Bap 29
Reb barada aýdyň, eý, ylahy barlyklar, Rebbiň şöhratlydygy, kuwwatlydygy barada aýdyň.
2 Rebbiň adyny mynasyp şöhratlandyryň; şanly mukaddesliginde Oňa siz sežde ediň.
3 Rebbiň sesi suwlaryň ýüzünde, Hudaýyň şöhraty gümmürdeýär, Reb ummasyz suwlardan üstündir.
4 Rebbiň sesi kuwwatlydyr, Rebbiň sesi şan-şöhratlydyr.
5 Rebbiň sesi kedr agaçlaryny döwýär, Reb Liwan kedrlerini owradýar.
6 Ol Liwan dagyny göle deý, Sirýon dagyny-da ýabany öküzçe deý bökdürýär.
7 Rebbiň sesi ýyldyrymlar çakdyrýar.
8 Rebbiň sesi çöli sarsdyrýar, Reb Kadeş çölüni sarsdyrýar.
9 Rebbiň sesi keýikleri guzladýar, tokaýlary ýalaňaçlaýar; Onuň ybadathanasynda hemmeler «Hudaýa şöhrat!» diýýär.
10 Reb siliň ýokarsynda tagt gurup oturýar. Reb Şa hökmünde baky oturýar.
11 Goý, Reb Öz halkyna güýç-kuwwat bersin hem-de ony parahatlyk bilen ýalkasyn!