Markusyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16


Bap 6

Isa ol ýeri terk edip, Öz önüp-ösen mekanyna gitdi. Şägirtleri hem Onuň yzyna düşüp gitdiler.
2 Sabat güni gelende, sinagoga baryp, sapak bermäge durdy. Onuň aýdýanlaryny eşiden köp adamlar geňirgenişip: «Bu Adam bu zatlary nireden aldy? Muňa berlen bu akyldarlyk näme? Beýle mugjyzalary nähili edýärkä? diýdiler.
3 Bu agaç ussasy dälmi? Bu Meremiň ogly, Ýakup, Ioses, Iuda we Simunyň dogany dälmi? Munuň aýal doganlary biziň ýanymyzda dälmi?» Şeýlelikde, öýke-kine bilen Ony ret etdiler.
4 Isa olara: «Pygamber öz ýurdundan, garyndaşlarynyň arasyndan, öz öýünden başga hiç ýerde gadyrsyz däldir» diýdi.
5 Ol birnäçe syrkawy üstlerine ellerini goýup sagaltmakdan başga ol ýerde hiç bir mugjyza edip bilmedi.
6 Olaryň imansyzdygyna geň galdy. Şondan soň Isa töwerekdäki obalara aýlanyp sapak bererdi.
7 Ol Onkileri ýanyna çagyryp, olary iki-ikiden ýollamaga başlady, olara al-arwahlary kowmaga ygtyýar berdi.
8 Ýol üçin ýanlaryna bir taýakdan başga hiç bir zat almazlygy tabşyrdy. Ne çörek, ne torba, ne-de guşaklarynda pul bolmalydy.
9 Olar diňe çaryk geýmelidiler, iki köýnek geýmeli däldiler.
10 Isa olara şeýle diýdi: «Haýsy ýerde bir öýe barsaňyz, ol ýerden gidýänçäňiz şol öýde boluň.
11 Haýsy ýer sizi kabul etmese, sizi diňlemese, ol ýerden çykyp barýarkaňyz, olara garşy güwälik bolar ýaly, aýaklaryňyzyň tozuny kakyň».
12 Şunluk bilen, olar ýola düşüp, adamlaryň toba etmek gerekdigini wagyz etmäge başladylar.
13 Olar köp jynlary kowup çykardylar, köp syrkawlary ýag çalyp sagaltdylar.
14 Hirodes patyşa-da bolup-geçýän zatlary eşitdi. Çünki Isanyň at-owazasy il arasyna ýaýrapdy. Hirodes hem: «Çokundyryjy Ýahýa ölümden direlendir. Bu mugjyzalaryň ondan çykmagynyň sebäbi budur» diýýärdi.
15 Beýlekiler bolsa: «Bu ― Ylýas», käbirleri-de: «Bu şol öňki pygamberleriň biri ýaly pygamberdir» diýişýärdiler.
16 Hirodes bulary eşidip: «Meniň başyny kesen Ýahýam direlipdir!» diýdi.
17 Çünki Hirodesiň özi adam iberip Ýahýany tutduryp, el-aýagyny bagladyp, ony zyndana saldyrypdy. Ol muny öz dogany Filipusyň aýaly Hirodiýanyň hatyrasyna edipdi. Çünki Hirodes bu aýala öýlenende, Ýahýa oňa: «Seniň öz doganyňyň aýalyny almagyň dogry däl» diýipdi.
19 Şeýlelikde, Hirodiýa Ýahýa garşy ýüreginde kine saklap, ony öldürmek isleýärdi, ýöne bu elinden gelmeýärdi.
20 Çünki Hirodes Ýahýanyň dogry hem mukaddes adamdygyny bilip, ondan heder ederdi, ony gorardy. Ony diňledigiçe, howsala düşerdi, muňa garamazdan, guwanç bilen Ony diňlärdi.
21 Ýöne welin Hirodes öz doglan güni mynasybetli köşk emeldarlaryny, müňbaşylary we Jeliläniň uly adamlaryny çagyryp, toý tutanda, amatly pursat hem gelip ýetdi.
22 Hirodiýanyň gyzy içerik girip, tans edip, Hirodesiň we onuň myhmanlarynyň göwnüni çaglady. Patyşa gyza: «Näme dileseň dile, saňa bereýin» diýdi.
23 Oňa: «Menden näme dileseň, patyşalygymyň ýarysy-da bolsa, saňa bererin» diýip ant içdi.
24 Gyz hem daşaryk çykyp ejesine: «Näme diläýin?» diýdi. Ol hem: «Çokundyryjy Ýahýanyň başyny» diýip jogap berdi.
25 Gyz derrew patyşanyň ýanyna ylgap geldi-de: «Häziriň özünde Çokundyryjy Ýahýanyň başyny bir tabakda goýup, maňa bermegiňi isleýärin» diýdi.
