Mattanyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28


Bap 13

Şol gün Isa öýden çykyp, kölüň ýakasynda oturdy.
2 Onuň ýanyna şeýle uly märeke ýygnandy welin, Ol gaýyga münüp oturdy, bütin märeke hem kenarda durdy.
3 Isa olara tymsallar bilen köp zatlar aýtdy: «Ine, bir daýhan ekin ekmäge gitdi.
4 Ekip ýörkä, tohumlaryň birnäçesi ýoluň kenaryna düşdi. Guşlar-da gelip, ony iýdiler.
5 Birnäçesi topragy az daşlyk ýere düşüp, tiz gögerip çykdy, çünki toprak galyň däldi.
6 Gün galanda bolsa, kökleriniň ýoklugy zerarly ýanyp, gurap gitdiler.
7 Birnäçe tohum tikenleriň arasyna düşdi. Tikenler ösüp, olary basdy.
8 Birnäçe tohum bolsa gowy ýere düşüp, käbiri ýüz, käbiri altmyş, käbiri hem otuz esse hasyl berdi.
9 Kimiň eşitmäge gulagy bar bolsa eşitsin».
10 Onsoň şägirtler Isa: «Näme üçin olara tymsallar bilen gürrüň berýärsiň?» diýdiler.
11 Ol şeýle jogap berdi: «Gögüň Patyşalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi, olara berilmedi.
12 Çünki kimde bar bolsa, oňa berler, ondaky bol bolar; kimde ýok bolsa, elindäki hem ondan alnar.
13 Meniň olara tymsallar bilen gürrüň bermegimiň sebäbi şu. Çünki olar gözläp görmeýärler, diňläp eşitmeýärler, düşünmeýärler.
14 Işaýa pygamberiň aýdan şu welilik sözleri olarda ýerine ýetýär: „Gulagyňyz bilen eşidip, düşünmersiňiz; Gözleriňiz bilen gözläp, görmersiňiz;
15 Çünki bu halkyň ýüregi gatady, Gulagy agraldy, Gözlerini-de ýumdular. Beýle bolmadyk bolsady, Gözleri bilen görüp, Gulaklary bilen eşidip, Ýürekleri bilen düşünip, Maňa tarap öwrülerdiler, Men-de olara şypa bererdim".
16 Siziň gözleriňiz ne bagtly, çünki olar görýär, gulaklaryňyz ne bagtly, çünki olar eşidýär.
17 Size dogrusyny aýdýaryn, köp pygamberler, dogry adamlar siziň görýänleriňizi görmek islediler, ýöne görmediler, siziň eşidýänleriňizi eşitmek islediler, ýöne eşitmediler.
18 Indi daýhan hakdaky tymsalyň manysyny diňläň:
19 Biri Hudaýyň Patyşalygy hakdaky sözi eşidip, oňa düşünmäninde, şeýtan gelip, onuň ýüreginde ekileni sogrup alýar. Ýoluň kenarynda ekilen budur.
20 Daşlyk ýere ekilen bolsa, sözi eşidip, ony derrew şatlyk bilen garşylaýandyr.
21 Ýöne onda kök ýokdur, çydamsyzdyr; bu söz üçin muşakgat ýa-da yzarlama bolanda, derrew ýüz dönderer.
22 Tikenler arasyna düşenler bolsa budur: ol sözi eşidýär, ýöne dünýäniň gaýgylary, baýlygyň aldawçylygy sözi bogýar we söz hasylsyz bolýar.
23 Gowy topraga ekilen bolsa budur: ol sözi eşidip, oňa düşünýär hem-de hasyl berýär, käbiri ýüz, käbiri altmyş, käbiri-de otuz esse hasyl getirýär».
24 Isa olara başga bir tymsal-da aýdyp berdi: «Gögüň Patyşalygy öz ekin meýdanynda oňat tohum eken adam ýalydyr.
25 Emma her kes ýatyrka, onuň duşmany gelip, bugdaýlaryň arasyna haşal ot ekip gidýär.
26 Ekin ösüp hasyl berende, haşal ot hem peýda bolýar.
27 Öý eýesiniň hyzmatkärleri onuň ýanyna gelip: „Aga, sen ekin meýdanyňa oňat tohum sepmänmidiň? Onda haşal ot nireden çykdy?" diýip, ondan soraýarlar.
28 Ol hyzmatkärlerine: „Muny bir duşman edendir" diýýär. Hyzmatkärleri: „Gidip, olary ýygmagymyzy isleýärsiňmi?" diýip, ondan soraýarlar.
