Bap 25
Şonda Gögüň Patyşalygy çyralaryny alyp, giýewi garşylamaga çykan on gyz ýaly bolar.
2 Olaryň bäşisi akylsyz, bäşisi-de akylly eken.
3 Akylsyzlar çyralaryny alýarlar, ýöne ýanlaryna ýag almaýarlar.
4 Akyllylar çyralary bilen birlikde gaplarda ýag äkidýärler.
5 Giýew gijä galanda, hemmesi irkilip uklaýarlar.
6 Ýarygije: „Ine, giýew gelýär, garşylamaga çykyň!" diýen batly ses eşidilýär.
7 Şonda ýaňky gyzlaryň hemmesi turup, çyralaryny taýýarlaýarlar.
8 Akylsyzlar akyllylara: „Bize ýagyňyzdan biraz beriň, çyralarymyz sönüp barýar" diýýärler.
9 Emma akyllylar jogap berip: „Bize-de, size-de ýetmezlik edäýmesin, gowusy, satyjylara baryň-da, özüňiz üçin alaýyň" diýýärler.
10 Olar ýag satyn almaga gidenlerinde, giýew gelýär, taýýar bolup duranlar onuň bilen toýhana girýärler welin, gapy ýapylýar.
11 Beýleki gyzlar hem soň gelip: „Aga! Aga! Gapyny aç" diýýärler.
12 Emma ol jogap berip: „Size dogrusyny aýdýaryn, men sizi tanamok" diýýär.
13 Şeýlelik bilen, oýa boluň, çünki siz Ynsan Oglunyň ne geljek gününi, ne-de sagadyny bilýärsiňiz».
14 Gögüň Patyşalygy uzak ýola çykmakçy bolup, hyzmatkärlerini ýanyna çagyryp, mal-mülküni olara tabşyran adam ýalydyr.
15 Bu adam her haýsynyň başarnygyna laýyk: birine ― bäş, birine ― iki, birine ― bir talant berip, derrew ýola düşýär.
16 Bäş talant alan gidip, bu pul bilen söwda etmäge girişýär, ýene bäş talant gazanýar.
17 Iki talant alan-da şonuň ýaly, ýene iki talant gazanýar.
18 Bir talant alan bolsa baryp, topragy gazýar-da, agasynyň puluny gizleýär.
19 Köp wagtdan soň bu hyzmatkärleriň agasy gelip, olardan hasabat soraýar.
20 Bäş talant alan gelip, ýene bäş talant getirip: „Eý aga! Sen maňa bäş talant beripdiň, ine, men ýene bäş talant gazandym" diýýär.
21 Agasy oňa: „Berekella, ýagşy, sadyk hyzmatkär! Sen az zatda sadyk bolduň, men saňa köp zatlary ynanaryn, agaň şatlygyna şärik bol" diýýär.
22 Iki talant alan hem gelip: „Eý aga! Sen maňa iki talant beripdiň, ine, men ýene iki talant gazandym" diýýär.
23 Agasy oňa: „Berekella, ýagşy we sadyk hyzmatkär! Sen az zatda sadyk bolduň, men seni köp zatlara bellärin, agaň şatlygyna şärik bol" diýýär.
24 Bir talant alan hem gelip: „Eý aga, men seniň gaty adamdygyňy bilýärdim. Sen ekmedik ýeriňden orýarsyň, sepmedik ýeriňden ýygýarsyň.
25 Şonuň üçin gorkdum, gidip, talantyňy toprakda gizledim, ine, puluňy al!" diýýär.
26 Emma agasy oňa şeýle diýýär: „Erbet hem ýalta hyzmatkär! Sen meniň ekmedik ýerimden orýandygymy, sepmedik ýerimden ýygýandygymy bilýärmidiň?
27 Onda, pulumy pul işledýänlere bermelidiň, men-de gelip, ony peýdasy bilen alardym.
28 Indi bir talanty ondan alyň-da, on talantla beriň.
29 Çünki kimde bar bolsa, oňa berler, ondaky bol bolar, kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar.
30 Peýdasyz hyzmatkäri daşaryk garaňkylyga taşlaň. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar"».
31 Ynsan Ogly öz şöhraty içinde ähli perişdeler bilen gelip, şöhratly tagtynda oturar.
32 Ähli milletler Onuň öňüne ýygnanar, çopanyň goýunlary geçilerden saýlaýşy ýaly, Ol hem olary biri-birinden saýlar.
33 Goýunlary sagynda, geçileri hem solunda goýar.
34 Onsoň Patyşa sagyndakylara diýer: „Eý, Atamyň gutlanlary! Geliň, dünýä gurlaly beri siziň üçin taýýarlanan patyşalygy miras alyň.
35 Çünki açdym ― iýmäge zat berdiňiz, teşnedim ― suw berdiňiz, ýatdym ― myhman aldyňyz,
36 ýalaňaçdym ― geýindirdiňiz, syrkawdym ― idetdiňiz, zyndandadym ― görmäge geldiňiz".
37 Şonda dogry adamlar Oňa jogap berip diýerler: „Ýa Reb, biz Seni haçan aç görüp, naharladyk ýa haçan teşne görüp, suw berdik?
38 Haçan Seni ýat görüp, myhman aldyk ýa ýalaňaç görüp geýindirdik?
39 Haçan Seni syrkaw ýa-da zyndanda görüp, ýanyňa geldik?"
40 Patyşa jogap berip olara diýer: „Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň kiçi doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz".
41 Onsoň solundakylara şeýle diýer: „Eý, lagnatlylar, Meniň ýanymdan aýrylyň, iblis bilen onuň perişdelerine taýýarlanan ebedi oda gidiň.
42 Çünki açdym ― iýmäge zat bermediňiz, teşnedim ― suw bermediňiz,
43 ýatdym ― myhman almadyňyz, ýalaňaçdym ― geýindirmediňiz, syrkawdym we zyndandadym ― ýanyma gelmediňiz".
44 Şonda olar şeýle jogap bererler: „Ýa Reb, biz Seni haçan aç, teşne, ýat, ýalaňaç, syrkaw ýa zyndanda görüp-de, Saňa hyzmat etmedik?"
45 Şonda olara şeýle jogap berer: „Size dogrusyny aýdýaryn, bu iň kiçilerden birine etmedigiňizi, Maňa eden dälsiňiz".
46 Bular ebedi jeza, dogry adamlar bolsa ebedi ýaşaýşa giderler».