Bap 42
Saz ýolbaşçysyna. Koragyň nesilleriniň maskili.Keýigiň akar suwlary küýseýşi kimin, eý, Hudaý, janym Seni küýseýär!
2 Hudaýa, diri Hudaýa teşnedir janym, haçan görerkäm men Hudaýyň ýüzün.
3 Diýenlerinde dyngysyz: «Hany Hudaýyň?» gözýaşlarym ýeke-täk azygym boldy.
4 Men ýörärdim jemagat bilen, baýram edýän halky äkiderdim Hudaý öýüne; olar şatlanyp, nagma aýdardy. Şu zatlary ýatlan wagtymda küýsemeden para-para bolýar ýüregim.
5 Eý, janym, sen näme üçin gamlanýaň? Näme üçin sen içimde yňranýaň? Umydyňy Hudaýa bagla, men ýene öwgi aýdaryn Oňa – Halas edýän öz Hudaýyma.
6 Eý, Hudaýym, içimde janym gamlanýar, munuň üçin Iordan topragynda, Hermon hem-de Mizar dagynda Seni ýatlaýan.
7 Çuňluk çuňluga gygyrýar, şaglawuklaryňyň owazy bilen. Seniň ähli tolkunlaryň, silleriň kimin muşakgatlar meniň başymdan geçdi.
8 Reb gündiz wepaly söýgüsini görkezýär, gijelerine men Oňa nagma aýdýaryn – ömrümiň Hudaýyna doga edýärin,
9 Gaýam–Hudaýyma şeýle diýýärin: Näme üçin meni unutdyň? Duşman meni gysan wagtynda näme üçin gam-gussaly gezmeli?
10 Duşmanlarym günde: «Hudaýyň nirede?» diýýär, kemsitme arkaly süňklerimi kül-owram edýär.
11 Eý, janym, sen näme üçin gamlanýaň? Näme üçin sen içimde yňranýaň? Umydyňy Hudaýa bagla, men ýene öwgi aýdaryn Oňa – Halasgärime we Hudaýyma.