Markusyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16


Bap 9

Ol olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, bu ýerde duranlaryň arasynda Hudaýyň Patyşalygynyň gudrat bilen gelenini görmezden öň ölümi datmajak käbir adamlar bar».
2 Isa alty günden soň Petrusy, Ýakuby we Ýahýany ýanyna alyp, aýratyn olary bir beýik dagyň üstüne çykardy. Şol ýerde olaryň gözleriniň alnynda Onuň görnüşi üýtgedi.
3 Egin-eşigi ýaldyrap, şeýle bir agardy welin, ýer ýüzünde hiç bir ýuwujynyň ony beýle agardyp biljek gümany ýokdy.
4 Olara Ylýas bilen Musa göründi. Olar Isa bilen gepleşip durdular.
5 Petrus Isa: «Mugallym! Bize bu ýerde bolmak gowy, üç çadyr guraly: biri Saňa, biri Musa, biri Ylýasa» diýdi.
6 Ol näme diýjegini bilmeýärdi, çünki gaty gorkupdylar.
7 Bir bulut gelip, olara kölege saldy. Bulutdan: «Bu Meniň söýgüli oglum! Ony diňläň» diýen owaz geldi.
8 Birden, töwereklerine seredenlerinde, ýanlarynda Isadan başga hiç kime gözleri düşmedi.
9 Dagdan inip gelýärkäler, Isa olara Ynsan Ogly ölümden direlýänçä gören zatlaryny hiç kime aýtmazlygy buýurdy.
10 Olar bu sözi ýüreklerinde saklap, Onuň näme diýmek isleýänini biri-birlerinden soraşýardylar.
11 Olar Isadan: «Näme üçin kanunçylar öňürti Ylýas gelmelidir diýýärler?» diýip soradylar.
12 Ol hem olara şeýle diýdi: «Dogrudan-da, Ylýas öňürti gelip, hemme zady düzeder, ýöne näme üçin Ynsan Oglunyň köp görgi görüp-de, ret edilmegi ýazylypdyr?
13 Men size aýdýaryn: Ylýas geldi, ol hakda ýazylyşy ýaly, oňa halanlaryny etdiler».
14 Beýleki şägirtleriň ýanlaryna gelenlerinde, olaryň daşyny alyp duran märekäni, olar bilen jedelleşip duran kanunçylary gördüler.
15 Isany görende, märeke gaty geňirgendi, hemmeler derrew ylgaşyp gelip, Oňa salam berdiler.
16 Isa olardan: «Bular bilen näme hakda jedelleşýärsiňiz?» diýip sorady.
17 Märekäniň içinden biri Oňa şeýle jogap berdi: «Mugallym, Saňa oglumy getirdim, oňa bir dilsiz ruh ýolugypdyr.
18 Ony tutan ýerinde ýere urýar. Oglan agzyny köpürjikledip, dişlerini gyjyrdadyp, gatap galýar. Seniň şägirtleriňden ruhy çykarmaklaryny haýyş etdim, ýöne olar başarmadylar».
19 Isa olara: «Eý, imansyz nesil, Men haçana çenli siz bilen bile bolaýyn? Haçana çenli size çydaýyn? Oglany Meniň ýanyma getiriň» diýdi.
20 Olar ony Isanyň ýanyna getirdiler. Ruh Isany gören badyna, oglany gaty silterledi. Oglan ýere ýykylyp, agzyny köpürjikledip, togalanmaga başlady.
21 Isa oglanyň kakasyndan: «Munuň beýle bolanyna näçe wagt boldy?» diýip sorady. Kakasy: «Çagalygyndan bäri şeýle.
22 Ruh ony heläklejek bolup, telim gezek oda, suwa atdy. Eliňden bir zat gelse, bize haýpyň gelsin, kömek et!» diýdi.
23 Isa oňa: «Imanyň bar bolsa, iman edýän üçin hemme zat mümkindir!» diýdi.
24 Şol bada oglanyň kakasy aglap gygyrdy: «Iman edýärin, imansyz bolmazlygym üçin maňa kömek et!»
