Bap 36
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Rebbiň guly Dawudyň mezmury.Erbet adamyň etmişi ýüreginde seslenýär, Hudaýdan gorky ýok onuň gözünde.
2 Çünki günäsini tapyp, ony ýigrenerinden, juda hoşdur onuň göwni özünden.
3 Agzynyň sözleri – betlik hem hile, paýhaslanyp, ýagşylyk etmegi hiç islemeýär.
4 Düşeginde ýamanlyk etmegiň ýollaryny oýlaýar, bet ýola düşýär, ony asla ýigrenç saýmaýar.
5 Ýa Reb, göklere ýetýär Seniň söýgiň, bulutlara ýetýär wepadarlygyň.
6 Seniň dogrulygyň belent daglar deý, Seniň adalatly hokümleriň düýpsüz çuňluk deý. Ýa Reb, Sen ynsany, haýwany halas edýärsiň.
7 Eý, Hudaý, wepaly söýgiň neneň gymmatly! Seniň ganatlaryň saýasy ynsan ogullaryna pena bolýandyr.
8 Öýüňiň näzi-nygmatyndan doýýarlar; Sen olary Öz lezzet derýaňdan gandyrýaň.
9 Çünki ýaşaýşyň gözbaşy Sende; biz nur görýäris Seniň nuruňda.
10 Seni tanaýanlara dowam etdir wepaly söýgiňi, ýüregi dogrulara – dogrulygyňy.
11 Tekepbiriň aýagy meni basgylamasyn, erbet adamlaryň eli meni kowmasyn.
12 Betkärler ol ýerde ýykyldylar, ýere ýazyldylar, galyp bilmeýärler.