Markusyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16


Bap 1

Bu Hudaýyň Ogly Isa Mesih hakdaky Hoş Habaryň başlangyjydyr.
2 Pygamberleriň kitabynda şeýle ýazylgy: «Ine, Men Öz habarçymy Seniň öňüňden iberýärin. Ol Seniň ýoluňy taýýarlar».
3 «Çölde gygyrýanyň sesi: Rebbiň ýoluny taýýarlaň, Onuň ýodalaryny dogrulaň diýýär».
4 Şeýlelikde, Ýahýa peýda boldy. Ol çölde çokundyrýardy, günäleriň ötülmegi üçin toba edip çokundyrylmagy wagyz edýärdi.
5 Bütin Ýahuda ýurdy, iýerusalimlileriň bary onuň ýanyna çozuşýardylar. Olar günälerini boýun alýardy, Ýahýa hem olary Iordan derýasynda çokundyrýardy.
6 Ýahýanyň düýe ýüňünden geýimi, bilinde gaýyşdan guşagy bardy we çekirtge bilen ýabany bal iýerdi.
7 Ol wagyz edip: «Menden soň menden has güýçli Biri geler. Men egilip, Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin.
8 Men sizi suw bilen çokundyrdym, emma Ol sizi Mukaddes Ruh bilen çokundyrar» diýýärdi.
9 Şol günlerde Isa Jeliläniň Nasyra şäherinden geldi, Ýahýa Ony Iordan derýasynda çokundyrdy.
10 Isa suwdan çykyp gelýärkä, Gögüň ýarylyp açylanyny, Ruhuň kepderi kimin Öz üstüne inip gelýänini gördi.
11 Gökden: «Sen Meniň söýgüli Oglumsyň, Men Senden köp razydyryn» diýen owaz geldi.
12 Ruh Isany derrew çöle ýollady.
13 Ol kyrk günläp çölde boldy; şeýtan Ony synady. Isa wagşy haýwanlaryň arasynda boldy, perişdeler Oňa hyzmat etdiler.
14 Ýahýa tutulandan soň, Isa Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz edip, Jelilä geldi.
15 Ol: «Wagt doldy, Hudaýyň Patyşalygy golaýlady. Toba ediň, Hoş Habara ynanyň!» diýýärdi.
16 Isa Jelile kölüniň kenaryndan geçip barýarka, Simun bilen onuň dogany Andreýasyň köle torlaryny zyňyp duranlaryny gördi. Bular balykçydylar.
17 Isa olara: «Meniň yzyma düşüň, Men sizi ynsan tutýan balykçylar edeýin» diýdi.
18 Olar-da derrew torlaryny taşlap, Onuň yzyna düşdüler.
19 Biraz ýöränlerinden soň, Isa Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen onuň dogany Ýahýany gördi. Olar gaýygyň içinde torlaryny bejerip otyrdylar.
20 Isa derrew olary çagyrdy. Olar-da kakalary Zebedeýi öz günlükçileri bilen gaýykda galdyryp, Isanyň yzyna düşdüler.
21 Kapernauma geldiler. Sabat güni Isa sinagoga baryp, sapak bermäge durdy.
22 Onuň taglymatyna haýran galdylar. Çünki Isa olara kanunçylar kimin däl-de, erk-ygtyýarly biri ýaly bolup sapak berýärdi.
23 Şol wagt olaryň sinagogasynda arwaha sataşan bir adam bardy. Ol:
24 «Biziň bilen Seniň näme işiň bar, eý, Nasyraly Isa? Bizi heläk etmäge geldiňmi? Men Seniň kimdigiňi bilýärin, Sen Hudaýyň Mukaddesisiň» diýip gygyrdy.
25 Isa arwaha käýäp: «Sem bol-da, ondan çyk!» diýdi.
26 Arwah hem ol adamy sandyratdy-da, bagyryp, ondan çykdy.
27 Hemmeler geňirgenişip, biri-birlerine: «Bu näme boldugy? Bu täze taglymat näme? Ol al-arwahlara-da ygtyýar bilen buýruk berýär, olar-da aýdanyna gulak asýarlar!» diýişdiler.
28 Şeýlelikde, Isa hakdaky gürrüňler tiz Jeliläniň bütin etrabyna ýaýrady.
29 Sinagogadan çykan batlaryna, Ýakup we Ýahýa bilen bilelikde Simun we Andreýasyň öýüne gitdiler.
30 Simunyň gaýynenesi gyzzyrma tutup ýatyrdy. Muny derrew Isa aýtdylar.
31 Ol-da syrkawyň ýanyna bardy, ony elinden tutup galdyrdy. Aýalyň gyzzyrmasy aýrylyp, olara hyzmat etmäge durdy.
32 Gün ýaşyp, agşam düşende, ähli syrkawlary, arwah-jyn uran adamlary Onuň ýanyna getirdiler.
33 Bütin şäher halky gapynyň agzyna ýygnanyşypdy.
34 Isa dürli syrkawçylyklara ýolugan ençeme adamy sagaltdy, ençeme jyny kowup çykardy. Ol jynlary gepletmeýärdi, çünki olar Onuň kimdigini bilýärdiler.
35 Ertir irden, şapak entek gyzarmanka, Isa turup, daşaryk çykdy, bir çola ýere baryp, doga etmäge durdy.
36 Simun bilen ýanyndakylar Ony gözlemäge gitdiler.
37 Ony tapanlarynda: «Her kes Seni gözläp ýör» diýdiler.
38 Isa olara: «Başga ýere, golaýdaky şäherlere gideliň, Men ol ýerlerde-de wagyz etjek, çünki şonuň üçin geldim» diýdi.
39 Şeýlelikde, sinagogalarynda wagyz edip, jynlary kowup, bütin Jeliläni gezdi.
40 Isanyň ýanyna heýwere keselli bir adam geldi, dyza çöküp: «Eger isleseň, meni tämiz edip bilersiň» diýip, Oňa ýalbardy.
41 Isanyň ýüregi awady, elini uzatdy-da: «Isleýärin, tämiz bol!» diýip, oňa elini degirdi.
42 Heýwere keseli ondan derrew aýrylyp, ol adam tämiz boldy.
43 Isa oňa berk tabşyryk berip, ony derrew ugradyp:
44 «Seret, hiç kime aýtma, ýöne bar, özüňi ruhana görkez-de, hemmelere güwälik bolar ýaly, tämizligiň üçin Musanyň tabşyran gurbanlaryny bagyş et» diýdi.
45 Emma ol adam çykdy, köp gürrüň berip, bolan zatlary ýaýratmaga başlady. Şonuň üçin, Isa, artykmaç, hiç bir şähere aç-açan girip bilmän, daşarda, çola ýerlerde bolýardy. Halk hem her tarapdan Onuň ýanyna çozýardy.