Bap 1
Bu kitap Ybraýymyň ogly bolan Dawudyň ogly Isa Mesihiň nesil şejere kitabydyr.
2 Ybraýym Yshagyň atasydy. Yshak Ýakubyň atasydy. Ýakup Iuda we onuň doganlarynyň atasydy.
3 Iuda Tamaradan doglan Peresiň we Zerahyň atasydy. Peres Hesronyň atasydy. Hesron Ramyň atasydy.
4 Ram Aminadabyň atasydy. Aminadap Nahşonyň atasydy. Nahşon Salmonyň atasydy.
5 Salmon Rahawdan doglan Boazyň atasydy. Boaz Rutdan doglan Obediň atasydy. Obed Ýessäniň atasydy.
6 Ýesse Dawut patyşanyň atasydy. Dawut Uriýanyň aýalyndan bolan Süleýmanyň atasydy.
7 Süleýman Rehawamyň atasydy. Rehawam Abiýanyň atasydy. Abiýa Asanyň atasydy.
8 Asa Ýehoşafatyň atasydy. Ýehoşafat Ýoramyň atasydy. Ýoram Uziýanyň atasydy.
9 Uziýa Ýotamyň atasydy. Ýotam Ahazyň atasydy. Ahaz Hizkiýanyň atasydy.
10 Hizkiýa Manaşäniň atasydy. Manaşe Amonyň atasydy. Amon Ýoşiýanyň atasydy.
11 Ýoşiýa Babyl sürgüni wagtynda doglan Ýehoniýanyň we onuň doganlarynyň atasydy.
12 Ýehoniýa Babyl sürgüninden soň doglan Şealtiýeliň atasydy. Şealtiýel Zerubabeliň atasydy.
13 Zerubabel Abihudyň atasydy. Abihud Elýakimiň atasydy. Elýakim Azoryň atasydy.
14 Azor Sadokyň atasydy. Sadok Ahimiň atasydy. Ahim Elihudyň atasydy.
15 Elihud Eliýazaryň atasydy. Eliýazar Mattanyň atasydy. Mattan Ýakubyň atasydy.
16 Ýakup Meremiň adamsy Ýusubyň atasydy. Meremden hem Mesih diýlen Isa doguldy.
17 Şeýlelikde, Ybraýymdan Dawuda çenli bolan nesiller jemi on dört arkadyr. Dawutdan Babyl sürgünine çenli hem on dört, Babyl sürgüninden Mesihe çenli hem on dört arkadyr.
18 Isa Mesihiň dogluşy şeýle boldy: Onuň ejesi Meremiň Ýusup bilen adaglyka, biri-birleri bilen ýassykdaş bolmazlaryndan öň, Mukaddes Ruhdan göwreli bolanlygy äşgär boldy.
19 Onuň adamsy Ýusup bir dogry adam bolansoň, ony utanja goýmak islemän, ýaşyrynlyk bilen boşatmagy ýüregine düwdi.
20 Emma ol bu zatlar hakda oýlanyp ýörkä, Rebbiň bir perişdesi onuň düýşüne girip: «Eý, Dawut ogly Ýusup! Sen Meremi özüňe aýallyga almakdan gorkma, çünki onuň göwresinde dörän zat Mukaddes Ruhdandyr.
21 Ol bir Ogul dograr, sen Onuň adyna Isa dakarsyň, çünki Ol Öz halkyny günälerinden halas eder» diýdi.
22 Bularyň hemmesi Rebbiň pygamber arkaly aýdan şu sözüniň ýerine ýetmegi üçin boldy:
23 «Ine, bir gyz göwreli bolup, bir ogul dograr, Onuň adyna Emmanuýel dakarlar». Bu ― «Hudaý biziň bilendir» diýen manyny berýär.
24 Ýusup ukudan oýananyndan soň, Rebbiň perişdesiniň tabşyryşy ýaly, aýalyny aldy.
25 Aýaly ilkinji ogluny dogurýança, onuň ýanynda ýatmady, çaganyň adyna bolsa Isa dakdy.