň ýamanlamasyny eşidýän, maňa garşy dildüwşük guranlarynda, janyma kast etmekçi bolanlarynda, töwerek-daşymy gorky gaplaýar.
14 Emma, ýa Reb, Saňa bil baglaýan; Men diýýän: «Sensiň meniň Hudaýym».
15 Ömrümiň günleri Seniň eliňde; halas et meni ýagylarymyň hem-de meni yzarlaýanlaryň elinden.
16 Saç ýüzüňiň nuruny bendäň üstüne; wepaly söýgiň bilen meni halas et.
17 Ýa Reb, meni utanja goýma, çünki Seni çagyrýaryn men; goý, erbetler utanja galsyn; ölüler dünýäsine inip, goý, olar dymsyn.
18 Tekepbirlik hem-de kemsitme bilen dogry ynsana sögýän ýalan diller lal bolsun.
19 Seniň ýagşylygyň neneňsi uly! Özüňden gorkýanlar üçin saklaýaň ony; adamzat öňünde Saňa bil baglaýanlara edýärsiň Sen bu ýagşylygy.
20 Sen ynsan dildüwşüklerinden olary Öz huzuryň saýasynda gizleýäň; dilleriň dawalaşmagyndan çadyryň howpsuzlygynda saklaýaň.
21 Rebbe alkyş bolsun! Çünki Ol daşy gabalan şäherde maňa ajaýyp söýgüsini görkezdi.
22 Öz howsalamda şeýle oýladym: «Men Seniň nazaryňdan taşlandym». Ýöne Saňa perýat eden wagtymda Sen dady-perýatlarymy eşitdiň.
23 Eý, Rebbiň ähli sadyklary, söýüň siz Ony! Reb goraýar Özüne wepadarlary, doly jeza berýär tekepbirlik edýäne.
24 Eý, Rebbe umyt baglaýanlaryň bary, batyr boluň, kuwwatlansyn ýürekleriňiz!