Bap 109
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Dymma, eý, senamyň Hudaýy!
2 Çünki erbetler, hilegärler maňa garşy agzyny açyp, ýalançy dilleri bilen garşyma olar gepleýär.
3 Olar ýigrenç sözleri bilen meni gurşaýar, sebäpsiz ýere meniň bilen uruşýar.
4 Men olar üçin doga-dileg edýärin, olar bolsa söýgime derek meni ýazgarýar.
5 Olar ýagşylygyma ýamanlyk edýär, söýgime derek meni ýigrenýär.
6 Olar şeýle diýýär: «Goý, onuň garşysyna erbet adam çyksyn, garalawjy onuň sagynda dursun.
7 Işine garalanda, aýyply çyksyn, onuň doga-dilegi günä saýylsyn.
8 Onuň günleri sanlyja bolsun, başga onuň ornuny alsyn.
9 Onuň çagalary, goý, ýetim bolsun, aýaly hem dul bolup galsyn.
10 Çagalary entäp, goý, gedaý gezsin, harabalyklaryndan çykarylyp, çörek dilesin.
11 Süýthor onuň bar zadyny garbasyn, agyr zähmetiniň rähnetini keseki görsün.
12 Hiç kim oňa, goý, merhemet etmesin, ýetimlerine hiç kimiň haýpy gelmesin.
13 Goý, onuň nesli kesilsin, geljekgi nesilden onuň ady, goý, öçürilsin.
14 Atalarynyň günäsi elmydama Rebbiň öňünde, goý, ýatlanylsyn, ejesiniň ýazygy öçürilmesin!
15 Goý, günäleri elmydama Rebbiň öňünde bolsun, ýer ýüzünde ýatlanmaz ýaly, goý, Ol ony kesip taşlasyn.
16 Çünki ol merhemet etmegi ýada salmady, gaýtam garyby, mätäji, ýüregi gamlyny öldürjek bolup, olary yzarlap gezdi.
17 Ol gargyşy söýdi; goý, gargyşy öz başyndan insin, ol hiç kime ýagşylygy arzuwlamady, goý, oňa-da hiç kim ýagşlygy arzuw etmesin!
18 Ol gargyşy don edip geýdi: goý, ol suw kimin siňsin onuň tenine, ýag kimin – onuň süýeklerine.
19 Şoňa görä, goý, ol eşik kimin ony dolasyn, günde guşanýan guşagy bolsun.
20 Goý, Rebbe meni ýamanlaýanlaryň, janyma garşy söz aýdýanlaryň aljak almyty şular deý bolsun».
21 Emma Sen, eý, Hökmürowan Reb, meniň bähbidimi ara Öz adyň hatyrasyna Wepaly söýgiňiň ýagşydygy sebäpli, meni halas et.
22 Çünki men garyp we mätäçdirin, ezýet çekýär meniň ýüregim.
23 Agşam kölegesi dek ýitip gidýärin, olar meni çekirtge deý kakýarlar.
24 Agyz beklemeden ýaňa dyzymyň kuwwaty gaçdy, göwräm ýagsyzlykdan ýaňa horlanyp galdy.
25 Meni ýamanlaýanlara boldum bir gülki, meni görenlerinde ýaýkaýar olar başyny.
26 Ýa Reb, Hudaýym, maňa kömek et, Öz wepaly söýgiň hatyrasyna meni halas et.
27 Bilsinler bu işde Seniň eliň bardygyny, ýa Reb, muny Seniň edendigiňi.
28 Goý, olar gargabersin, emma Sen ak pata berersiň! Olar baş galdyrýar, emma masgara bolar, Seniň bendäň bolsa şadyýan bolar.
29 Meni ýazgarýanlar betnamlyga bürensin, goý, olar ryswalygyny don edip geýsin.
30 Men Rebbe agzym bilen köp şükür etjek, uly jemagatda Ony şöhratlandyrjak.
31 Çünki Ol mätäjiň sagynda durýar, ony ölüme höküm edýänleriň elinden halas eýleýär.