29 Emma ol şeýle jogap berýär: „Ýok, haşal oty ýygjak bolup, gaýtam, bugdaýy köki bilen sograýmaň.
30 Goý, oraga çenli ikisi bile össün. Orak wagty men orakçylara ilki haşal oty ýygyň-da, desseläp ýakar ýaly ediň, bugdaýy hem meniň ammaryma üýşüriň diýerin"».
31 Isa olara başga bir tymsaly-da aýdyp berdi: «Gögüň Patyşalygy bir adamyň alyp, öz mellegine eken gorçisa tohumy ýalydyr.
32 Ol tohumlaryň iň ownugydyr, ýöne öseninden soň, beýleki ösümliklerden belent bolup, agaç bolýar. Şeýlelikde, Gögüň guşlary gelip, onuň şahalarynda höwürtgeleýärler».
33 Isa olara başga bir tymsaly-da aýtdy: «Gögüň Patyşalygy bir aýalyň alyp, bütin hamyr turşaýança, üç çanak una goşan hamyrmaýasy ýalydyr».
34 Isa bu zatlaryň baryny halaýyga tymsallar bilen aýdardy. Tymsalsyz olara hiç zat aýtmazdy.
35 Bu pygamber arkaly aýdylan şu sözüň ýerine ýetmegi üçindi: «Agzymy tymsallar bilen açaryn, dünýä gurlaly gizlin galan zatlary beýan ederin».
36 Onsoň Isa halaýygy taşlap öýe girdi. Şägirtleri Onuň ýanyna gelip: «Ekin meýdanyndaky haşal otlar hakdaky tymsaly bize düşündir» diýdiler.
37 Ol şeýle jogap berdi: «Oňat tohumy ekýän Ynsan Ogludyr.
38 Ekin meýdany bolsa dünýädir. Oňat tohum Hudaýyň Patyşalygynyň ogullary, haşal otlar bolsa iblisiň ogullarydyr.
39 Olary eken duşman iblisdir, orak döwrüň soňudyr, orakçylar perişdelerdir.
40 Şeýlelik bilen, haşal otlar nähili ýyglyp, otda ýakylýan bolsa, bu döwrüň soňunda hem şeýle bolar.
41 Ynsan Ogly Öz perişdelerini iberer, olar-da günä sebäpkär bolýan ähli zatlary, nähak iş edýänleri Onuň Patyşalygyndan ýygnap,
42 küräniň oduna taşlarlar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar.
43 Onsoň dogry adamlar Gökdäki Atalarynyň Patyşalygynda Gün kimin parlar. Gulagy barlar eşitsin».
44 Gögüň Patyşalygy bir ekin meýdanynda gizlengi hazyna ýalydyr. Bir adam ony tapyp, gaýtadan gizleýär we begenip baryp, ähli zadyny satýar-da, ýaňky ekin meýdanyny satyn alýar.
45 Ýene, Gögüň Patyşalygy owadan dürdäne agtaran täjir ýalydyr.
46 Ol gymmatbaha bir dürdänäni tapýar we baryp, ähli zadyny satýar-da, ony satyn alýar».
47 Ýene Gögüň Patyşalygy deňze taşlanyp, her hili balygy ýygnan tor ýalydyr.
48 Tor dolanda, ony kenara çekýärler-de, oturyp, oňat balyklary gaplara salýarlar, erbetlerini hem taşlap goýberýärler.
49 Döwrüň soňunda hem şeýle bolar. Perişdeler gelip, erbetleri dogry adamlardan aýryp,
50 küräniň oduna taşlarlar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar».
51 Isa olara: «Bu zatlaryň baryna düşündiňizmi?» diýdi. Olar hem oňa: «Hawa» diýdiler.
52 Isa olara: «Şeýlelik bilen, Gögüň Patyşalygy hakda tälim alan her bir kanunçy hazynasyndan hem täze, hem köne zatlar çykarýan öý eýesi ýalydyr» diýdi.
53 Isa bu tymsaly aýdyp bolandan soň, ol ýerden gitdi.
54 Ol Öz ýurduna gelip, ybadathanalarynda halka şeýle oňat sapak berdi welin, olar geň galyp diýişdiler: «Bu Adam bu akyldarlygy, bu mugjyzalary nireden aldyka?
55 Bu neçjaryň Ogly dälmi? Ejesiniň ady Merem dälmi? Doganlary Ýakup, Ýusup, Simun we Iuda dälmi?
56 Hemme aýal doganlary biziň ýanymyzda dälmi? Onda bu Adam bütin bu zatlary nireden aldyka?»
57 Ony öýke-kine bilen ret etdiler. Emma Isa olara: «Pygamber öz ýurdundan, öýünden başga ýerde gadyrsyz däldir» diýdi.
58 Isa olaryň imansyzdyklary zerarly, ol ýerde köp mugjyza etmedi. ‎