Mattanyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28


Bap 27

Ertir irden ähli baş ruhanylardyr halkyň ýaşululary Isa ölüm jezasyny bermek üçin maslahat geçirdiler.
2 Ony baglap, eltip, häkim Pontius Pilatusa tabşyrdylar.
3 Onsoň Oňa haýynlyk eden Iuda Isanyň höküm edilenini görüp ökündi, otuz bölek kümşi yzyna ― baş ruhanylara, ýaşululara getirip,
4 «Men ýazyksyz gana haýynlyk edip günä etdim» diýdi. Olar-da: «Bu bize näme, özüň bilýärsiň» diýdiler.
5 Iuda kümüşleri ybadathana zyňdy-da, çykyp gitdi, baryp hem, özüni dardan asdy.
6 Baş ruhanylar bolsa kümüşleri alyp: «Hun bolany üçin, bulary ybadathananyň hazynasynda goýmak bolmaz» diýdiler.
7 Şeýlelikde, maslahat geçirip, ýatlara gonamçylyk etmek üçin, ol pul bilen küýzegäriň ýerini satyn aldylar.
8 Şonuň üçin ol ýere şu güne çenli «Gan ýeri» diýilýär.
9 Şonda Ýeremiýa pygamber arkaly aýdylan bu söz ýerine ýetdi:
10 «Ysraýyl ogullarynyň ol Baha Kesilene kesen bahasyny, ýagny otuz bölek kümşi alyp, Hudaýyň maňa buýruşy ýaly, küýzegäriň ýeri üçin berdiler».
11 Isa häkimiň öňünde durdy. Häkim Ondan: «Sen ýehudylaryň patyşasymy?» diýip sorady. Isa hem: «Seniň aýdyşyň ýalydyr» diýdi.
12 Ýöne baş ruhanylar, ýaşulular Ony aýyplanlarynda, hiç bir jogap bermedi.
13 Onsoň Pilatus Oňa: «Saňa garşy, gör, näçe güwälik berilýär, eşitmeýärsiňmi?» diýdi.
14 Isa onuň ýekeje sözüne hem jogap bermedi. Häkim muňa gaty geň galdy.
15 Pesah baýramynda halkyň dilän bir tussagyny boşatmagy häkim adat edinipdi.
16 Şol wagtlar Barabbas atly bir belli tussag bardy.
17 Şeýlelikde, halk ýygnanyşanda Pilatus olara: «Siziň üçin kimi boşatmagymy isleýärsiňiz? Barabbasymy ýa-da Mesih diýilýän Isany?» diýdi.
18 Çünki ol Isany göripçilikden tabşyrandyklaryny bilýärdi.
19 Pilatus höküm kürsüsinde otyrka, aýaly oňa: «Ol dogry Adam bilen seniň işiň bolmasyn, çünki men şu gün düýşümde Ol zerarly köp ezetler çekdim» diýip, habar ýollapdy.
20 Baş ruhanylar, ýaşulular Barabbasyň boşadylmagyny we Isanyň öldürilmegini islesinler diýip, halky yrdylar.
21 Häkim olara ýüzlenip: «Siz bu ikisinden haýsynyň boşadylmagyny isleýärsiňiz?» diýdi. Olar hem: «Barabbasy» diýdiler.
22 Pilatus olara: «Onda, men Mesih diýilýän Isany näme edeýin?» diýdi. Olaryň hemmesi: «Ol haça çüýlensin!» diýdiler.
23 Häkim: «Ol näme ýaman iş etdi?» diýdi. Emma olar: «Ol haça çüýlensin!» diýip, has beter gygyryşdylar.
24 Pilatus gep peýda bermän, gaýtam, galmagalyň barha artýandygyny görüp, suw aldy-da, märekäniň öňünde elini ýuwup: «Bu dogry Adamyň ganynyň dökülmeginde men ýazyksyz, galanyny özüňiz bilýärsiňiz» diýdi.
25 Hemme halaýyk hem jogap berip: «Onuň ganyna biz, biziň çagalarymyz jogapkär!» diýdiler.
26 Şonda Pilatus Barabbasy boşatdy, Isany bolsa gamçyladyp, haça çüýlemäge berdi.
27 Onsoň häkimiň esgerleri Isany hökümet köşgüne äkitdiler-de, bütin goşun bölümini Onuň daşyna üýşürdiler.
28 Egin-eşigini çykaryp, egnine gyrmyzy don geýdirdiler.
29 Tikenden täç örüp, başyna geýdirdiler-de, sag eline bir gamyş berdiler. Öňünde dyza çöküp: «Salam, eý ýehudylar patyşasy» diýip, Ony masgaraladylar.
30 Onuň üstüne tüýkürdiler, gamşy alyp, başyna urdular.
31 Ony masgaralanlaryndan soň, gyrmyzy dony egninden çykardylar-da, Öz egin-eşigini geýdirip, haça çüýlemäge alyp gitdiler.
