Bap 26
Bu sözlerden soň Isa şägirtlerine şeýle diýdi:
2 «Ýene iki günden Pesah baýramydygyny bilýärsiňiz. Ynsan Ogly haça çüýlenmäge tabşyrylar».
3 Şol wagt baş ruhanylar bilen halkyň ýaşululary Kaýafa atly baş ruhanynyň howlusyna ýygnanyp,
4 Isany hile bilen tutup öldürmek üçin maslahat geçirdiler.
5 Olar: «Baýram günlerinde däl, halk galmagal turzaýmasyn» diýişdiler.
6 Isa Beýtaniýada heýwere keselli Simunyň öýündekä,
7 bir aýal içinde gaty gymmat atyr ysly ýag bolan ak mermer gap bilen Isanyň ýanyna gelip, Ol saçak başynda otyrka, ýagy Onuň depesinden guýdy.
8 Şägirtler muny görenlerinde gaharlanyp: «Beýle isrip etmek nämä gerek?
9 Bu ýagy köp pula satyp, garyplara berip-de bolardy» diýişdiler.
10 Isa muny bilip, olara şeýle diýdi: «Näme üçin aýaly ynjadýarsyňyz? Ol Maňa ýagşylyk etdi.
11 Çünki garyplar hemişe siziň ýanyňyzda, ýöne Men hemişe siziň ýanyňyzda bolmaryn.
12 Ol bu ýagy Meniň bedenime guýmak bilen, Meni jaýlanmaga taýýar etdi.
13 Size dogrusyny aýdýaryn, şu Hoş Habar dünýäniň niresinde wagyz edilse, bu aýalyň edeni-de ony ýatlamak üçin aýdylar».
14 Onsoň Onkilerden Iuda Iskariot atly biri baş ruhanylaryň ýanyna baryp,
15 olara: «Eger men Ony size tabşyrsam, maňa näme berersiňiz?» diýdi. Olar hem Iuda otuz bölek kümüş çekip berdiler.
16 Ol şondan beýläk Isany tabşyrmak üçin amatly pursat peýläp gezdi.
17 Petir baýramynyň ilkinji güni şägirtler Isanyň ýanyna gelip: «Pesah naharyny iýmegiň üçin, nirede taýýarlyk görmegimizi isleýärsiň?» diýdiler.
18 Ol şeýle diýdi: «Şähere gidiň-de, pylanynyň ýanyna baryp: „Mugallym: wagtym golaý, Pesahy şägirtlerim bilen bilelikde seniň öýüňde geçirjek" diýýär diýiň».
19 Şägirtler hem Isanyň özlerine buýruşy ýaly edip, Pesahy taýýarladylar.
20 Agşam düşende, Isa on iki şägirdi bilen bilelikde saçak başynda oturdy.
21 Olar naharlanyp otyrkalar, Isa: «Size dogrusyny aýdýaryn, sizden biri Maňa haýynlyk eder» diýdi.
22 Olar gaty tukatlanyp, yzly-yzyna Oňa: «Ýa Reb, men-ä däldirin?» diýmäge başladylar.
23 Ol hem şeýle jogap berdi: «Elini Meniň bilen bile tabaga batyran Maňa haýynlyk eder.
24 Ynsan Ogly Özi hakda ýazylyşy ýaly barýar, ýöne Ynsan Ogluna haýynlyk edeniň gününe waý! Ol adam eneden dogulmadyk bolsa, onuň üçin has oňat bolardy».
25 Oňa haýynlyk eden Iuda: «Mugallym, men-ä däldirin?» diýdi. Isa hem oňa: «Seniň aýdyşyň ýalydyr» diýdi.
26 Olar naharlanyp otyrkalar, Isa çörek alyp, şükür etdi-de, ony döwüp şägirtlere berdi we: «Alyň, iýiň, bu Meniň tenimdir» diýdi.
27 Onsoň käsäni aldy, şükür edeninden soň, olara berip, şeýle diýdi: «Şundan hemmäňiz içiň.
28 Çünki bu Meniň ganym, günäleriň bagyşlanmagy üçin köp adamlaryň hatyrasyna dökülen täze ähtiň ganydyr.
