Bap 52
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Edomly Döweg Şawula gelip, Dawut Ahymelegiň öýüne baryp ýetendigini habar berende, Dawudyň aýdan mezmury.Näme üçin ýamanlyk bilen öwünýäň, eý, edermen? Hudaýyň wepaly söýgüsi hemişe meniň bilen!
2 Seniň diliň düzýär weýrançylyklary, ol ýiti päki kimin işläp düzýär hiläni.
3 Sen ýagşylykdan ýamanlygy halaýaň, hakykaty sözläniňden – ýalan aýtmagy.
4 Eý, hileli dil, sen halaýaň ähli heläkleýji sözleri!
5 Emma Hudaý seni baky heläklär, seni tutup, çadyryňdan çekip çykarar, ýaşaýyş topragyndan köküňi sograr. Sela
6 Dogry adamlar muny görüp, gorkarlar, oňa gülüp, şeýle diýerler:
7 «Ine, bu adam Hudaýy özüne pena etmedi, öz baýlygynyň köplügine baglady bili; ol öz baýlygyndan pena gözledi».
8 Men bolsa Hudaýyň öýündäki gök öwüsýän zeýtun agajy ýaly; Hudaýyň wepaly söýgüsine ebedi we baky baglaýan bili.
9 Edenleriň üçin Saňa baky şükür ederin; Saňa sadyk bolanlaryň jemagatynda Seniň ýagşy adyňa umyt baglaryn.