Bap 86
Ýa Reb, gulak goý, maňa jogap ber, çünki men garyp we mätäçdirin.
2 Janymy gora, men Saňa sadyk, Özüňe bil baglaýan bendäňi Sen halas eýle; meniň Hudaýym Sensiň.
3 Ýa Taňry, maňa merhemet eýle, men uzakly gün Saňa perýat edýärin.
4 Sen şatlandyr Öz bendäňiň kalbyny, çünki Saňa, eý, Taňry, tabşyrýaryn janymy.
5 Ýa Taňry, Sen ýagşy we geçirimli, Seni çagyrýanlaryň baryna eçilýärsiň wepaly söýgiňi.
6 Ýa Reb, gulak goý meniň dogama, dykgat ber perýadymyň dat-bidadyna.
7 Muşakgatly günümde çagyrýan Seni, çünki Sen berersiň maňa jogaby.
8 Ýa Taňry, hudaýlar arasynda Sen kimin ýokdur, Seniň işleriňe taý geljek ýokdur.
9 Ýa Taňry, ýaradan milletleriň ählisi gelip, Seniň gaşyňda sežde ederler, Seniň adyňa şöhrat aýdarlar.
10 Çünki Sen beýiksiň, ajaýyp işleri edýän hem Sensiň, diňe Sensiň – ýeke-täk Hudaý.
11 Ýa Reb, hakykatyňda gezerim ýaly, maňa öwret Sen Öz ýoluňy. Seniň adyňdan gorkarym ýaly, Özüňe bagla meniň ýüregimi.
12 Ýa Taňry, meniň Hudaýym, tutuş kalbym bilen Saňa şükür edýärin, Seniň adyňy elmydama taryp ederin.
13 Çünki maňa bolan wepaly söýgiň beýikdir, Sen janymy ölüler dünýäsinden halas eýlediň.
14 Eý, Hudaý, tekepbirler garşyma galýar, zalymlar topary meni öldürjek bolýar, olar Sen barada hiç oýlanmaýar.
15 Sen bolsa, ýa Taňry, rehimdar, merhemetli Hudaýsyň, Sen giň göwünli, söýgä, wepadarlyga baýsyň.
16 Maňa nazar sal-da, merhemet eýle, gujur-gaýratyňdan ber Öz bendäňe, keniziňiň ogluny Sen halas eýle.
17 Öz hoşamaýlygyňdan bir nyşan görkez, meni ýigrenýänler ony görüp, utanja galsyn. Sebäbi, ýa Reb, Sen kömek etdiň, Sen maňa göwünlik berdiň.