29 Size diýýärin, Atamyň Patyşalygynda siziň bilen bile täzesini içjek günüme çenli üzüm şiresini gaýtadan içmerin».
30 Olar bir öwgüli aýdym aýdyp bolanlaryndan soň, Zeýtun dagyna çykdylar.
31 Onsoň Isa olara şeýle diýdi: «Bu gije siziň hemmäňiz Menden ýüz dönderersiňiz, çünki: „Çopany uraryn, sürüdäki goýunlar dagar" diýip ýazylgydyr.
32 Emma Men ölümden direlenimden soň, sizden öň Jelilä bararyn».
33 Petrus Oňa jogap berip: «Hemmeler Senden ýüz dönderse-de, men asla döndermerin» diýdi.
34 Isa oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn, şu gije horaz gygyrmazyndan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýdi.
35 Petrus Oňa: «Men Seniň bilen ölmeli bolsam-da, Seni asla inkär etmerin» diýdi. Şägirtleriň hemmesi-de şeýle diýdiler.
36 Onsoň Isa şägirtleri bilen Getsemani diýen ýere gitdi. Ol olara: «Men hol ýere baryp, doga edip bolýançam, şu ýerde oturyň» diýdi.
37 Petrus bilen Zebedeýiň iki ogluny ýanyna aldy-da, tukatlanyp, gaýgylanmaga başlady.
38 Onsoň olara: «Meniň janym öler ýaly tukat, bu ýerde galyp, Meniň bilen bile oýa boluň» diýdi.
39 Biraz öňe gidip, ýüzin ýatdy-da: «Eý Atam! Mümkin bolsa, bu käsäni Menden geçir; ýöne Meniň isleýşim ýaly däl, Seniň isleýşiň ýaly bolsun» diýip doga etdi.
40 Isa şägirtleriň ýanyna gelse, olar uklap ýatan eken. Ol Petrusa şeýle diýdi: «Meniň bilen bile bir sagat-da oýa bolup bilmediňizmi?
41 Synaga düşmez ýaly oýa boluň, doga ediň. Ruh islegli, ýöne ten ejizdir».
42 Isa ikinji gezek gidip: «Eý Atam, Men içmesem, bu käsäniň geçmegi mümkin däl bolsa, onda, Seniň islegiň bolsun» diýip doga etdi.
43 Ýene gelende, şägirtleri uklap ýatan eken, çünki olaryň gözleri ýumlup gelýärdi.
44 Isa olary galdyryp, ýene gitdi, ýene şol öňki sözler bilen üçünji gezek doga etdi.
45 Onsoň şägirtleriň ýanyna gelip, olara diýdi: «Siz entek-de uklap ýatyrmysyňyz? Dynjyňyzy alýarmysyňyz? Ine, sagat golaýlady, Ynsan Ogly günäkärleriň eline berilýär.
46 Turuň, gideliň, ine, Maňa haýynlyk eden golaýlady».
47 Ol entek gepläp durka, ine, Onkileriň biri bolan Iuda, onuň bilen bilelikde baş ruhanylar we halkyň ýaşululary tarapyndan gylyçly, taýakly bir uly märeke geldi.
48 Oňa haýynlyk eden Iuda olara: «Men kimi öpsem, Şoldur, Şony tutuň» diýip, alamat beripdi.
49 Ol derrew Isanyň ýanyna baryp: «Salam, Mugallym!» diýip, Ony öpdi.
50 Isa hem oňa: «Näme üçin geldiň, dostum!» diýdi. Onsoň olar Isa golaý gelip, el urup, Ony tutdular.
51 Ine, Isanyň ýanyndakylardan biri elini uzadyp, gylyjyny syrdy-da, baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, gulagyny kesdi.
52 Şonda Isa oňa şeýle diýdi: «Gylyjyňy gynyna sal, çünki gylyç çekenleriň hemmesi gylyç bilenem öldüriler.
