Bap 96
Rebbe täze nagmany aýdyň, Rebbe nagma aýt, eý, tutuş ýer ýüzi!
2 Rebbe nagma aýdyň, Onuň adyna alkyşlar okaň, halas edýändigini günsaýyn buşlaň.
3 Milletlere yglan ediň şan-şöhratyny, ähli halklara – gudratly işlerini.
4 Çünki Reb beýik, Ol belent sena mynasyp, biziň seždämize diňe Ol laýyk. Ol milletleriň hudaýlaryndan has wehimlidir.
5 Halklaryň bar hudaýlary ýöne bir butdur, emma gökleri Reb ýaradandyr.
6 Onuň huzuryndadyr hormat, şan-şöhrat, Onuň mekanyndadyr gözellik, kuwwat.
7 Eý, halklaryň tireleri, Rebbi wasp ediň, Rebbiň şöhratyny, güýjüni öwüň.
8 Rebbiň adyna laýyk şöhraty beriň, gurbanlyk getirip, howlularyna giriň.
9 Rebbe şanly mukaddesliginde siz sežde ediň, eý, ýer ýüzündäkiler, Onuň öňünde titräň.
10 Milletler arasynda siz şuny aýdyň: «Reb–Patyşa! Berk berkarar edildi dünýä, ol sarsmaz asla. Ol ýüz görmezden halklara kazylyk eder».
11 Goý, gökler begensin, ýer hem şatlansyn. Deňiz we onuň içindäkileriň ählisi, goý, güwwüldeşsin.
12 Meýdan we ondaky bar zatlar şatlykdan joşsun. Şonda tokaý agaçlary nagmalar aýdar
13 Rebbiň öňünde, çünki Ol gelýär; Ol dünýä kazylyk etmäge gelýär. Ol dünýä dogrulyk bilen, halklara Öz wepadarlygy bilen kazylyk eder.