Markusyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16


Bap 10

Isa ol ýerden gidip, Ýahuda çäklerine, Iordan derýasynyň aňyrsyna bardy. Onuň daşyna ýene-de bir topar märeke ýygnanyşyp, Ol ýene-de adaty boýunça olara sapak bermäge durdy.
2 Birnäçe fariseý gelip, Ony synamak üçin: «Bir adamyň aýalyny aýyrmagy dogrumydyr?» diýip sorady.
3 «Musa size nähili tabşyryk beripdir?» diýip, Isa olaryň özlerinden sorady.
4 Olar-da: «Musa talak hatyny ýazyp, aýyrmaga ygtyýar beripdir» diýdiler.
5 Isa olara şeýle diýdi: «Musa bu tabşyrygy siziň doňýürekdiňiz zerarly ýazdy.
6 Emma ýaradylyşyň başynda Hudaý olary „erkek we aýal edip ýaratdy".
7 Şonuň üçin erkek adam ata-enesini terk edip, aýalyna goşular.
8 Onsoň ikisi bir ten bolar". Şunluk bilen, olar indi iki däl, bir tendir.
9 Şeýlelikde, Hudaýyň goşanyny adam aýyrmasyn».
10 Şägirtleri Oňa öýde bu barada ýene sorag berdiler.
11 Isa olara: «Kim aýalyny aýryp, başga aýala öýlense, oňa garşy zyna edýändir.
12 Aýal-da ärinden aýrylyp, başga erkege barsa, zyna edýändir» diýip jogap berdi.
13 Olara elini degirsin diýip, çagalary Isanyň ýanyna getirdiler. Şägirtleri bolsa olary getirenlere käýediler.
14 Isa muny görende, gaharlanyp, olara şeýle diýdi: «Degmäň, çagalar Meniň ýanyma gelsin, olary bökdemäň, çünki Hudaýyň Patyşalygy şular ýalylaryňkydyr.
15 Size dogrusyny aýdýaryn, kim Hudaýyň Patyşalygyny bir çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez».
16 Ol çagalary gujaklap, elini üstlerinde goýup, olara ak pata berdi.
17 Isa ýola düşüp barýarka, bir adam ylgap geldi-de, öňünde dyza çöküp: «Eý, ýagşy Mugallym! Men ebedi ýaşaýşy miras alar ýaly näme etmeli?» diýip, Ondan sorady.
18 Isa oňa şeýle jogap berdi: «Näme üçin Maňa ýagşy diýýärsiň? Bir Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir.
19 Sen tabşyryklary bilýänsiň: „Adam öldürme, zyna etme, ogrulyk etme, ýalan güwälik berme, hiç kimi talama, ataňy, eneňi syla"».
20 Ýaňky adam Oňa: «Men ýaşlygymdan bäri bularyň baryny berjaý edip gelýärin» diýdi.
21 Isa oňa söýgi bilen seredip: «Seniň bir zadyň kem, bar, nämäň bar bolsa sat-da, garyplara ber, Gökde hazynaň bolar. Onsoň gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi.
22 Bu sözlere ýaňky adamyň mazasy gaçyp, ol ýerden tukat bolup gitdi. Çünki onuň köp mal-mülki bardy.
23 Isa töweregine seredip, şägirtlerine: «Barlylara Hudaýyň Patyşalygyna girmek nähili çetin!» diýdi.
24 Şägirtler Onuň sözlerine geňirgenişdiler. Isa ýene olara şeýle diýdi: «Oglanlar, baýlyga bil baglaýanlara Hudaýyň Patyşalygyna girmek nähili çetin!
25 Bir düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi barly adamyň Hudaýyň Patyşalygyna girmeginden aňsatdyr».
26 Şägirtler çakdanaşa geňirgenişip, biri-birlerine: «Onda, kim halas bolup biler?» diýişdiler.
27 Isa olara seredip: «Ynsanlaryň muňa mümkinçiligi ýok, ýöne Hudaý üçin beýle däl ― Hudaý üçin ähli zat mümkin» diýdi.
28 Petrus Oňa: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük» diýip başlady.
29 Isa şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň hatyram üçin, Hoş Habaryň hatyrasy üçin öýüni, doganlaryny, uýalaryny, enesini, atasyny, oglan-uşagyny ýa ýerlerini taşlap-da,
30 şindi, bu zamanda çekjek azaplary bilen birlikde, ýüz esse edip öýler, doganlar, uýalar, eneler, atalar, oglan-uşaklar, ýerler we geljek döwürde ebedi ýaşaýyş almajak ýokdur.
