Bap 70
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Ýatlanma dilegi.Eý, Hudaý, meni halas etmegi niýetiňe sal; ýa Reb, tiz ýetiş meniň dadyma.
2 Janyma kast edýänleriň hemmesi, goý, utanja galsyn, ýüzi gyzarsyn; başyma gelen külpetlere şat bolýanlar, yzyna öwrülip, masgara bolsun.
3 Maňa «haý, haý!» diýýänler, utançlaryndan ýaňa, goý, dowla düşsün.
4 Seni agtarýanlaryň bary Sende begenip, şadyýan bolsun; «Hudaý beýikdir!» diýip, halas edişiňi söýýänler dyngysyz aýtsyn.
5 Men bolsa garyp we mätäç, ýöne Reb maňa gamhorlyk eder; Sensiň kömegim hem Halasgärim, eglenme, eý, meniň Hudaýym!