Bap 73
Dogrudan-da, Hudaý Ysraýyla – ýüregi päk bolanlara ýagşydyr.
2 Ýöne tas büdräpdi meniň aýaklarym, tas taýypdy meniň gadamlarym.
3 Çünki tekepbirlere göriplik etdim: olar erbetlik edýän-de bolsa, abadan durmuşlarynyň bardygny gördüm.
4 Çünki olar jebir çekmeýäne meňzeýär, olaryň sagdyn, semiz bedenleri bar.
5 Olar beýlekiler ýaly azap çekmeýär, beýlekiler ýaly kynçylyga duçar bolmaýar.
6 Şoňa görä tekepbirlikleri boýunlaryny monjuk kimin bezeýär, zulum olary eginbaş kimin büreýär.
7 Ýagdan ýaňa gabarýar olaryň gözi, göwün hyýallaryndan dolup-daşýar ýüregi.
8 Olar ýaňsylaýar, betpäl gürleýär, gopbamsyrap, zulum bilen gorkuzýar.
9 Olaryň agyzlary göklere hüjüm eýleýär, dilleri bolsa ýerde boş zatlary ýaňraýar.
10 Şonuň üçin Hudaý halky şolara tarap öwrülýär, olaryň gepine gulak gabardýar.
11 Tekepbirler diýýär: «Hudaý biläýermikä? Beýik Hudaý mundan habarlymyka?»
12 Ine, tekepbirler şeýle gürleýär; olar elmydama gaýgysyz-gamsyz, öz baýlygyny artdyrýandyrlar.
13 Men biderek ýere kalbymy päk saklapdyryn, günä etmekden saklanypdyryn.
14 Çünki uzakly gün kynçylyga sezewar boldum, her säherde men ejir çekdim.
15 «Men hem şolar ýaly gürlejek» diýen bolsadym, onda Hudaýyň halkynyň öňünde dönük bolardym.
16 Muňa akyl ýetirjek bolup pikire batdym, emma tä Hudaýyň mukaddes öýüne girýänçäm,
17 bu maňa juda kyn bolup göründi. Şondan soň erbetleriň soňuna düşünip galdym.
18 Dogrudan-da, Sen sürçek ýerlerde goýduň olary, harabalyga düşer ýaly etdiň olary.
19 Olar bir salymda wes-weýran boldy, wehimden ýaňa ýok bolup gitdi!
20 Düýş görüp oýanylan pursatdaky deý, ýa Taňry, peýda bolan wagtyňda, Sen puja çykararsyň hyýallaryny.
21 Kalbym hasratdan ýaňa dolup-daşanda, ýüregim sanjym-sanjym bolanda,
22 nadan bolup, düşünmändirin, haýwan kimin bolupdyryn Seniň öňüňde.
23 Ýöne şonda-da mydama Seniň bilendirin, meni golumdan Sen tutýandyrsyň.
24 Nesihatlaryň bilen maňa ýol görkezýärsiň, soňunda meni hormat bilen kabul edersiň.
25 Meniň göklerde Senden başga kimim bar? Seniň bilen ýerde-gökde ýok mätäçligim.
26 Tenim, ýüregim ysgyndan düşýär, ýöne Hudaý ýürek kuwwatym, baky nesibäm.
27 Dogrudan-da, Senden uzaklaşýanlar ýok bolup gider, Özüňe biwepalyk edenleri Sen ýok edersiň.
28 Meniň üçin bolsa Hudaýa ýakynlaşmak ýagşydyr. Men Hökmürowan Rebbi özüme pena edindim; men Onuň ähli eden işlerini yglan ederin.