Bap 14
Şol wagt Isanyň owazasy tetrarh Hirodesiň gulagyna ýetdi.
2 Ol öz nökerlerine: «Bu çokundyryjy Ýahýadyr. Ol ölümden direlendir. Bu mugjyzalaryň ondan çykmagynyň sebäbi şeýledir» diýdi.
3 Çünki Hirodes Ýahýany tutduryp, el-aýagyny bagladyp, zyndana saldyrypdy. Ol muny öz dogany Filipusyň aýaly Hirodiýas sebäpli edipdi.
4 Çünki Ýahýa Hirodese: «Seniň ony almagyň dogry däl» diýipdi.
5 Hirodes Ýahýany öldürmek isleýärdi, ýöne halkdan gorkýardy, çünki halk Ýahýany pygamber hasaplaýardy.
6 Emma Hirodes öz doglan güni mynasybetli toý tutanda, Hirodiýasyň gyzy ortada tans edip, Hirodesiň göwnüni çaglady.
7 Şoňa görä, Hirodes gyza näme dilese, bererin diýip, ant içip, söz berdi.
8 Gyz hem ejesiniň öwretmegi bilen: «Çokundyryjy Ýahýanyň başyny bir tabakda goýup, şu ýerde maňa ber» diýdi.
9 Patyşa gamgyn boldy, ýöne myhmanlaryň ýanynda ant içensoň, Ýahýanyň başynyň oňa berilmegini buýurdy.
10 Adam iberip, zyndanda Ýahýanyň başyny kesdirdi.
11 Onuň başy bir tabakda getirilip, gyza berildi, ol hem ejesine getirdi.
12 Ýahýanyň şägirtleri gelip, jesedi äkitdiler-de jaýladylar. Onsoň baryp, Isa habar berdiler.
13 Isa muny eşidende, ol ýerden ýeke Özi gaýyga münüp bir çola ýere çekildi. Halaýyk muny eşidip, şäherlerden çykyp, paý-pyýada Onuň yzyndan gitdiler.
14 Ol gaýykdan düşende, uly märekäni görüp, olara haýpy geldi, syrkawlaryny sagaltdy.
15 Agşam düşende şägirtler Onuň ýanyna gelip: «Bu bir çola ýer, wagt hem gijikdi, märekäni goýber, obalara gidip, özlerine iýmit satyn alsynlar» diýdiler.
16 Emma Isa olara: «Olara gitmegiň geregi ýok, siz iýmäge zat beriň» diýdi.
17 Şägirtler hem Isa: «Biziň bu ýerde bäş çörek bilen iki balykdan başga zadymyz ýok» diýdiler.
18 Ol hem: «Olary şu ýere, Meniň ýanyma getiriň» diýdi.
19 Şonda Isa märekä otuň üstünde oturmagy buýurdy. Bäş çörek bilen iki balygy alyp, Göge bakyp şükür etdi-de, çörekleri bölüşdirip, şägirtlere berdi, şägirtler hem olary märekä paýladylar.
20 Hemmeler iýip doýdular. Artyp galan döwümleri bolsa ýygnap, on iki sebedi doldurdylar.
21 Iýenler aýallardyr çagalardan başga bäş müňe golaý adamdy.
22 Märekäni ugradyp durka, Isa şägirtlerine gaýyga münüp, Özünden öň beýleki kenara geçmegi buýurdy.
23 Märekäni ugradanyndan soň, Onuň ýeke Özi doga etmek üçin daga çykdy. Ol agşam düşende hem şol ýerde ýekedi.
24 Gaýyk bolsa şol wagt kölüň ortasyndady, tolkunlarda eýläk-beýläk zyňylýardy.
25 Gijäniň dördünji nobatynda Isa kölüň ýüzünden ýöräp, olara tarap geldi.
26 Emma şägirtler Onuň deňziň ýüzünden ýöräp gelýänini görenlerinde: «Bu bir gözümize görünýän zatdyr!» diýşip aljyradylar, gorkudan ýaňa gygyryşdylar.
27 Emma Isa derrew: «Batyr boluň, bu Men, gorkmaň» diýip, olara söz gatdy.
28 Petrus Oňa jogap berip: «Ýa Reb, bu Sen bolsaň, maňa suwuň ýüzi bilen ýanyňa barmagy buýur» diýdi.
29 Isa: «Gel» diýdi. Petrus hem gaýykdan düşüp, Isanyň ýanyna barjak bolup, suwuň ýüzi bilen ýöremäge başlady.
30 Emma ýeliň güýjüni görüp gorkdy, ýaňy gark bolup ugranda: «Ýa Reb, meni halas et» diýip gygyrdy.
31 Isa derrew elini uzadyp ony tutdy-da: «Eý, az imanly adam, näme üçin şübhelendiň?» diýdi.
32 Olar gaýyga münenlerinde, ýel ýatdy.
33 Gaýykdakylar: «Sen, dogrudan-da, Hudaýyň Oglusyň» diýip, Oňa sežde etdiler.
34 Olar deňziň aňyrsyna geçip, Jenesaret ýurduna bardylar.
35 Ol ýeriň adamlary Isany tanap, tutuş şol töwereklere adam iberip, syrkawlaryň baryny Onuň ýanyna getirdiler.
36 Olar diňe geýiminiň syýnyna elini degirmäge rugsat sorap, Oňa ýalbardylar. El degrenleriň hemmesi-de sagaldy.