32 Daşaryk çykanlarynda, Simun atly kireneli bir adama sataşdylar. Olar bu adamy Isanyň haçyny götermäge mejbur etdiler.
33 Golgata, ýagny «Kelleçanak» diýen ýere gelenlerinde,
34 Oňa içirjek bolup, öt gatylan şerap berdiler, ýöne Isa dadanyndan soň, ony içmek islemedi.
35 Ony haça çüýlänlerinden soň, bije atyşyp egin-eşigini özara paýlaşdylar.
36 Onsoň ol ýerde oturyp, Oňa garawullyk etdiler.
37 Depesinde bolsa: «BU ÝeHUDYLARYŇ PATYŞASY ISADYR» diýen etmiş ýazgysyny goýdular.
38 Onuň bilen bile iki garakçy haça çüýlendi. Olaryň biri Isanyň sag tarapynda, biri-de çep tarapyndady.
39 Geçip barýanlar başlaryny ýaýkap, Isa sögüp:
40 «Ybadathanany ýykyp-da, üç günde saljak Sen Özüňi halas et! Hudaýyň Ogly bolsaň, haçdan aşak in!» diýişýärdiler.
41 Şunuň ýaly, baş ruhanylar-da kanunçylar we ýaşulular bilen Ony masgaralap, şeýle diýişýärdiler:
42 Özgeleri halas etdi, ýöne Özüni halas edip bilmeýär. Ol Ysraýylyň Patyşasy bolsa, goý, häzir haçdan aşak insin, biz-de Oňa iman edeli.
43 Hudaýa sygynýardy. Hudaý Ony halaýan bolsa, goý, häzir Ony halas etsin, çünki Ol: „Men Hudaýyň Ogludyryn" diýýärdi».
44 Onuň bilen bile haça çüýlenen garakçylar-da Oňa edil şonuň ýaly sögýärdiler.
45 Günortandan başlap, öýlän sagat üçe çenli bütin ýurda garaňky düşdi.
46 Öýlän sagat üçlerde Isa gaty ses bilen gygyryp: «Eli, Eli, lama sabaktani», ýagny: «Hudaýym, Hudaýym, näme üçin Meni terk etdiň?» diýdi.
47 Ol ýerde duranlaryň käbiri muny eşidenlerinde: «Bu Adam Ylýasy çagyrýar» diýişdiler.
48 Olaryň biri derrew ylgap, bir gubkany aldy-da, ony sirkeden dolduryp, içirjek bolup Isa uzatdy.
49 Beýlekiler-de: «Duruň, göreliň, Ylýas Ony halas etmäge gelýärmi?» diýişdiler.
50 Isa ýene gaty ses bilen gygyryp jan berdi.
51 Ine, ybadathananyň tutusy ýokardan aşaklygyna ýyrtylyp, ikä bölündi, ýer titräp, daşlar ýaryldy.
52 Mazarlar açylyp, uka giden ençeme mukaddesleriň jesedi direldi.
53 Olar mazarlardan çykyp, Isanyň direlmeginden soň, mukaddes şähere baryp, köplere göründiler.
54 Ýüzbaşy we onuň bilen bile Isa garawullyk edip duranlar bolsa ýer titremegini, bolan beýleki zatlary görenlerinde: «Dogrudan-da, bu Hudaýyň Ogly eken» diýşip, gaty gorkdular.
55 Isa hyzmat edip, Jelileden Onuň yzyna düşüp gelen bir topar aýallar-da ol ýerdediler we uzakdan seredişip durdular.
56 Magdalaly Merem, Ýakupdyr Ýusubyň ejesi Merem we Zebedeý ogullarynyň ejesi olaryň arasyndady.
57 Agşam bolanda, Ýusup atly arimatiýaly bir baý adam geldi, onuň özi-de Isanyň şägirtlerindendi.
58 Ol Pilatusyň ýanyna baryp, Isanyň jesedini diledi. Şonda Pilatus jesediň oňa berilmegini buýurdy.
59 Ýusup-da meýidi alyp, Ony tämiz kepene dolap,
60 gaýanyň içinde gazan täze mazarynda jaýlady, mazaryň agzyna bolsa bir uly daşy togalady-da, gitdi.
61 Magdalaly Merem bilen beýleki Merem hem şol ýerde mazaryň garşysynda otyrdylar.
62 Ertesi, ýagny Taýýarlyk gününden soňraky gün baş ruhanylar we fariseýler Pilatusyň ýanyna ýygnanyşyp,
63 şeýle diýdiler: «Jenap, ol aldawçynyň entek dirikä: „Men üç günden soň direlerin" diýeni biziň ýadymyzda.
64 Şonuň üçin, mazaryň üçünji güne çenli saklanmagyny buýur, şägirtleri gije gelip, jesedi ogurlap, halka bolsa: „Ol direldi" diýäýmesinler. Bu soňky ýalan öňküden erbet bolar».
65 Pilatus olara: «Siziň garawullaryňyz bar, gidiň-de, mazary bilşiňiz ýaly sakladyň» diýdi.
66 Olar hem baryp, daşy möhürlediler-de, garawul goýup, mazary saklatdylar.