Bap 14
Pesaha ― Petir baýramyna iki gün galypdy. Baş ruhanylar, kanunçylar Isany hile bilen tutup öldürmegiň ýoluny agtarýardylar.
2 Ýöne welin biri-birlerine: «Baýram günlerinde däl, halk galmagal turzaýmasyn» diýişýärdiler.
3 Isa Beýtaniýada heýwere keselli Simunyň öýünde saçak başynda otyrka, bir aýal içi gymmatbaha sap-arassa nard ýagly ak mermer gap bilen gelip, gaby döwdi-de, ýagy Onuň depesinden guýdy.
4 Käbirleri gaharlanyp, biri-birlerine: «Näme üçin bu ýag beýle isrip edildi?
5 Bu ýagy üç ýüz dinardan ýokara satyp, garyplara-da paýlap bolardy» diýşip, aýala igendiler.
6 Emma Isa şeýle diýdi: «Oňa degmäň, näme üçin ony ynjydýarsyňyz? Ol Maňa ýagşylyk etdi.
7 Çünki garyplar hemişe siziň ýanyňyzda, olara halan mahalyňyz ýagşylyk edip bilýärsiňiz, ýöne Men hemişe ýanyňyzda bolmaryn.
8 Ol elde baryny etdi, jaýlanmagyma taýýarlyk hökmünde bedenimi öňünden ýaglady.
9 Size dogrusyny aýdýaryn, Hoş Habar bütin dünýäniň niresinde wagyz edilse, bu aýalyň edeni-de ony ýatlamak üçin aýdylar».
10 Onsoň Onkileriň biri bolan Iuda Iskariot Isa dönüklik etmek üçin, baş ruhanylaryň ýanyna bardy.
11 Olar hem muny eşidip begenişdiler, oňa pul bermäge söz berdiler. Ol-da Isany olara tabşyrmak üçin amatly pursat peýläp gezdi.
12 Pesah gurbanynyň kesilýän wagty bolan Petir baýramynyň ilkinji güni şägirtleri Isa: «Pesah gurbanlygyny iýmegiň üçin, nirä baryp taýýarlyk görmegimizi isleýärsiň?» diýdiler.
13 Isa şägirtleriniň ikisini ýollap, olara şeýle diýdi: «Şähere baryň, küýze bilen suw alyp barýan bir adama sataşarsyňyz, şonuň yzyna düşüp gidiň.
14 Ol baryp nirä girse, şol öýüň eýesine: „Mugallym: 'Şägirtlerim bilen Pesah baýramyny geçirer ýaly, Meniň myhman otagym nirede?' diýip soraýar" diýiň.
15 Ol hem ýokarky mertebede düşek düşelgi, taýýar giň bir otagy görkezer, şol ýerde bize taýýarlyk görüň».
16 Şägirtler ýola düşüp, şähere geldiler, ähli zady Isanyň özlerine aýdyşy ýaly, tapyp, Pesahy taýýarladylar.
17 Agşam düşende, Isa Onkiler bilen bilelikde geldi.
18 Saçak başynda nahar iýip otyrkalar, Isa: «Size dogrusyny aýdýaryn: siziň biriňiz ― Meniň bilen nahar iýip oturan biri Maňa haýynlyk eder» diýdi.
19 Olar hem tukatlanyp, yzly-yzyna Oňa: «Menmi?» diýmäge başladylar.
20 Isa olara şeýle diýdi: «Onkilerden biri ― Meniň bilen tabaga çörek batyryp oturanyň biri.
21 Çünki Ynsan Ogly Özi hakda ýazylyşy ýaly barýar, ýöne Ynsan Ogluna haýynlyk edeniň gününe waý! Ol adam eneden dogulmadyk bolsa, onuň üçin has oňat bolardy».
22 Nahar iýip otyrkalar, Isa çörek alyp, şükür etdi-de, ony döwüp şägirtlere berdi we: «Alyň, bu Meniň bedenimdir» diýdi.
23 Onsoň bir käse alyp, şükür edeninden soň, olara berdi, hemmesi ondan içdiler.
24 Soňra Isa olara şeýle diýdi: «Bu Meniň ganym, Täze ähtiň köp adamlar üçin dökülen ganydyr.
25 Size dogrusyny aýdýaryn, Hudaýyň Patyşalygynda täzesini içjek günüme deňeç, üzüm şiresini gaýtadan içmerin».
26 Olar bir öwgüli aýdym aýdyp bolanlaryndan soň, Zeýtun dagyna çykdylar.
27 Isa olara şeýle diýdi: «Siziň hemmäňiz Menden ýüz dönderersiňiz, çünki: „Çopany uraryn, goýunlar dagar" diýip ýazylgydyr.
