Bap 28
Sabat güni geçenden soň, hepdäniň ilkinji güni daň bilen magdalaly Merem we beýleki Merem mazary görmäge gitdiler.
2 Ine, birden ýer güýçli titredi, çünki Rebbiň bir perişdesi Gökden indi we gelip, daşy bir çete togalady-da, onuň üstünde oturdy.
3 Onuň görnüşi ýyldyrym kimin, eginbaşy gar ýaly akdy.
4 Garawullar gorkularyndan ýaňa sandyraşyp, öli kimin ýere ýykyldylar.
5 Perişde aýallara şeýle diýdi: «Gorkmaň, çünki men siziň haça çüýlenen Isany gözleýändigiňizi bilýärin.
6 Ol bu ýerde däl, aýdyşy ýaly, direldi. Geliň, Rebbiň ýatan ýerini görüň.
7 Tiz gidip şägirtlerine: „Isa direlipdir, ine, sizden öň Jelilä barýar. Ony ol ýerde görersiňiz" diýiň. Ine, men size aýtdym».
8 Aýallar gorky hem şatlyk bilen tiz mazaryň ýanyndan aýrylyp, habary Isanyň şägirtlerine bildirmek üçin ylgaşdylar.
9 Onuň şägirtlerine habar berjek bolup barýarkalar, Isa olara sataşyp: «Salam!» diýdi. Olar hem ýakyna gelip, Onuň aýagyna ýapyşdylar, Oňa sežde etdiler.
10 Onsoň Isa olara: «Gorkmaň, baryň, doganlaryma aýdyň, Jelilä gitsinler. Meni şol ýerde görerler» diýdi.
11 Olar barýarkalar, garawullaryň birnäçesi şähere baryp, bolan ähli zatlary baş ruhanylara habar berdiler.
12 Olar-da ýaşulular bilen ýygnanyşyp maslahat geçirenlerinden soň, esgerlere köp pul berip,
13 şeýle diýdiler: «Halka: „Şägirtleri gije gelip, biz ýatyrkak, Onuň jesedini ogurlapdyrlar" diýiň.
14 Bu söz häkimiň gulagyna baryp ýetse, biz ony ynandyryp, sizi ünjüden dyndararys».
15 Garawullar puly alyp, özlerine buýrulyşy ýaly etdiler. Bu gürrüň ýehudylaryň arasynda şu güne çenli dowam edip gelýär.
16 Şunluk bilen, on bir şägirt Jelilä ― Isanyň aýdan dagyna gitdi.
17 Isany görüp, Oňa sežde etdiler, ýöne olaryň käbiri şübhelendi.
18 Isa hem ýanlaryna gelip, olara şeýle diýdi: «Ähli ygtyýar ýerde-Gökde Maňa berildi.
19 Şonuň üçin, gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň ady bilen çokundyryň.
20 Size tabşyran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn. Omyn».