Mattanyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28


Bap 21

Olar Iýerusalime golaýlap, Zeýtun dagynyň etegindäki Beýtfaja gelip ýetenlerinde, Isa iki şägirde:
2 Öňüňizdäki oba baryň, salym geçmänkä, daňylgy duran ýany taýharly bir eşegi taparsyňyz, olary çözüň-de, Maňa getiriň.
3 Biri size bir zat diýse: „Bular Rebbe gerek, ynha, yzyna iberer" diýiň» diýip, ýollady.
4 Bu-da pygamber arkaly aýdylan şu sözüň ýerine ýetmegi üçindi:
5 «Sion gyzyna diýiň: Ine, seniň patyşaň bir eşege münüp, eşegiň balasy taýhara münüp, pes göwünlilik bilen saňa gelýär».
6 Şägirtler hem gidip, Isanyň tabşyryşy ýaly etdiler.
7 Eşek bilen taýhary getirdiler-de, egin-eşiklerini olaryň üstüne atdylar, Isa-da taýharyň üstüne mündi.
8 Märekäniň köpüsi öz egin-eşiklerini ýola ýazýardy, käsi-de agaçlardan şahalar kesip, ýola düşeýärdi.
9 Onuň öňünden barýan we yzyndan gelýän märeke: «Dawut Ogluna hosanna! Rebbiň adyndan gelýän gutly bolsun, iň ýokarlarda hosanna!» diýip gygyryşýardylar.
10 Isa Iýerusalime girende, bütin şäher: «Bu kim?» diýip titreýärdi.
11 Märeke hem: «Bu Jeliläniň Nasyra şäherinden bolan Isa pygamber» diýýärdi.
12 Isa Hudaýyň ybadathanasyna girip, içerdäki satyjylary, alyjylary daşaryk kowdy. Pul çalyşýanlaryň tekjelerini, kepderi satýanlaryň oturgyçlaryny düňderdi.
13 Olara şeýle diýdi: «„Meniň öýüme doga öýi diýler" diýip ýazylgydyr, siz muny garakçylaryň sürenine öwürdiňiz».
14 Ybadathanada körler, agsaklar Onuň ýanyna geldiler, Ol hem olary sagaltdy.
15 Baş ruhanylar bilen kanunçylar Onuň eden täsinliklerini, ybadathanada: «Dawut Ogluna hosanna!» diýip gygyrýan çagalary görenlerinde gaharlandylar.
16 Oňa: «Bularyň näme diýýänini eşidýärsiňmi?» diýdiler. Isa-da olara şeýle diýdi: «Hawa, siz: „Ýaşajyk balalaryň, süýt emýänleriň agzyndan alkyşlar aldyň" diýen sözi asla okamadyňyzmy?»
17 Isa olaryň ýanyndan gitdi, şäherden çykyp hem Beýtaniýa geldi, gijäni şol ýerde geçirdi.
18 Ertesi şähere dolanyp gelýärkä ajykdy.
19 Ýoluň gyrasynda bir injir agajyny görüp, onuň ýanyna geldi, ýöne ondan ýapraklardan başga hiç zat tapmady. Isa agaja: «Mundan beýläk senden asla iýmiş önmesin!» diýdi. Injir agajy bolsa şol pursatyň özünde gurady.
20 Şägirtler muny görüp: «Injir agajy şol pursatyň özünde nähili gurady?» diýşip haýran galdylar.
21 Isa şeýle jogap berdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, imanyňyz bolup, şübhe etmeseňiz, siz diňe bu injir agajyna edileni etmek bilen çäklenmän, eýsem, şu daga: „Göteril-de, deňze zyňyl" diýseňiz-de, bu bolar.
22 Iman edip, doga bilen her näme dileseňiz, alarsyňyz».
23 Isa ybadathana gelip, sapak berip durka, baş ruhanylar, halkyň ýaşululary Onuň ýanyna gelip: «Sen haýsy ygtyýar bilen bu zatlary edýärsiň? Saňa bu ygtyýary kim berdi?» diýdiler.
