Bap 24
Isa ybadathanadan çykyp barýarka, şägirtleri ýanyna gelip, Oňa ybadathananyň jaýlaryny görkezjek boldular.
2 Emma Isa olara şeýle jogap berdi: «Bütin bu zatlary görýärmisiňiz? Size dogrusyny aýdýaryn, bu ýerde daş üstünde daş galmaz, hemmesi dargar».
3 Isa Zeýtun dagynda otyrka, şägirtleri ýekelikde Onuň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Bize aýt, bu zatlar haçan bolar? Seniň gelmegiňiň we ahyrzamanyň alamaty näme bolar?»
4 Isa olara şeýle jogap berdi: «Ägä boluň, sizi aldaýmasynlar.
5 Çünki köpler: „Men Mesih" diýip, Meniň adym bilen gelerler, köp adamlary aldarlar.
6 Uruş seslerini, uruş turanlygy barada habarlar eşidersiňiz. Ägä boluň, gorkmaň, çünki bularyň bary bolmalydyr, ýöne entek dünýäniň soňy däldir:
7 Çünki millet-millete, patyşalyk-patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde açlyklar bolar, Ýer titrär.
8 Emma bular burgularyň başlangyjydyr.
9 Onsoň sizi gaýga basdyrarlar, öldürerler, Meniň adym üçin hemme milletler sizi ýigrener.
10 Şonda köpler imandan dänip, biri-birlerine haýynlyk eder, biri-birlerini ýigrenerler.
11 Birentek ýalan pygamberler döräp, köpleri azdyrarlar.
12 Şer işleriň artanlygy zerarly, köpleriň söýgüsi sowar.
13 Emma soňa çenli çydan halas bolar.
14 Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler, ahyrzamana şonda geler.
15 Şeýlelik bilen, Daniýel pygamber tarapyndan agzalan weýrançylyk getirýän ýigrenjiniň mukaddes ýerde duranyny göreniňizde (okyjy düşünsin),
16 Ýahudadakylar daglara gaçsyn.
17 Öýüň üçegindäki ― öýünden bir zat almak üçin aşak inmesin.
18 Ekin meýdanyndaky ― donuny almak üçin yzyna öwrülmesin.
19 Ol günlerde göwreli, çaga emdirýän aýallaryň gününe waý!
20 Gaça-gaçlygyňyz gyş ýa Sabat güni bolmasyn diýip doga ediň.
21 Çünki şonda uly muşakgat bolar, beýle muşakgat dünýäniň başyndan tä şu wagta çenli bolanam däldir, bolmazam.
22 Ol günler gysgaldylmadyk bolsady, onda, hiç kim halas bolmazdy, ýöne saýlananlaryň hatyrasyna ol günler gysgaldylar.
23 Şonda biri size: „Ine, Mesih şu ýerde" ýa-da „Ine, ol ýerde" diýse ynanmaň.
24 Çünki ýalan mesihler, ýalan pygamberler döräp, mümkin boldugyça, saýlananlary-da azdyrjak bolup, uly alamatlar, gudratlar görkezerler.
25 Ine, Men size öňünden aýtdym.
26 Şeýlelikde, size: „Ine, Mesih çölde" diýseler-de çykmaň, „Ine, içki otaglarda" diýseler-de ynanmaň.
27 Çünki ýyldyrym nähili gündogardan turup, günbatarda hem görünýän bolsa, Ynsan Oglunyň gelşi hem şeýle bolar.
28 Maslyk nirede bolsa, garaguşlar şol ýere üýşüşýändir.
29 Ol günleriň muşakgatynyň yzysüre Gün garalar, Aý yşygyny bermez, ýyldyzlar Gökden gaçyp, Gök gudratlary titrär.
30 Onsoň Gökde Ynsan Oglunyň alamaty görner, şonda ýer ýüzüniň bütin taýpalary perýat eder, Ynsan Oglunyň Gökdäki bulutlarda gudrat hem uly şöhrat bilen gelýänini görer.
31 Ol Öz perişdelerini belent surnaý sesi bilen ýollar. Olar-da Onuň saýlananlaryny dört tarapdan, Gögüň bir ujundan ol ujuna çenli ýygnarlar.
32 Injir agajyndan sapak alyň: onuň şahalary ýumşap, ýaprak çykaran mahaly tomsuň golaýdygyny bilýärsiňiz.
33 Şonuň ýaly-da, bu zatlary göreniňizde, Ynsan Oglunyň golaýdygyny, gapynyň agzyndadygyny biliň.
34 Men size dogrusyny aýdýaryn, bu zatlar bolýança, bu nesil dünýäden ötmez.
35 Gök hem ýer öter, ýöne Meniň sözlerim asla ötmez.
36 Emma ol güni hem ol sagady hiç kim, Gökdäki perişdeler-de bilýän däldir, diňe Ata bilýändir.
37 Nuhuň günleri nähili bolan bolsa, Ynsan Oglunyň gelşi-de şeýle bolar.
38 Çünki adamlar Nuhuň gämä münen gününe çenli, tupandan öňki günlerde iýip, içip, öýlenip, äre çykýardylar.
39 Tupan turup, hemmesini äkidýänçä, olar hiç zady bilmeýärdiler. Ynsan Oglunyň gelşi hem şeýle bolar.
40 Şonda ekin meýdanynda iki adam bolar, biri alnar, biri goýlar.
41 Degirmen başynda galla üweýän iki aýal bolar, biri alnar, biri goýlar.
42 Oýa boluň, çünki siz Rebbiňiziň haýsy gün geljegini bilmeýärsiňiz.
43 Emma muny biliň: öý eýesi ogrynyň haýsy sagatda geljegini bilsedi, oýa bolardy, öýüni talatmazdy.
44 Munuň üçin, siz hem taýýar boluň, çünki Ynsan Ogly siziň oslamaýan sagadyňyzda geler.
45 Hyzmatkärlere wagtly-wagtynda nahar paýlaryny bersin diýip, agasynyň olaryň üstünden goýan sadyk hem akylly hyzmatkäri kim?
46 Agasy gelende, şeýle edip ýörenini görjek hyzmatkäri nähili bagtlydyr!
47 Size dogrusyny aýdýaryn, agasy bütin mal-mülküni şoňa ynanar.
48 Bu ýaramaz hyzmatkär öz içinden: „Agam giç geler" diýip,
49 ýoldaşlaryny urmaga, serhoşlar bilen iýip-içmäge başlasa,
50 ol hyzmatkäriň agasy onuň oslamaýan gününde, bilmeýän sagadynda gelip,
51 ony iki bölüp, paýyny ikiýüzlüleriňki bilen deň eder. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar».