Mattanyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28


Bap 12

Şol wagtlarda Isa bir Sabat güni bugdaýlygyň arasyndan geçip barýardy. Şägirtleri ajygyp, bugdaý başlaryny ýolup iýmäge başladylar.
2 Muny gören fariseýler Oňa: «Ine, Seniň şägirtleriň Sabat güni etmesiz zady edýärler» diýdiler.
3 Isa olara şeýle diýdi: «Siz özi we ýanyndakylar aç galanlarynda, Dawudyň näme edenini okamadyňyzmy?
4 Ol Hudaýyň öýüne baryp, Hudaýa hödürlenip goýlan çöreklerden iýdi. Bu bolsa oňa-da, ýanyndakylara-da gadagandy, diňe ruhanylara gadagan däldi.
5 Ýa-da ybadathanada Sabat gününiň kadalaryny bozsalar-da, ruhanylaryň ýazyksyz bolýandyklary hakda Mukaddes Kanundan okamadyňyzmy?
6 Men size diýýärin, bu ýerde ybadathanadan-da uly Biri bar.
7 Siz „Men gurban däl-de, rehimdarlyk isleýärin" diýen sözüň manysyny bilsediňiz, ýazyksyzlara höküm etmezdiňiz.
8 Çünki Ynsan Ogly Sabat gününiň hem Rebbidir».
9 Isa ol ýerden gitdi, olaryň sinagogasyna bardy.
10 Ine, ol ýerde eli gurap inçelen bir adam bardy. Isany aýyplajak bolup, Ondan: «Sabat güni şypa etmek bolarmy?» diýip soradylar.
11 Isa olara şeýle diýdi: «Sizden haýsy adam bir goýny bolup, ol-da Sabat güni çukura gaçsa, goýny alyp çykarmaz?
12 Ynsan goýundan näçe gymmatlydyr! Munuň üçin Sabat güni ýagşylyk etmek bolar».
13 Onsoň Isa ýaňky adama: «Eliňi uzat» diýdi. Ol hem uzatdy, eli beýlekisi ýaly sagaldy.
14 Fariseýler daşaryk çykyp, Isany nähili heläk etmelidigi barada maslahatlaşdylar.
15 Emma Isa muny bilip, ol ýerden gitdi. Köp adamlar Onuň yzyna düşdi, Isa hem olaryň hemmesini sagaltdy.
16 Özüniň kimligini mälim etmesinler diýip, olara tabşyrdy.
17 Bu bolsa Işaýa pygamber arkaly aýdylan şu sözüň ýerine ýetmegi üçindi:
18 «Ine, Meniň seçen Gulum, Söýenim, janym Ondan razydyr. Men Ruhumy Onuň üstünde goýaryn, Ol hem adalaty milletlere yglan eder.
19 Ol ne çekeleşer, ne gygyrar, Ne-de biri köçelerde Onuň sesini eşider.
20 Adalaty ýeňşe ýetirýänçä, Epilen gamşy döwmez, Tütän peltäni söndürmez.
21 Milletler Onuň adyna umyt baglarlar».
22 Onsoň jyn uran bir kör hem lal adamy Isanyň ýanyna getirdiler. Isa ony sagaltdy. Şeýlelikde, ýaňky adam hem gepledi, hem gördi.
23 Hemme halk geň galyp: «Bu Dawudyň Ogly dälmi?» diýişdiler.
24 Muny eşiden fariseýler: «Bu adam diňe jynlaryň hany Beýelzebul arkaly jynlary kowýar» diýdiler.
25 Emma Isa olaryň pikirlerini bilip, şeýle diýdi: «Içinde bölünişik bolan islendik patyşalyk, şäher ýa-da öý berk durmaz.
26 Şeýtan şeýtany kowýan bolsa, onda içinde bölünişik bardyr, onsoň onuň patyşalygy nähili durar?
27 Men jynlary Beýelzebul arkaly kowýan bolsam, onda siziň adamlaryňyz olary kim arkaly kowýarlar? Şoňa görä-de, olar size kazylyk ederler.
28 Men jynlary Hudaýyň Ruhy arkaly kowýan bolsam, onda Hudaýyň Patyşalygy size-de gelendir.
29 Biri bir güýçli adamyň öýüne girip, nähili onuň malyny talap biler? Öňürti ony baglamaly bolar, onsoň öýüni talar.
30 Meniň bilen bile bolmadyk Maňa garşydyr, Meniň bilen bile ýygmadyk dagadar.
31 Şonuň üçin size şuny diýýärin: ynsanlaryň her bir günäsi, her bir zada dil ýetirmesi bagyşlanar, ýöne Mukaddes Ruha dil ýetirmeklik bagyşlanmaz.
32 Ynsan Ogluna garşy aýdylan söz bagyşlanar, ýöne Mukaddes Ruha garşy aýdylan söz bagyşlanmaz. Ol şu döwürde-de, geljekde-de bagyşlanmaz.
33 Ýa-ha agajy-da oňat, miwesini-de oňat ediň, ýa-da agajy-da erbet, miwesini-de erbet ediň, çünki agaç miwesinden tanalýandyr.
34 Eý, alahöwrenler nesli, siz özüňiz erbetkäňiz, nähili oňat zatlar sözläp bilersiňiz? Çünki agyz ýüregiň dolulygyndan sözleýändir.
35 Oňat adam oňat hazynasyndan oňat zat çykarar, erbet adam erbet hazynasyndan erbet zat çykarar.
36 Men size diýýärin, adamlar aýdan her bir boş sözi üçin höküm gününde hasap berer.
37 Çünki siz öz sözüňiz bilen aklanyp, öz sözüňiz bilen höküm edilersiňiz».
38 Şonda käbir kanunçylar we fariseýler Oňa jogap berip: «Mugallym, biz Senden bir alamat görmek isleýäris» diýdiler.
39 Isa olara şeýle jogap berdi: «Erbet, zynahor nesil bir alamat talap edýär, ýöne oňa Ýunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez.
40 Çünki Ýunusyň üç gije-gündiz bir balygyň garnynda galyşy ýaly, Ynsan Ogly-da üç gije-gündiz ýeriň bagrynda galar.
41 Ninewiýa halky magşar güni bu nesil bilen bilelikde galyp, ony höküm eder, çünki olar Ýunusyň wagzy bilen toba geldiler. Ine, bu ýerde Ýunusdan hem uly Biri bar.
42 Günorta tarapyň aýal patyşasy magşar güni bu nesil bilen bile galyp, ony höküm eder, çünki ol Süleýmanyň pähimini diňlemek üçin, Ýeriň ol ujundan geldi. Ine, bu ýerde Süleýmandan-da uly Biri bar.
43 Al-arwah adamdan çykansoň, gurak ýerlere aýlanyp, dynçlyk gözleýär, ýöne tapmaýar.
44 Onsoň: „Çykan öýüme öwrüleýin" diýip gelende, öýüň boş, süpürilgi, ýerbe-ýerdigini görýär.
45 Onsoň gidip, özünden hem erbet ýedi ruhy ýanyna alýar-da, şol ýere baryp mesgen tutýar. Şeýlelikde, ol adamyň soňky ýagdaýy öňküsinden-de erbet bolýar. Bu erbet nesle-de şeýle bolar».
46 Isa halaýyga entek gürrüň berip durka, ine, ejesi bilen doganlary Onuň bilen gepleşjek bolup, gelip, daşarda durdular.
47 Biri Isa: «Ejeň bilen doganlaryň Seniň bilen gepleşjek bolup, daşarda durlar» diýdi.
48 Emma Isa muny aýdana şeýle jogap berdi: «Meniň ejem kim? Doganlarym kimler?»
49 Elini Öz şägirtlerine tarap uzadyp, şeýle diýdi: «Ine, Meniň ejem, Meniň doganlarym.
50 Çünki kim Meniň Gökdäki Atamyň islegini berjaý etse, şol Meniň doganym, uýam we ejemdir». ‎