Bap 25

Ýa Reb, men köňlümi Saňa göge göterýän.
ב
2 Eý, Hudaýym, men Saňa bil baglaýan; men utanja galmaýyn; duşmanlarym menden üstün çykmasyn.
ג
3 Saňa intizarlar galmasynlar utanja, nähak ýere hyýanat edýänler galsyn utanja.
ד
4 Ýa Reb, maňa salgy ber Öz ýollaryňy hem-de öwret maňa ýodalaryňy.
ה
5 Meni hakykatyňda ýöret hem maňa öwret, çünki meni halas edýän Hudaý Sen; men uzakly gün Saňa intizardyryn.
ז
6 Ýa Reb, ýadyňa sal merhemetdir wepaly söýgiňi, çünki olar bardyr gadymdan bäri.
ח
7 Ýatlama Sen ýaşlyk günälerimi hem-de bitabynlyk ýodalarymy. Ýa Reb, wepaly söýgiňe görä, Öz ýagşylygyň hatyrasyna ýada sal meni.
ט
8 Reb ýagşy hem-de dogrudyr Ol günäkärlere Öz ýoluny öwredýär.
י
9 Dogry ýola gönükdirýär göwni pesleri Öz ýoluny pespällere öwredýär.
כ
10 Onuň ähtiniň düzgünlerini saklaýanlara söýgi bilen wepalylykdyr Rebbiň ähli ýollary.
ל
11 Ýa Reb, Öz adyň hatyrasyna bagyşla Sen meniň etmişlerimi, çünki uludyr olar.
מ
12 Rebden gorkýan ynsan bar bolsa, Reb oňa öwreder saýlamaly ýoluny.
נ
13 Ol ýaşajakdyr bolelinlikde, ýeri miras alar onuň zürýady.
ס
14 Reb Öz niýetini Ondan gorkýanlara aýan eýleýär, Ol olara Öz ähtini bildirýär.
ע
15 Gözlerim mydama Rebbe garap dur, çünki Ol aýaklarymy tordan çykarar.
פ
16 Maňa öwrül-de, merhemet eýle, çünki men ýalňyz, ezýetlidirin.
צ
17 Ýüregimiň gaýgy-hasraty artdy; jebir-jepalarymdan halas et meni.
ר
18 Muşakgatym bilen yzama seret hem-de meniň ähli günälerimi öt.
ר
19 Gör Sen köpdügini duşmanlyrymyň, olar güýçli ýigrenç bilen ýigrenýär meni.
ש
20 Janymy gora-da, halas et meni, utanmaýyn, çünki pena edindim Seni.
ת
21 Kämillikdir dogrulyk meni gorasyn, çünki men Saňa intizardyryn.
22 Eý, Hudaý, ysraýyl halkyny ähli muşakgatlardan Sen halas eýle.