Bap 9
Isa gaýyga mündi-de, beýleki kenara geçip, öz şäherine geldi.
2 Ine, Onuň ýanyna düşekde ýatan bir ysmazy getirdiler. Isa olaryň imanyny görüp, ysmaza: «Oglum, batyr bol, seniň günäleriň ötüldi» diýdi.
3 Şonda kanunçylardan käbirleri öz içlerinden: «Bu adam Hudaýa dil ýetirýär» diýdiler.
4 Emma Isa olaryň pikirlerini bilip, şeýle diýdi: «Näme üçin göwnüňize erbet pikirler getirýärsiňiz?
5 Haýsysy aňsat: „Günäleriň ötüldi" diýmekmi ýa-da „Tur, ýöre" diýmek?
6 Emma siz Ynsan Oglunyň ýer ýüzünde günäleri ötmäge ygtyýarynyň bardygyny biler ýaly...» diýdi-de, ysmaz bolan adama: «Tur, düşegiňi al-da, öýüňe git» diýdi.
7 Ol-da turup, öýüne gitdi.
8 Märeke muny görüp haýran galdy. Olar adama beýle ygtyýar beren Hudaýy şöhratlandyrdylar.
9 Isa şol ýerden geçip barýarka, Matta atly bir adamyň salgythanada oturanyny görüp, oňa: «Meniň yzyma düş» diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi.
10 Isa öýde saçak başynda otyrka, ine, köp salgytçylar, günäkärler gelip, Isa we Onuň şägirtleriniň ýanynda oturdylar.
11 Fariseýler muny görüp, Onuň şegirtlerinden: «Näme üçin siziň Mugallymyňyz salgytçylardyr günäkärler bilen bile nahar iýýär?» diýip soradylar.
12 Isa muny eşidip, şeýle diýdi: «Tebip saglara däl-de, syrkawlara gerekdir.
13 Ýöne siz gidiň-de: „Men gurban däl-de, rehimdarlyk isleýärin" diýen sözüň manysyny öwreniň, çünki Men dogry adamlary däl-de, günäkärleri toba çagyrmaga geldim».
14 Onsoň Ýahýanyň şägirtleri Isanyň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Näme üçin biz we fariseýler oraza tutýarys-da, Seniň şägirtleriň oraza tutmaýarlar?»
15 Isa olara şeýle jogap berdi: «Giýew ýanlaryndaka, toýa çagyrylanlar ýas tutup bilermi? Ýöne giýewiň olardan alynjak günleri geler, şonda olar oraza tutarlar.
16 Hiç kim köne eşige täze matadan ýama salmaz, çünki salnan ýama köne eşikden gopup, ýyrtyk has erbet bolar.
17 Şonuň ýaly, täze şerap-da köne meşiklere guýulmaz. Şeýle edilse, meşikler ýarylyp, şerap döküler, meşikler hem zaýalanar. Täze şerap täze meşiklere guýulýandyr, şeýlelikde, ikisi hem aýawly saklanýandyr».
18 Bu zatlary olara aýdyp durka, ine, bir sinagoga başlygy geldi, Onuň aýagyna ýykylyp: «Meniň gyzym ýaňyja öldi. Muňa garamazdan, gel-de, eliňi onuň üstünde goý, ol direler» diýdi.
19 Isa turup, şägirtleri bilen bile onuň yzyna düşüp gitdi.
20 Ine, on iki ýyldan bäri gan akma keselinden ezet çekýän bir aýal Isanyň ýeňsesinden gelip, Onuň geýiminiň syýyna elini degirdi.
21 Çünki ol aýal öz içinden: «Diňe geýimine-de elimi degirsem, sagalaryn» diýýärdi.
22 Isa-da yzyna öwrülip, ony gördi-de: «Batyr bol, gyzym, imanyň saňa şypa berdi» diýdi. Aýal şol sagadyň özünde sagaldy.
23 Isa başlygyň öýüne gelende, tüýdükçileri, galmagal edişip duran märekäni görüp,
24 olara: «Aýrylyň, gyz ölenok, diňe uklap ýatyr» diýdi. Olar Isa gülüşdiler.
25 Märeke daşaryk çykarylanda, Isa içerik girip, gyzyň elinden tutdy, gyz hem aýaga galdy.
26 Bu habar ol ýurduň ähli ýerine ýaýrady.
27 Isa ol ýerden gelýärkä, iki sany kör adam Onuň yzyna düşüp: «Bize rehim et, eý Dawut Ogly» diýip gygyryşdylar.
28 Isa öýe girende, körler Onuň ýanyna geldiler. Isa olara: «Meniň bu işi başarjagyma ynanýarsyňyzmy?» diýdi. Olar hem Oňa: «Hawa, ýa Reb» diýdiler.
29 Onsoň Isa olaryň gözlerine elini degrip: «Size imanyňyza görä bolsun» diýdi.
30 Olaryň hem gözleri açyldy. Isa: «Ägä boluň, muny hiç kim bilmesin» diýip, olara berk tabşyrdy.
31 Emma olar çykan batlaryna, Onuň at-owazasyny ýurduň ähli ýerine ýaýratdylar.
32 Olar çykyp barýarka, ine, jyn uran bir lal adamy Onuň ýanyna getirdiler.
33 Jyn kowlandan soň, lal adam geplemäge başlady. Märeke geň galyp: «Ysraýylda hiç haçan beýle zat görlen däldir» diýişdiler.
34 Emma fariseýler: «Ol jynlary jynlaryň hany arkaly kowup çykarýar» diýişdiler.
35 Isa şäherme-şäher, obama-oba aýlanyp, olaryň sinagogalarynda sapak bererdi, Patyşalygyň Hoş Habaryny wagyz edip, her syrkawlygy, her hassalygy bejererdi.
36 Isa märekäni görüp, olara haýpy geldi, çünki olar çopansyz goýunlar ýaly pytraňňydy, alaçsyzdy.
37 Şonda, Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Hasyl bol, ýöne işçi az.
38 Munuň üçin, Öz hasylyny ýygmaga işçi iberer ýaly, hasyl eýesi Rebbe ýalbaryň».