Bap 63
Eý, Hudaý! Sensiň Hudaýym, Seni agtarýaryn ir säher bilen, meniň janym teşnedir Saňa. Gurak, içgysgynç, suwsuz toprakda kimin Seni küýseýär meniň bedenim.
2 Seniň kuwwatyňy, şöhratyňy görmeklik üçin, Mukaddes öýüňde Saňa seretdim.
3 Çünki Seniň wepaly söýgiň ýaşaýyşdan ýagşydyr, meniň dilim Saňa öwgüler aýdar.
4 Ömürboýy Saňa alkyş okaryn, ellerimi galdyryp, Saňa doga ederin.
5 Düşegimde Seni ýatlan wagtymda, gijäniň nobatlarynda Sen hakda oýlananymda,
6 janym ýilik bilen ýagdan doýan dek bolýar, şadyýan dilim bilen agzym Seni şöhratlandyrýar.
7 Çünki Sen meniň kömegim bolduň; ganatlaryňyň saýasynda şatlanyp, nagma aýdaryn.
8 Meniň janym Saňa mäkäm ýapyşýar, Seniň goluň meni goldaýar.
9 Janymyň kastyna çykanlar bolsa, ýeriň teýine inip giderler.
10 Olar gylyjyň zarbyna berler, şagallara şam bolar olar.
11 Şa bolsa Hudaýyň edenlerine şat bolar; Oňa wada berýänleriň bary heşelle kakar, çünki ýalançylaryň agzy baglanar.