24 Isa olara jogap berip diýdi: «Men-de sizden bir zat sorajak, Maňa jogap berseňiz, Men hem size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýdaýyn.
25 Ýahýanyň çokundyrmasy niredendi? Gökdenmi ýa ynsandan?» Olar-da özara pikir alşyp diýdiler: «Biz: „Gökden" diýsek, Ol bize: „Onda, näme üçin oňa iman getirmediňiz?" diýer.
26 „Ynsandan" diýmäge-de halkdan gorkýarys, çünki hemmeler Ýahýany bir pygamber saýýar».
27 Olar Isa şeýle jogap berdiler: «Biz bilmeýäris». Isa-da olara şeýle diýdi: «Men-de size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýtmaýaryn».
28 Siz näme diýýärsiňiz? Bir adamyň iki ogly bar eken. Ol birinjisine baryp: „Oglum, bu gün git-de, üzümlikde işle" diýýär.
29 Ol hem jogap berip: „Gitjek däl" diýýär. Ýöne soň ökünip gidýär.
30 Ýaňky adam ikinjisine baryp şol sözi aýdýar; ol: „Bolýar, aga" diýýär, ýöne gitmeýär.
31 Bularyň ikisinden kakasynyň islegini ýerine ýetiren haýsysy?» Olar: «Birinjisi» diýdiler. Isa olara diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, salgytçylardyr kemçinler Hudaýyň Patyşalygyna sizden öň girer.
32 Çünki Ýahýa siziň ýanyňyza dogrulyk ýoly bilen geldi, siz oňa ynanmadyňyz, ýöne salgytçylar, kemçinler oňa ynandylar. Siz muny göreňizden soň hem ökünmediňiz, oňa ynanmadyňyz».
33 Ýene bir tymsala gulak asyň: Öý eýesi bolan bir adam bar eken. Ol üzüm agaçlaryny oturdyp, daşyna haýat aýlaýar we bir üzüm sykylýan çukur gazýar, bir diň salyp, üzümligi bagbanlara ekerine berýär-de, uzak ýola gidýär.
34 Hasyl wagty golaýlanda, miwesini almak üçin hyzmatkärlerini bagbanlara iberýär.
35 Bagbanlar onuň hyzmatkärlerini tutup, birini ýençýärler, birini öldürýärler, beýlekisini-de daşlaýarlar.
36 Üzümligiň eýesi öňküden köp hyzmatkär iberýär. Bagbanlar olara-da öňkülere edenlerini edýärler.
37 Soňunda üzümligiň eýesi: „Oglumy sylarlar" diýip, öz ogluny iberýär.
38 Bagbanlar onuň ogluny görenlerinde, biri-birlerine: „Mirasdar şu, geliň, muny öldüreliň, miras bize galar" diýişýärler.
39 Ony tutup, üzümlikden daşaryk taşlap öldürýärler.
40 Indi üzümligiň eýesi gelende bu bagbanlara näme eder?»
41 Olar Isa diýdiler: «Bu pis adamlary aýylganç ölüme sezewar edip, üzümligi möwsüminde miwesini özüne berjek bagbanlara ekerine berer».
42 Isa olara şeýle diýdi: «Siz Mukaddes Ýazgylarda: „Ussalaryň ret eden daşy, burçuň başy boldy. Bu Rebbiň edenidi, biziň gözümize bir täsinlik" diýen sözi asla okamadyňyzmy?
43 Munuň üçin size diýýärin, Hudaýyň Patyşalygy sizden alnyp, Onuň miwelerini öndürjek millete berler.
44 Bu daşyň üstüne ýykylan bölek-bölek bolar, ol biriniň üstüne gaçsa, ony mynjyradar».
45 Baş ruhanylardyr fariseýler Onuň tymsallaryny eşidenlerinde, özleri hakda gürrüň edýänini aňdylar.
46 Ony tutjak boldular, ýöne halkdan gorkdular, çünki halk Isany pygamber saýýardy.