Bap 26
Meni akla, ýa Reb, çünki aýypsyz gezdim, bil bagladym Rebbe, yranmaryn men.
2 Meni barla, ýa Reb, hem meni derňe, meniň pikirlerimi, ýüregimi syna.
3 Çünki söýgiň gözlerimiň alnynda, gezdim men Seniň wepalylygyňda.
4 Bolgusyzlar bilen men oturmaýaryn, ikiýüzlülere ýaran bolmaýaryn.
5 Betkärleriň üýşmeleňini ýigrenýärin; erbetleriň ýanynda oturmaýaryn.
6 Ellerimi ýuwup ýazyksyzlykda, aýlanyp gurbanlyk sypaň daşyndan, ýa Reb,
7 Saňa şükür nagmasyny aýdýaryn; ähli gudratly işleriňi mälim edýärin.
8 Ýa Reb, söýýärin mesgen tutan öýüňi hem-de Seniň şöhratyňyň ýaşalgasyny.
9 Günäkärleriňki bilen bile alma meniň janymy, ganhorlaryňky bilen bile – meniň ýaşaýyşymy.
10 Olaryň elinde haýynlyk bardyr; gollary para-peşgeşden doludyr.
11 Men bolsa gezýärin aýypsyzlykda, meni halas et, maňa merhemet eýle.
12 Tekiz ýerde dur meniň aýagym, Rebbe alkyş aýtjak men jemagatda.