Bap 2
Hirodes patyşanyň zamanynda Ýahudanyň Beýtullaham şäherinde Isa eneden doglanynda, ine, Iýerusalime gündogardan müneçjimler gelip:
2 «Ýehudylaryň Patyşasy bolup doglan nirede? Biz gündogarda Onuň ýyldyzyny görüp, Oňa sežde etmäge geldik» diýdiler.
3 Muny eşidip, Hirodes patyşa we onuň bilen birlikde tutuş Iýerusalim galagopluga düşdi.
4 Ol ähli baş ruhanylary, halkyň kanunçylaryny ýygnap, olardan Mesih nirede dogulmaly diýip sorady.
5 Olar şeýle jogap berdiler: «Ýahudanyň Beýtullahamynda, çünki pygamber arkaly şeýle ýazylypdyr:
6 „Eý, Ýahuda ülkesindäki Beýtullaham, sen Ýahuda hökümdarlary arasynda asla iň kiçisi dälsiň. Çünki halkym Ysraýyla çopançylyk etjek Hökümdar senden çykjakdyr"».
7 Onsoň Hirodes müneçjimleri ýaşyryn ýanyna çagyryp, ýyldyzyň haçan görnenini çintgäp sorady.
8 «Baryň, çaga hakda ýagşyja sorag-ideg ediň, tapaňyzda maňa hem habar beriň, men hem baryp, Oňa sežde etjek» diýip, olary Beýtullahama iberdi.
9 Olar patyşany diňläp, ýola rowana boldular. Ine, gündogarda gören ýyldyzlary öňlerine düşüp, çaganyň bolan ýeriniň üstüne gelip durdy.
10 Olar ýyldyzy görüp, juda begendiler.
11 Öýe girip, çaga bilen ejesi Meremi gördüler. Dyzlaryna çöküp, Oňa sežde etdiler-de, hazynalaryny açyp, altyn, ladan we mür sowgat berdiler.
12 Hirodesiň ýanyna öwrülmezlik hakda düýş üsti bilen duýduryş berlensoň, olar öz ýurtlaryna başga ýol bilen gaýtdylar.
13 Müneçjimler ugranlaryndan soň, Rebbiň bir perişdesi Ýusubyň düýşüne girip: «Tur, çaga bilen ejesini al-da, Müsüre gaç, saňa aýdýançam şol ýerde gal, çünki Hirodes çagany öldürmek üçin Ony agtarjak bolup ýör» diýdi.
14 Ýusup turdy-da, çaga bilen Onuň ejesini alyp, gije Müsüre gitdi.
15 Rebbiň pygamber arkaly: «Men Oglumy Müsürden çagyrdym» diýip aýdany ýerine ýeter ýaly, Hirodesiň ölümine deňeç şol ýerde galdy.
16 Müneçjimleriň aldanyny bilensoň, Hirodes gaty gaharlanyp, Beýtullahama we onuň etrabyndaky ähli obalara adam iberdi-de, müneçjimlerden sorap anyklan wagtynda bolan oglanlaryň iki ýaşlysyna çenli hemmesini öldürtdi.
17 Şeýlelikde, Ýeremiýa pygamber arkaly aýdylan şu söz ýerine ýetdi:
18 «Ramadan bir ses eşidildi, agy we çuň matam sesi. Çagalary üçin aglaýan Rahel özüne teselli berilmegini islemeýär, çünki olar ýok».
19 Hirodes ölende, Rebbiň bir perişdesi Müsürde Ýusubyň düýşüne girip:
20 «Tur, çaga bilen Onuň ejesini al-da, Ysraýyl ýurduna gaýt, çünki çaganyň janynyň kastyna çykanlar öldi» diýdi.
21 Ol turdy, çagadyr ejesini alyp, Ysraýyl ýurduna gaýtdy.
22 Ýöne Arhelasyň öz atasy Hirodesiň ýerine Ýahudanyň patyşasy bolanyny eşidip, ol ýere barmaga gorkdy, düýş bilen duýduryş berlensoň bolsa, Jelile etraplaryna ýola düşdi.
23 Gelip, Nasyra diýen bir şäherde mesgen tutdy, şeýdip, pygamber arkaly: «Oňa nasyraly diýler» diýip aýdylan söz ýerine ýetdi.