31 Ýöne köp ilkinjiler iň soňkular, iň soňkular hem ilkinjiler bolar».
32 Olar ýola düşüp, Iýerusalime bakan barýardylar. Isa öňlerinden ýöräp barýardy. Şägirtler geňirgenişýärdi, yzyna düşüp barýanlar hem gorky içindediler. Ol ýene-de Onkileri bir çete çekdi-de, Özüne näme boljagy hakda gürrüň bermäge başlap,
33 Şeýle diýdi: «Ine, Iýerusalime barýarys. Ynsan Ogly baş ruhanylara, kanunçylara tabşyrylar. Ony ölüme höküm edip, milletlere tabşyrarlar.
34 Oňa gülerler, üstüne tüýkürerler, Ony gamçylap, öldürerler we üçünji günde Ol direler».
35 Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýahýa Isanyň ýanyna baryp, Oňa: «Mugallym! Biz Senden näme dilesek, şony ýerine ýetirmegiňi isleýäris» diýdiler.
36 «Siziň üçin näme etmegimi isleýärsiňiz?» diýip, Isa olardan sorady.
37 Olar hem: «Öz şöhratyňda birimiziň sagyňda, birimiziň çepiňde oturmagymyza rugsat et» diýdiler.
38 Emma Isa olara: «Siz näme dileýäniňizi bilmeýärsiňiz. Siz Meniň içjek käsämden içip bilersiňizmi? Ýa Meniň çokunyşym bilen çokunyp bilersiňizmi?» diýdi.
39 Olar-da Oňa: «Muny edip bileris» diýdiler. Isa olara şeýle diýdi: «Siz Meniň içjek käsämden içersiňiz. Meniň çokunyşym bilen çokunarsyňyz.
40 Ýöne size sagymda ýa çepimde oturmaga rugsat bermek Meniň elimde däl. Bu kimler üçin taýynlanan bolsa, şolar üçindir».
41 Beýleki on şägirt muny eşidip, Ýakup bilen Ýahýa gaharlanmaga başladylar.
42 Isa olary ýanyna çagyryp, şeýle diýdi: «Özüňiz bilýärsiňiz, milletleriň arasynda başlyk saýylýanlar olara agalyk edýär, ululary-da olara ygtyýar bilen baştutanlyk edýär.
43 Siziň araňyzda beýle bolmasyn. Araňyzda kim uly bolmak isleýän bolsa, beýlekileriň hyzmatkäri bolsun.
44 Araňyzda kim ilkinji bolmak isleýän bolsa, hemmäňiziň guly bolsun.
45 Çünki Ynsan Ogly-da Özüne hyzmat edilmegi üçin däl, eýsem, hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde bermek üçin geldi».
46 Onsoň Eriha geldiler. Isa şägirtleri we uly märeke bilen Erihadan çykyp barýarka, Timaý ogly Bartimaý atly bir kör ýoluň kenarynda dilegçilik edip otyrdy.
47 Ol bu gelýäniň nasyraly Isadygyny eşidip: «Eý, Dawut Ogly Isa! Maňa rehim et!» diýip, gygyrmaga durdy.
48 Köp adamlar sesini çykarmasyn diýip, oňa käýediler, emma ol öňküden hem gaty ses bilen: «Eý, Dawut Ogly! Maňa rehim et!» diýip gygyrdy.
49 Isa aýak çekip: «Ony çagyryň» diýdi. Köri çagyryp oňa: «Batyr bol, tur, seni çagyrýar» diýdiler.
50 Ol hem donuny taşlap turdy-da, Isanyň ýanyna geldi.
51 Isa ondan: «Seniň üçin näme etmegimi isleýärsiň?» diýip sorady. Kör adam: «Ussat, gözüm görsün» diýdi.
52 Isa hem oňa: «Bar, imanyň saňa şypa berdi» diýdi. Onuň gözleri derrew görüp, ýol bilen Isanyň yzyna düşüp gidiberdi.