25 Isa märekäniň ylgaşyp gelýänini görüp: «Eý, güň hem lal ruh! Saňa buýurýaryn, oglandan çyk, oňa gaýdyp girme!» diýip, arwaha käýedi.
26 Arwah-da gygyryp, oglany has beter silterläp, daşyna çykdy. Oglan ölene meňzeýärdi, şonuň üçin märekäniň köpüsi: «Ol öldi» diýişýärdi.
27 Emma Isa onuň elinden tutup galdyrdy, ol hem ör turdy.
28 Isa öýe girenden soň, şägirtleri öz-özlerikä Ondan: «Biz näme üçin ruhy çykaryp bilmedik?» diýip soradylar.
29 Isa olara: «Bu hili ruhlary dogadan, orazadan başga hiç bir zat bilen çykaryp bolýan däldir» diýdi.
30 Ol ýerden çykyp, Jeliläniň üstünden geçdiler. Isa muny hiç kimiň bilmegini islemeýärdi.
31 Ol şägirtlerine sapak berýärkä şeýle diýipdi: «Ynsan Ogly ynsan eline berler, Ony öldürerler, ýöne öldürenlerinden üç gün soň Ol direler».
32 Emma olar bu söze düşünmediler, soramaga-da çekindiler.
33 Olar Kapernauma bardylar. Öýe girenden soň, Isa olardan: «Ýolda näme hakda jedelleşýärdiňiz?» diýip sorady.
34 Emma olaryň hiç birinden ses çykmady. Çünki ýolda biri-birleri bilen kimiň uludygy hakda jedelleşýärdiler.
35 Isa oturyp, Onkileri ýanyna çagyrdy. Olara: «Biri ilkinji bolmak isleýän bolsa, hemmäniň soňkusy, hemmäniň hyzmatkäri bolmalydyr» diýdi.
36 Onsoň bir çagany alyp, olaryň ortasynda duruzdy-da, ony gujaklap, olara şeýle diýdi:
37 «Kim şunuň ýaly çagalaryň birini Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Kim-de Meni kabul etse, Meni däl, Meni Ýollany kabul eder».
38 Ýahýa Oňa şeýle diýdi: «Mugallym! Biz Seniň adyň bilen jynlary çykarýan, ýöne biziň yzymyza eýermeýän bir adamy görüp, ony bökdedik, çünki ol biziň yzymyza eýerenok».
39 Isa oňa şeýle diýdi: «Ony bökdemäň! Çünki Meniň adym bilen mugjyza edip-de, derrew yzysüre Meni ýamanlap biljek adam ýokdur.
40 Kim bize garşy bolmasa, biziň tarapdarymyzdyr.
41 Size dogrusyny aýdýaryn, Mesihe baglydygyňyz üçin, kim Meniň adym bilen size bir käse suw berse, ol asla sylagsyz galmaz».
42 Kim Maňa iman eden bu çagalardan biriniň günä etmegine sebäp bolsa, boýnundan uly degirmen daşy asylyp, deňze zyňylmak onuň üçin has gowy bolar.
43 Eliň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kes. Saňa çolak bolup ýaşaýşa gowuşmak, iki elli bolup sönmez oda, dowzaha gitmekden gowudyr.
44 Ol ýerde olaryň gurdy ölýän däldir, ody sönýän däldir.
45 Eger aýagyň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kes. Saňa agsak bolup ýaşaýşa gowuşmak, iki aýakly bolup dowzaha, sönmez oda zyňylmakdan gowudyr.
46 Ol ýerde olaryň gurdy ölýän däldir, ody sönýän däldir.
47 Gözüň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony oýup çykar. Saňa ýeke gözli bolup Hudaýyň Patyşalygyna girmek, iki gözli bolup dowzaha zyňylmakdan gowudyr.
48 Ol ýerde olaryň gurdy ölýän däldir, ody sönýän däldir.
49 Çünki hemmeler ot bilen duzlanar, hemme gurbanlar duz bilen duzlanar.
50 Duz gowy zatdyr, ýöne duz şorlugyny ýitirse, onda oňa näme bilen tagam berler? Içiňizde duz bolup, araňyzda parahatlyk bolsun».