Mattanyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28


Bap 7

Üstüňizden höküm çykarylmaz ýaly, başgalaryň üstünden höküm çykarmaň.
2 Çünki nähili höküm çykarsaňyz, siziň-de üstüňizden şonuň ýaly höküm çykarylar; haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler.
3 Näme üçin sen doganyňyň gözündäki çöpi görýärsiň-de, öz gözüňdäki agajy saýgarmaýarsyň?
4 Ýa-da öz gözüňde agaç barka, doganyňa nädip: „Gel, gözüňdäki çöpi çykaraýyn" diýjek?
5 Eý ikiýüzli, ilki öz gözüňden agajy çykar, onsoň doganyň gözünden çöpi çykarmak üçin oňat saýgararsyň.
6 Mukaddes zady itlere bermäň, dürdäneleriňizi doňuzlaryň öňüne taşlamaň, olary aýaklary bilen depeläp, öwrülip, sizi tike-tike edäýmesinler».
7 Diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar.
8 Çünki dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana açylar.
9 Sizden haýsy adam ogly çörek dilände, oňa daş berer?
10 Ýa balyk dilände, oňa ýylan berer?
11 Şeýlelikde, erbet bolan siz öz oglanlaryňyza oňat sylaglar bermegi bilýän bolsaňyz, onda Gökdäki Ataňyz Özünden dilänlere has-da köp oňat zatlar berer!
12 Şoňa görä, adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz hem olara şony ediň, çünki kanun we pygamberler ýazgylarynyň özeni şudur».
13 Dar gapydan giriň, çünki heläkçilige getirýän gapy giň, ýol inli, ol gapydan girýänler köpdür.
14 Ýöne ýaşaýşa getirýän gapy dar, ýol insiz, ony tapýanlar azdyr».
15 Ýalan pygamberlerden ägä boluň. Olar siziň ýanyňyza goýun derisine girip gelerler, emma içi ýyrtyjy möjekdirler.
16 Siz olary miwelerinden tanarsyňyz. Tikenden üzüm ýa gyzgandan injir ýygylýarmy?
17 Şonuň ýaly-da her bir oňat agaç oňat miwe berýändir, erbet agaç bolsa erbet miwe berýändir.
18 Oňat agaç erbet miwe berip bilmez, erbet agaç-da oňat miwe berip bilmez.
19 Oňat miwe bermeýän her bir agaç kesilip, oda taşlanýandyr.
20 Şeýlelik bilen, ýalan pygamberleri miwelerinden tanarsyňyz.
21 Maňa: „Ýa Reb! Ýa Reb!" diýen her bir adam Gögüň Patyşalygyna girmez, diňe Gökdäki Atamyň islegini berjaý eden girer.
22 Şol günde köpler Maňa: „Ýa Reb, ýa Reb, biz seniň adyň bilen welilik etmedikmi? Seniň adyň bilen jynlary kowmadykmy? Seniň adyň bilen köp mugjyzalar etmedikmi?" diýerler.
23 Şonda Men olara: „Eý betkärler, Men sizi asla tanamaýaryn, ýanymdan aýrylyň!" diýip, açyk aýdaryn».
24 Şeýlelikde, Men bu sözlerimi eşidip, olary berjaý edýän kişini öýüni gaýanyň üstünde salan akylly adama meňzedýärin.
25 Ýagyş ýagyp siller geldi, ýeller öwsüp, ol öýe urdy, emma öý ýykylmady, çünki ol gaýanyň üstünde gurlupdy.
26 Meniň bu sözlerimi eşidip, olary berjaý etmedik kişi öýüni çägäniň üstünde salan akmak adam ýaly bolar.
27 Ýagyş ýagyp, siller geldi, ýeller öwsüp, ol öýe urdy; öý ýykyldy, onuň ýykylyşy hem gorkunç boldy».
28 Isa bu sözleri aýdyp bolanyndan soň, märeke Onuň taglymatyna haýran galdy.
29 Çünki Isa olara kanunçylar ýaly däl-de, erk-ygtyýarly biri ýaly bolup sapak berýärdi». ‎