53 Ýa Men on iki legiondan köp perişdäni derrew ibersin diýip, Atama ýüz tutup bilmez öýdýärsiňmi?
54 Onda, bu şeýle bolmalydyr diýen Mukaddes Ýazgylar nähili ýerine ýeter?»
55 Şol sagat Isa märekä ýüzlenip, şeýle diýdi: «Bir talaňçynyň garşysyna çykýan ýaly, Meni tutmak üçin gylyç hem taýak bilen geldiňizmi? Her gün ybadathanada oturyp, sapak berenimde, Meni tutmandyňyz.
56 Ýöne bularyň hemmesi pygamberleriň ýazgylarynyň ýerine ýetmegi üçin boldy». Şonda şägirtleriň hemmesi Ony taşlap gaçdylar.
57 Isany tutanlar Ony baş ruhany Kaýafanyň ýanyna getirdiler, kanunçylar bilen ýaşulular-da şol ýere ýygnanypdylar.
58 Petrus bolsa baş ruhanynyň howlusyna çenli gara görnümden Isanyň yzyna düşüp gitdi. Içerik girdi-de, işiň soňuny görjek bolup, hyzmatkärler bilen bile oturdy.
59 Baş ruhanylar we bütin mejlis Isa ölüm jezasyny berjek bolup, Oňa garşy ýalan şaýatlar agtardylar.
60 Köp ýalançy şaýatlar geldi, ýöne onda-da tapyp bilmediler. Ahyrsoňy iki ýalançy şaýat gelip,
61 şeýle diýdi: «Bu Adam: „Men Hudaýyň ybadathanasyny ýykyp, ony üç günüň içinde salyp bilerin" diýdi».
62 Baş ruhany ýokaryk galyp: «Sen asla jogap berjek dälmi? Bu adamlaryň Seniň garşyňa berýän güwäligi näme?» diýdi.
63 Emma Isa dymdy. Baş ruhany Oňa: «Saňa diri Hudaýdan kasam edýärin, bize aýt, Hudaýyň Ogly Mesih Senmi?» diýdi.
64 Isa oňa: «Seniň aýdyşyň ýalydyr, ýöne size diýýärin, mundan soň Ynsan Oglunyň gudratly Hudaýyň sagynda oturanyny, Gögüň bulutlary bilen gelýänini görersiňiz» diýdi.
65 Şonda baş ruhany öz egin-eşigini ýyrtyp: «Ol Hudaýa dil ýetirdi, bize başga şaýat nämä gerek? Ine, Onuň Hudaýa dil ýetirenini özüňiz eşitdiňiz.
66 Näme diýýärsiňiz?» diýdi. Olar hem jogap berip: «Ol ölüme mynasyp» diýdiler.
67 Onsoň Isanyň ýüzüne tüýkürdiler, Ony ýumrukladylar, käbirleri Oňa:
68 «Eý, Mesih, bize welilik et, Seni uran kim?» diýip, Ony şapbatladylar.
69 Petrus bolsa daşarda howluda otyrdy. Bir keniz onuň ýanyna gelip: «Sen-de jelileli Isa bilen bilediň» diýdi.
70 Emma ol hemmäniň ýanynda inkär edip: «Men seniň näme diýýäniňi bilmeýärin» diýdi.
71 Derwezä tarap barýarka, başga bir keniz ony görüp, ol ýerde duranlara: «Bu adam hem Nasyraly Isa bilen biledi» diýdi.
72 Petrus ýene-de inkär edip: «Men ol Adamy tanamaýaryn» diýip ant içdi.
73 Az salymdan soň, ol ýerde duranlar gelip, Petrusa: «Dogrudan hem, sen-de olardan, çünki gepleýşiň muny bildirip dur» diýdiler.
74 Şonda Petrus: «Men ol Adamy tanamaýaryn» diýip, ant içip, awy ýalamaga durdy. Edil şol wagt horaz gygyrdy.
75 Petrus Isanyň: «Horaz gygyrmazyndan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözüni ýatlady-da, daşaryk çykyp, möňňürip aglady.