Bap 12
Isa olara tymsallar bilen gürrüň bermäge durdy: «Bir adam üzüm agaçlaryny oturdyp, daşyna haýat aýlaýar. Üzümi sykmak üçin bir çukur gazýar, bir-de diň salyp, üzümligi bagbanlara ekerine berýär-de, uzak ýola gidýär.
2 Möwsümi gelende, üzümligiň miwesinden alyp gel diýip, bir hyzmatkärini bagbanlara iberýär.
3 Emma olar ony tutup ýenjip, boş kowup goýberýärler.
4 Üzümligiň eýesi ýene başga bir hyzmatkärini iberýär. Olar onuň kellesini ýaryp, biabraý edýärler.
5 Ýene birini iberýär, muny öldürýärler. Ýene köp hyzmatkärini iberýär. Bularyň-da käbirini ýenjip, käbirini hem öldürýärler.
6 Üzümligiň eýesiniň ýene bir adamy bar eken, ol-da özüniň söýýän ýekeje ogly eken. „Oglumy sylarlar" diýip, iň soňy bagbanlara ogluny iberýär.
7 Emma bagbanlar biri-birlerine: „Mirasdar şu, geliň, şuny öldüreliň, miras bize galar" diýişýärler.
8 Ony tutup öldürýärler-de, üzümlikden daşaryk taşlaýarlar.
9 Indi üzümligiň eýesi näme eder? Ol gelip, bu bagbanlary heläk eder-de, üzümligi başgalaryna berer.
10 Siz bu Ýazgyny okamadyňyzmy? „Ussalaryň ret eden daşy, burçuň başy boldy.
11 Bu Rebbiň edenidi, biziň gözümize bir täsinlik"».
12 Ony tutjak boldular, çünki bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny aňdylar. Ýöne halkdan gorkup, Ony taşlap gitdiler.
13 Isany gepde tutjak bolup, fariseýleriň, hirodesçileriň birnäçesini Onuň ýanyna iberdiler.
14 Olar hem gelip, Oňa şeýle diýdiler: «Mugallym! Biz Seniň dogruçyldygyňy, hiç kime ýaranjak bolmaýandygyňy bilýäris, çünki Sen adamlaryň derejesine bakman, Hudaýyň ýoluny hakykat ýüzünden öwredýärsiň. Kaýsara salgyt tölemek dogrumy ýa dälmi? Tölälimi ýa tölemälimi?»
15 Isa olaryň ikiýüzlüligini bilip, şeýle diýdi: «Meni näme üçin synaýarsyňyz? Maňa bir dinar getiriň, göreýin».
16 Olar hem getirdiler. Isa olara: «Bu surat bilen ýazgy kimiňki?» diýdi. Olar-da Oňa: «Kaýsaryňky» diýdiler.
17 Isa olara: «Kaýsaryňkyny kaýsara, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi. Olar Oňa aňka-taňka boldular.
18 Isanyň ýanyna ölümden direlme ýokdur diýýän saddukeýler gelip, Oňa şeýle sorag berdiler:
19 Mugallym! Musa bize, bir adamyň dogany zürýatsyz ölüp, yzynda aýaly galsa, dogany onuň aýalyny alyp, doganyna nesil ýetişdirmelidir diýip ýazypdyr.
20 Ýedi dogan bardy. Birinjisi bir aýal aldy, ýöne yzynda nesil galdyrman öldi.
21 Ikinjisi şol aýaly aldy, ol hem yzynda nesil galdyrman öldi. Olaryň üçünjisi hem şeýle boldy.
22 Ýedisi-de nesil galdyrmady. Olardan soň aýal hem öldi.
23 Ölüleriň direlen mahaly, olar direlenlerinde, ol haýsysynyň aýaly bolar? Çünki ýedisi hem ony aýal edinipdiler».
24 Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz Mukaddes Ýazgylary we Hudaýyň gudratyny bilmän ýalňyşmaýarsyňyzmy?
25 Çünki ölümden direlen mahallary olar öýlenmän, äre çykman, Gökdäki perişdeler ýaly bolarlar.
26 Ölüleriň direlişine gelenimizde bolsa, Musanyň kitabynyň ýanan çaly baradaky babynda siz Hudaýyň oňa: „Men Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň Hudaýydyryn" diýip ýazanyny okamadyňyzmy?
27 Ol ölüleriň däl, dirileriň Hudaýydyr; siz gaty ýalňyşýarsyňyz».
28 Golaýa gelip, olaryň çekişmelerini eşiden kanunçylardan biri Isanyň olara gowy jogap berenini görüp, Ondan: «Haýsy tabşyryk ähli tabşyryklaryň birinjisidir?» diýip sorady.
29 Isa şeýle jogap berdi: «Birinji tabşyryk şu: „Diňle, eý Ysraýyl! Hudaýymyz Reb ýalňyz Rebdir.
30 Öz Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň, bütin güýjüň bilen söý!"
31 Ikinjisi şu: „Goňşyňy özüň ýaly söý!" Bulardan uly tabşyryk bolmaz».
32 Kanunçy Oňa şeýle diýdi: «Eý, ýagşy Mugallym! Sen „Ol birdir, Ondan başgasy ýokdur" diýip, dogry aýtdyň.
33 Ony bütin ýürek bilen, bütin düşünje bilen, bütin güýç bilen söýmeklik, goňşyňy özüň ýaly söýmeklik ýakylýan sowgatlaryň, kesilýän gurbanlaryň hemmesinden artykdyr».
34 Isa onuň paýhasly jogap berenini görüp: «Sen Hudaýyň Patyşalygyndan uzak dälsiň» diýdi. Şondan soň Ondan bir zat soramaga hiç kim ýürek etmedi.
35 Isa ybadathanada sapak berip otyrka, şeýle diýdi: «Kanunçylar nähili Mesih Dawudyň Ogludyr diýýärler?
36 Dawudyň özi Mukaddes Ruhdan ylham alyp, şeýle diýipdir: „Reb Meniň Rebbime diýdi: Duşmanlaryňy aýaklaryň astynda basgançak edip goýýançam, Meniň sagymda otur".
37 Dawudyň özi Oňa Reb diýýär. Ol nähili onuň ogly bolýar?» Uly märeke Ony hezil edip diňleýärdi.
38 Isa öwredip diýýärdi: «Kanunçylardan ägä boluň! Olar uzyn geýimler geýnip gezmegi, bazar ýerinde salam almagy,
39 sinagogalarda baş kürsüleri, zyýapatlarda töri halaýandyr.
40 Olar dul hatynlaryň öýlerini talap, göz üçin uzyn-uzyn dogalar okan bolýandyrlar. Bular has agyr jeza sezewar bolarlar».
41 Isa hazynanyň garşysynda hazyna pul atýan halky synlap otyrdy. Köp baý adamlar kän pul atdylar.
42 Bir garyp dul hatyn gelip, hazyna iki lepta, ýagny bir kodrant atdy.
43 Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, şu garyp dul hatyn hazyna pul atýanlaryň hemmesinden kän atdy.
44 Çünki olaryň hemmesi özlerinden artany atdylar, ýöne bu hatyn garyplygyna garamazdan, bütin elde baryny, bütin çörek puluny atdy».