Bap 81
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Gititde. Asafyň mezmury.Kuwwatymyz bolan Hudaýa nagmalar aýdyň, Ýakubyň Hudaýyna joşup heşelle kakyň.
2 Mukama başlaň: deprek, hoş owazly kinory, arfany çalyň.
3 Täze Aý, dolan Aý wagtynda, baýram günümizde surnaýlar çalyň.
4 Çünki bu – Ysraýylyň parzlary, Ýakup Hudaýynyň beren adalatly hökümleri.
5 Ýusup nesli Müsürden çykyp gaýdanda, Hudaý muny oňa düzgün hökmünde berdi. Men bir nätanyş diliň owazyny eşitdim:
6 «Men gerşiňi dyndyrdym ýükden, seniň elleriň halas boldy sebetden.
7 Muşakgat içinde çagyrdyň, seni halas eýledim, gök gürrüldisinden Men jogap berdim. Meribanyň boýunda seni synadym. Sela
8 Diňle, eý, halkym, habardar edeýin seni: eý, Ysraýyl, wah, diňlän bolsadyň Meni!
9 Ýat hudaý araňyzda bolmasyn, keseki hudaýa sežde etmegin.
10 Men – Reb, seniň Hudaýyň, çykardym Men seni Müsür ýurdundan. Agzyňy giňden aç, ony dolduraýyn.
11 Emma halkym sesime gulak asmady, Ysraýyl Maňa tabyn bolmady.
12 Şonuň üçin niýetlerine görä ýaşasyn diýip, Men olary kesir ýüreklerine tabşyrdym.
13 Wah, halkym Maňa gulak asan bolsady! Ysraýyl Meniň ýolumdan ýörän bolsady!
14 Şonda tiz boýun egdirerdim ýagylaryny, duşmanlaryna gönükdirerdim Men Öz elimi.
15 Rebbi ýigrenýänler oňa ýalym-ýulum ederdi, kysmatlary ebedi dowam ederdi.
16 Men oňa saýlama bugdaý iýdirerdim, gaýadan akan bal bilen seni doýrardym».