Bap 68
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Nagma.Hudaý galkar, duşmanlary dargadar, Ony ýigrenýänler öňünden gaçar.
2 Sen olary dagadarsyň tüssäniň dagaýşy kimin, mumuň otda ereýşi kimin. Hudaýyň öňünden erbetler ýok bolar.
3 Dogry adamlar bolsa şadyýan bolar, Hudaýyň öňünde şatlykdan joşup gygyrar, begençden ýaňa heşelle kakar.
4 Siz Hudaýa nagmalar aýdyň, Onuň adyna öwgüler aýdyň. Bulutlara atlanyp Barýany arşa çykaryň, Onuň ady – Reb. Onuň öňünde heşelle kakyň.
5 Mukaddes mesgeninde ýaşaýan Hudaý – ýetimleriň atasy, dul hatynlaryň hossary.
6 Hudaý ýalňyzlary öýli-işikli edýär, tussaglary azatlyga çykarýar; pitneçiler bolsa jöwzaly ýerde ýaşaýar.
7 Eý, Hudaý, Sen halkyňa öňbaşçylyk edeňde, çöl-beýewanda gadam uraňda,
8 Hudaýyň, Sinaýdakynyň öňünde – Ysraýyl Hudaýynyň öňünde zemin titräp, göklerden ýagyş guýuldy.
9 Eý, Hudaý, Sen bolelin ýagyş ýagdyrdyň, saýlan topragyň tapdan düşende, oňa güýç berdiň.
10 Seniň halkyň şol toprakda ýaşady. Eý, Hudaý, Öz ýagşylygyň sebäpli Sen ony mätäçlere taýynlap goýduň.
11 Taňry buýruk berýär; ony jar edýän aýallar – ägirt bir goşun.
12 Olar şeýle diýýär: «Goşunlaryň şalary gaçýar, ökje göterýär!» Öýde galan aýallar bolsa olja paýlaşýar.
13 Olar ganatlary kümşe, ýelekleri sap altyna gaplanan kepderä meňzär. Eý, erkekler, jeň-söweş güni näme üçin ýatyrsyňyz agylda?
14 Gudratygüýçli Salmon dagynda duşman şalary garly harasat kimin dargatdy.
15 Eý, Başan dagy, Hudaýyň dagy, çür başlary köp bolan, eý, Başan dagy!
16 Eý, çür başlary köp bolan daglar! Hudaýyň Öz mesgeni edip saýlan dagyna, ebedi mesgen tutjak dagyna neçün göriplik bilen seredýärsiňiz?
17 Hudaýyň uruş arabalary sanardan köpdür, olaryň sany müňlerçe müňler. Taňry olaryň arasyndadyr, Ol Sinaý dagyndan mukaddes öýüne geldi.
18 Sen ýokary belentlige çykanyňda, ýesirleri Öz yzyňa düşürdiň. Ynsanlardan, hatda bitabynlardan Sen, ýa Beýik Hudaý, paç-hyraç aldyň; Sen indi biziň aramyzda ýaşarsyň.
19 Taňra alkyş bolsun! Ol her günki ýükümizi göterýär. Hudaý bizi halas eýleýär. Sela
20 Hudaýymyz–halas eýleýän Hudaý, Hökmürowan Reb – ölümden gutaryp bilýär.
21 Emma Hudaý duşmanlarynyň kellelerini, günäden el çekmeýänleriň uzyn saçly başlaryny kül-owram eder.
22 Taňry şeýle diýdi: «Aýagyňy duşman ganyna batyrar ýaly, itleriň-de ondan öz paýyny ýalary ýaly,
23 olary Başandan yzyna dolap, deňiz çuňlugyndan alyp çykaryn».
24 Eý, Hudaý, Seniň ýörişiň – Hudaýym – Patyşamyň mukaddes öýüne gelşi görünýär:
25 öňden bagşylar, sazandalar–olaň yzyndan, deprek çalýan gyzlar aralarynda:
26 Olar şeýle diýýär: «Eý, siz, Ysraýylyň bilinden önenler! Uly jemagatda Rebbe alkyşlar aýdyň».
27 Öňden iň kiçileri bolan Benýamin barýar, mähellede Ýahudanyň şazadalary bar, Zebulun we Naftaly şazadalary bar,
28 Hudaý öňden belläpdi güýç-kuwwatyňy, eý, Hudaý, biziň üçin edenleriňi Sen berkit!
29 Iýerusalimdäki ybadathananyň hatyrasyna milletleriň şalary Saňa sowgat getirýär.
30 Bu duşman milletlere temmi ber, olar gamyşlykdaky ýekegapanlar ýaly, sygyrlara aralaşan öküzler ýaly. Boýun egdir milletleri, goý, olar bize salgyt tölesin; uruşdan lezzet tapýan halklary dargat!
31 Müsürden bürünçden ýasalan zatlar, goý, getirilsin, Hudaýa sowgat getirmek üçin Efiýop ýurdy, goý, alňasasyn.
32 Eý, ýer ýüzündäki şalyklar! Hudaýa nagmalar aýdyň, Taňra, ezelden bar bolan göge Münýäne, alkyşlar aýdyň.
33 Diňläň, ine, Ol sesi, gudratly sesi bilen seslenýär.
34 Ykrar ediň: Güýç Hudaýyňkydyr, Onuň belentligi Ysraýylyň üstündedir, Onuň gudraty gökler üstündedir!
35 Hudaý Öz mukaddes öýünde wehimlidir. Ysraýyl Hudaýy Öz halkyna güýç, kuwwat berýär. Alkyş bolsun, alkyş bolsun Hudaýa!