Bap 27
Reb – nurum hem Halasgärim, men kimden heder edeýin? Reb ömrümiň penasy: men kimden wehim edeýin?
2 Betkärler: duşmanlarym hem ýagylarym töhmetleri bilen maňa hüjüm edende özleri büdreýär hem-de ýykylýar.
3 Bir goşun meni gabasa – ýüregim sarsmaz, maňa garşy uruş tursa-da, umytdan düşmerin.
4 Rebden bir zat diledim, islegim şudur: Rebbiň öýünde ömürboýy ýaşamak, Rebbiň gözelligini höwes bilen synlamak, Onuň ybadathanasynda doga-dilegler etmek.
5 Çünki Ol muşakgatlyk wagtynda meni gorar Öz penasynda hem-de gizlär Öz çadyrynda; Ol gaýanyň üstüne meni galdyrar.
6 Indi meniň ýeňişli başym meni gurşan duşmanlarymyň depesinden garaýar. Şadyýanlyk şowhunyny Onuň çadyrynda hödür ederin; Rebbe nagma aýdyp, owaz ederin.
7 Ýa Reb, dat-perýatly sesimi eşit; merhemet eýle-de, maňa jogap ber.
8 «Onuň ýüzüni agtar» diýýär ýüregim. Ýa Reb, Seniň ýüzüňi agtarýaryn men.
9 Sen gizleme menden ýüzüňi, gazabyňda kowma Sen Öz guluňy; Sen maňa kömekçi bolduň; meni taşlama hem-de terk etme, eý, Halasgär Hudaýym meniň!
10 Hatda ata-enem terk edäýse-de, Reb men barada alada eder.
11 Ýa Reb, maňa ýoluňy öwret hem-de duşmanlarym zerarly, meni düz ýodadan alyp git.
12 Duşmanlarymyň eline meni tabşyrma, çünki ýalan şaýatlar çykdy garşyma, olar zalymlygyny pürkýärler maňa.
13 Ýöne diriler ýurdunda Reb ýagşylygyny görjekdigime ynanýaryn men.
14 Rebbe umyt bagla; mert bol, goý, güýçlensin seniň ýüregiň; Rebbe umyt bagla.