Bap 17
Isa alty günden soň, diňe Petrusy, Ýakuby we onuň dogany Ýahýany ýanyna alyp, olary bir beýik dagyň üstüne çykardy.
2 Olaryň gözleriniň alnynda Onuň görnüşi üýtgedi, ýüzi Gün kimin parlady, egin-eşigi yşyk ýaly agardy.
3 Birdenkä, olara Musa bilen Ylýas göründi. Olar Isa bilen gepleşip durdular.
4 Petrus Isa şeýle diýdi: «Ýa Reb! Bize bu ýerde bolmak ýakymly. Eger Sen isleseň, men üç çadyr guraýyn: biri ― Saňa, biri ― Musa, biri ― Ylýasa».
5 Ol entek gepläp durka, nurly bir bulut olara kölege saldy. Bulutdan şeýle bir owaz geldi: «Bu Meniň söýgüli Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn. Ony diňläň».
6 Şägirtler muny eşidenlerinde, gaty gorkup, ýüzin ýykyldylar.
7 Emma Isa gelip, olara elini degrip: «Turuň, gorkmaň» diýdi.
8 Olar gözlerini galdyranlarynda, diňe Isadan başga hiç kimi görmediler.
9 Dagdan inip gelýärkäler, Isa olara: «Ynsan Ogly ölümden direlýänçä, göreniňizi hiç kime aýtmaň» diýip tabşyrdy.
10 Şägirtleri Ondan: «Eýse näme üçin kanunçylar öňürti Ylýas gelmelidir diýýärler?» diýip soradylar.
11 Ol hem jogap berip diýdi: «Dogrudan-da, Ylýas gelip, hemme zady düzetmelidir.
12 Emma Men size aýdýaryn, Ylýas eýýäm geldi, ony tanamadylar, oňa halanlaryny etdiler. Şonuň ýaly, Ynsan Ogly-da olaryň elinden görgi görer».
13 Şonda şägirtler Onuň özlerine Çokundyryjy Ýahýa barada gürrüň berýändigine düşündiler.
14 Märekäniň ýanyna baranlarynda, bir adam gelip, Isanyň öňünde dyza çöküp, şeýle diýdi:
15 Ýa Reb! Meniň ogluma rehim et, sebäbi ol tutgaýly, köp ezet çekýär, ýygy-ýygydan özüni oda, suwa urýar.
16 Men ony Seniň şägirtleriňe getirdim, ýöne olar sagaldyp bilmediler».
17 Isa şeýle jogap berdi: «Eý ýoldan çykan, imansyz nesil! Men haçana çenli siz bilen bile bolup, size çydaýyn? Oglany şu ýere Maňa getiriň».
18 Isa jyna käýedi, jyn hem oglandan çykdy. Oglan şol sagadyň özünde sagaldy.
19 Onsoň şägirtler Isanyň ýanyna gelip, öz-özlerikä Oňa: «Biz näme üçin ony çykaryp bilmedik?» diýdiler.
20 Isa hem olara diýdi: «Imanyňyzyň ýoklugy üçin. Men size dogrusyny aýdýaryn, bir gorçisa dänesi ýaly-da imanyňyz bolup, şu daga: „Bu ýerden ol ýere göç" diýseňiz, ol göçer, size başartmajak zat bolmaz.
21 Bu hili jynlary doga we orazadan başga hiç zat bilen çykaryp bolýan däldir».
22 Jelilede gezip ýörkäler Isa olara şeýle diýdi: «Ynsan Ogly ynsan eline berler.
23 Ony öldürerler, Ol üçünji güni direler». Şägirtler gaty gynandylar.
24 Kapernauma gelenlerinde iki drahma ýygnaýanlar Petrusa gelip: «Siziň Mugallymyňyz iki drahma bermeýärmi?» diýdiler.
25 Petrus: «Hawa, berýär» diýdi. Öýe gelende, Isa ondan öňürdip: «Simun, sen näme diýýärsiň? Ýer ýüzündäki patyşalar gümrük ýa salgydy kimden alýarlar? Öz ogullaryndanmy ýa kesekilerdenmi?» diýdi.
26 Petrus Oňa: «Kesekilerden» diýende, Isa oňa şeýle diýdi: «Onda, ogullar erkindir.
27 Ýöne olary büdretmezlik üçin köle git-de, çeňňek taşla. Oňa ilkinji ilen balygy alyp, agzyny açsaň, bir teňňä gözüň düşer. Ony al-da, Meniň üçinem, özüň üçinem olara ber».