Bap 4
Sazandalar ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Dawudyň mezmury.Eý, meni hakly çykarýan Hudaýym! Maňa jogap ber çagyranymda, maňa giňlik berdiň daryganymda, maňa merhemet et-de, dilegime gulak goý.
2 Eý, ynsan ogullary! Haçana çenli siz Meniň adyma ysnat getirjek? Haçana çenli puç zady söýüp, siz ýalana eýerjek? Sela
3 Emma bilip goýuň: Reb Özi üçin sadyk adamy saýlap goýandyr. Reb meni eşidýär çagyranymda.
4 Gaharlanyp, günä galmaň siz: Düşegiňizde oýlanyň, ümsüm boluň siz. Sela
5 Dogry gurbanlary hödürläň, Rebbe bil baglaň.
6 «Kim bize ýagşylyk eder?» diýýänler köpdür. Ýa Reb, ýüzüňiň nuruny üstümize saç!
7 Hasyl, täze şerap bol bolanda bagtdyr, ýöne ýüregime beren şatlygyň mundan-da köpdür.
8 Men arkaýyn ýatýan hem-de uklaýan; çünki diňe Sen, ýa Reb, meni amanlykda ýaşadýaň.