Mattanyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28


Bap 20

Gögüň Patyşalygy üzümliginde işlär ýaly, ertir ir bilen işçi tutmaga giden ýer eýesi ýalydyr.
2 Ol işçiler bilen günde bir dinara razylaşyp, olary öz üzümligine ýollaýar.
3 Gündiz sagat dokuzlarda daşaryk çykanda, bazarda başgalaryň boş duranyny görýär.
4 Olara-da: „Siz hem üzümlige gidiň, hakyňyz näme bolsa bererin" diýýär. Olar hem gidýärler.
5 Günortan we gündiz sagat üçlerde ýene daşaryk çykýar-da, ýene şeýle edýär.
6 Gündiz sagat bäşlerde daşaryk çykanda, başga boş duranlary görüp, olara: „Näme üçin günuzyn bu ýerde boş dursuňyz?" diýýär.
7 Olar hem: „Çünki hiç kim bizi tutmady" diýýärler. Olara: „Siz-de üzümlige gidiň" diýýär.
8 Agşam düşende, üzümligiň eýesi öz iş dolandyrýanyna şeýle diýýär: „Işçileri çagyr-da, iň soňkulardan başlap, ilkinjilere çenli haklaryny töle".
9 Şeýlelikde, gündiz sagat bäşlerde gelenleriň her biri bir dinar alýar.
10 Ilkinjiler gelende köp alarys öýdýärler, ýöne olaryň-da her biri bir dinar alýar.
11 Muny alan wagtlary olar ýer eýesine hüňürdeşip,
12 „Bu iň soňkular diňe bir sagat işlediler, sen bolsaň olary günüň ýüküni, yssysyny çeken biziň bilen deň etdiň" diýýärler.
13 Ýer eýesi olaryň birine jogap berip, şeýle diýýär: „Eý dost! Men saňa adalatsyzlyk edemok; sen meniň bilen bir dinara razylaşmadyňmy?
14 Öz hakyňy al-da git. Men bu iň soňka-da saňa berenimi bermek isleýärin.
15 Öz malym bilen islänimi etmäge ygtyýarym ýokmy? Ýa-da meniň sahylygyma göriplik edýärsiňmi?"
16 Şeýlelikde, iň soňkular ilkinji, ilkinjiler hem iň soňkular bolar, çünki çagyrylanlar köp, saýlananlar azdyr».
17 Isa Iýerusalime barýarka, on iki şägirdi ýolda çete çekip, olara şeýle diýdi:
18 Ine, Iýerusalime barýarys. Ynsan Ogly baş ruhanylara, kanunçylara tabşyrylar, olar hem Ony ölüme höküm ederler.
19 Oňa gülsünler, gamçylasynlar, haça çüýlesinler diýip, Ony başga milletlere tabşyrarlar, ýöne Ol üçünji güni direler».
20 Onsoň Zebedeý ogullarynyň ejesi öz ogullary bilen Isanyň ýanyna gelip, ýere ýykyldy-da, Ondan bir zat diledi.
21 Isa hem oňa: «Näme isleýärsiň?» diýdi. Ol-da Isa: «Tabşyr, Patyşalygyňda meniň bu iki oglumyň biri Seniň sagyňda, biri hem soluňda otursyn» diýdi.
22 Emma Isa şeýle jogap berdi: «Siz näme dileýäniňizi bilmeýärsiňiz. Siz Meniň içjek käsämden içip bilersiňizmi? Meniň çokundyryljak çokunyşym bilen çokundyrylyp bilermisiňiz?» Olar-da Oňa: «Muny edip bileris» diýdiler.
23 Isa olara şeýle diýdi: «Siz Meniň içjek käsämden içersiňiz, Meniň çokundyryljak çokunyşym bilen çokundyrylarsyňyz. Ýöne size Meniň sagymda ýa solumda oturmaga rugsat bermek Meniň elimde däl. Bu orunlary Atam kimler üçin taýynlan bolsa, şolar üçindir».
24 Beýleki on şägirt muny eşidip, ýaňky iki dogana gaharlandylar.
25 Emma Isa olary ýanyna çagyryp, şeýle diýdi: «Siz bilýärsiňiz, milletleriň başlyklary olara agalyk edýär, ululary-da olara ygtyýar bilen baştutanlyk edýär.
26 Siziň araňyzda beýle bolmasyn. Araňyzda kim uly bolmak isleýän bolsa, beýlekileriň hyzmatkäri bolsun.
27 Araňyzda kim ilkinji bolmak isleýän bolsa, hemmäňiziň guly bolsun.
28 Ynsan Ogly-da Özüne hyzmat edilmegi üçin däl, eýsem, hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde bermek üçin geldi».
29 Olar Erihadan çykanlarynda, uly märeke Isanyň yzyna düşüp gitdi.
30 Ýoluň kenarynda oturan iki kör adam Isanyň geçip barýanyny eşidenlerinde: «Ýa Reb, eý Dawut Ogly, bize rehim et!» diýip gygyryşdylar.
31 Märeke seslerini çykarmasynlar diýip, olara käýedi, ýöne olar: «Ýa Reb, eý Dawut Ogly, bize rehim et!» diýip, öňküden hem gaty gygyryşdylar.
32 Isa aýak çekdi-de, olary çagyryp: «Siziň üçin näme etmegimi isleýärsiňiz?» diýdi.
33 Olar-da Oňa: «Ýa Reb, gözümiz açylsyn» diýdiler.
34 Isanyň haýpy gelip, olaryň gözlerine elini degirdi welin, derrew gözleri açyldy, onsoň Onuň yzyna düşüp gitdiler.