26 Patyşa gaty gamgyn boldy, ýöne myhmanlaryň ýanynda ant içensoň, gyzyň dilegini yzyna gaýtarmak islemedi.
27 Derrew bir jellady ýollap, Ýahýanyň başyny getirmegi buýurdy. Jellat-da baryp, zyndanda Ýahýanyň başyny kesdi.
28 Kesilen başy bir tabakda getirip, gyza berdi. Gyz-da ony ejesine berdi.
29 Ýahýanyň şägirtleri muny eşidip geldiler-de, onuň jesedini äkidip, bir mazarda jaýladylar.
30 Resullar Isanyň ýanyna ýygnanyp, öz eden işleriniň, öwreden zatlarynyň baryny Oňa habar berdiler.
31 Isa olara: «Siziň ýeke özüňiz bir çola ýere geliň-de, biraz dem-dynç alyň» diýdi. Çünki gelip-gidýänleriň köpdüginden ýaňa, nahar edinmäge-de elleri ýetmeýärdi.
32 Olar-da ýeke özleri gaýyga münüp, bir çola ýere gitdiler.
33 Gidip barýanlaryny görenlerinde, köp adamlar olary tanap, bütin şäherlerden paý-pyýada ylgaşyp, olaryň özlerinden öň ol ýere bardylar we Isanyň öňünden çykdylar.
34 Isa gaýykdan düşende, uly märekäni görüp, olara haýpy geldi. Çünki olar çopansyz goýunlar ýalydy. Şonuň üçin, olara köp zatlary öwretmäge başlady.
35 Wagt gijigenden soň, şägirtleri Onuň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Bu bir çola ýer, wagt hem gijikdi.
36 Märekäni goýber, töwerekdäki ekin meýdanlaryna, obalara gidip, özlerine iýere zat satyn alsynlar».
37 Emma Isa: «Olara siz iýere zat beriň» diýdi. Oňa: «Biz gidip, iki ýüz dinara çörek satyn alyp-da, olara iýdirelimi?» diýdiler.
38 Isa: «Näçe çöregiňiz bar? Gidiň-de, görüň» diýdi. Görenlerinden soň: «Bäş çörek bilen iki balygymyz bar» diýdiler.
39 Şonda olara halaýygy topar-topar edip, gök otuň üstünde oturtmagy buýurdy.
40 Şunluk bilen, olar ýüz-ýüzden, elli-elliden topar-topar bolup oturdylar.
41 Isa bäş çörek bilen iki balygy alyp, Göge bakyp şükür etdi-de, märekäniň öňünde goýar ýaly, bölüşdirip şägirtlerine berdi. Iki balygy-da olaryň hemmesine paýlady.
42 Hemmeler iýip doýdular.
43 Şägirtler artyp galan çöregiň döwümlerini, balyklaryň ownuklaryny ýygnap, on iki sebedi doldurdylar.
44 Çörekleri iýenler bäş müň adamdy.
45 Isa märekäni urgadyp durka, şägirtlerine derrew gaýyga münüp, Özünden öň beýleki kenardaky Betsaýda geçmegi buýurdy.
46 Märeke bilen hoşlaşanyndan soň, Ol doga etmäge daga çykdy.
47 Agşam düşende, gaýyk kölüň ortasynda, Ol bolsa, ýeke Özi ýerdedi.
48 Isa olaryň kynlyk bilen kürekläp barýandyklaryny gördi. Çünki ýel olaryň garşysyndandy. Gijäniň dördünji nobaty uçurlarynda kölüň ýüzünden ýöräp, olara tarap geldi we ýanlaryndan geçip gitjek boldy.
49 Emma olar Onuň kölüň ýüzünden ýöräp gelýänini görenlerinde, gözlerine görünýändir öýdüp gygyryşdylar.
50 Çünki hemmeler Ony görüp gorkdular. Emma Isa derrew olara söz gatyp: «Batyr boluň! Bu ― Men, gorkmaň!» diýdi.
51 Onsoň olaryň ýanyna gaýyga mündi, ýel hem ýatdy. Olar has beter geňirgenişip, haýran galdylar.
52 Çünki çörekli mugjyza düşünmändiler, sebäbi ýürekleri gataşypdy.
53 Kölüň aňyrsyna geçensoň, Jenesaret ýurduna baryp, ol ýerde labyr taşladylar.
54 Gaýykdan inen batlaryna halk Isany tanap,
55 Ylgaşyp şol jelegaýlara uçdantutma aýlandylar. Isanyň nirededigini eşidenler syrkawlary düşekleri bilen bile şol ýere getirmäge başladylar.
56 Oba bolsun, şäher ýa düz bolsun, Ol nirä barsa, syrkawlary bazar ýerinde ýatyryp, diňe geýiminiň syýnlaryna ellerini degirmäge rugsat etsin diýip, Oňa ýalbarýardylar. El degrenleriň hemmesi-de sagaldy.