28 Emma Men ölümden direlenimden soň, sizden öň Jelilä bararyn».
29 Petrus Oňa: «Hemmeler Senden ýüz dönderse-de, men döndermerin» diýdi.
30 Isa-da oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn: şu gün, şu gije horaz iki gezek gygyrmazyndan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýdi.
31 Emma Petrus janygyp: «Men Seniň bilen ölmeli bolsam-da, Seni asla inkär etmerin» diýdi. Hemmesi-de şeýle diýdiler.
32 Olar Getsemani diýen bir ýere geldiler. Isa şägirtlerine: «Men doga edip bolýançam, siz şu ýerde oturyň» diýdi.
33 Petrusy, Ýakuby we Ýahýany Özi bilen äkitdi, uly galagopluga düşüp, gaýgylanmaga başlady.
34 Olara: «Meniň janym öler ýaly tukat, siz şu ýerde galyň-da, oýa boluň» diýdi.
35 Isa biraz öňe gidip, ýere ýykylyp: «Mümkin bolsa, şu sagat Menden geçsin» diýip doga etdi.
36 Ol: «Abba, Ata, Seniň üçin hemme zat mümkin. Bu käsäni Menden geçir, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň bolsun» diýdi.
37 Gaýdyp gelse, şägirtleri uklap ýatan eken. Petrusa şeýle diýdi: «Uklap ýatyrsyňmy? Bir sagat-da oýa bolup bilmediňmi?
38 Synaga düşmez ýaly, oýa boluň, doga ediň. Ruh islegli, ýöne beden ejizdir».
39 Isa ýene gidip, şol öňki sözleri aýdyp doga etdi.
40 Ýene gelende, şägirtleri uklap ýatan eken, çünki olaryň gözleri gaty ýumlup gelýärdi. Oňa näme diýjeklerini bilmediler.
41 Üçünji gezek gelip, olara şeýle diýdi: «Siz entek-de uklap ýatyrsyňyzmy? Dynjyňyzy alýarsyňyzmy? Bu ýeterlik, sagat geldi, Ynsan Ogly günäkärleriň eline berilýär.
42 Turuň, gideliň, ine, Maňa haýynlyk eden golaýlady».
43 Edil şol pursatda, Isa entek gepläp durka, Onkileriň biri bolan Iuda we onuň bilen bilelikde baş ruhanylardan, kanunçylar we ýaşulular tarapyndan gylyçly, taýakly bir märeke geldi.
44 Oňa haýynlyk eden Iuda olara: «Men kimi öpsem, Şoldur. Ony tutuň-da, seresap alyp gidiň» diýip gepleşipdi.
45 Ol gelip, derrew Isanyň ýanyna bardy-da: «Mugallym» diýip, Ony öpdi.
46 Olar hem el urup, Ony tutdular.
47 Ýanynda duranlaryň biri gylyjyny syrdy, baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, onuň gulagyny kesdi.
48 Isa olara şeýle diýdi: «Bir talaňçynyň garşysyna çykýan ýaly, Meni tutmak üçin gylyç hem taýak bilen geldiňizmi?
49 Her gün ybadathanada, siz bilen bile bolup sapak berenimde, Meni tutmandyňyz. Ýöne, goý, Mukaddes Ýazgylar berjaý bolsun».
50 Şägirtleriniň bary Ony taşlap, gaçyp gitdiler.
51 Ýalaňaç bedenini diňe bir kendir mata bilen bürän bir ýaş ýigit Onuň yzyna düşdi, ony hem tutdular.
52 Emma ol kendir matany taşlap, ýalaňaç halda olardan gaçyp gitdi.
53 Isany baş ruhanynyň ýanyna getirdiler. Hemme baş ruhanylar, ýaşulular we kanunçylar ýygnanypdylar.
54 Petrus baş ruhanynyň howlusyna çenli gara görnümden Isanyň yzyna düşüp gitdi, baryp hem hyzmatkärler bilen bile oda çoýunyp oturdy.
55 Baş ruhanylar we bütin mejlis Isa ölüm jezasyny bermek üçin, Oňa garşy güwäler agtardylar, ýöne tapyp bilmediler.
56 Köpler Oňa garşy ýalan güwälik berseler-de, olaryň güwälikleri bir çykmady.
57 Käbirleri turup, Oňa garşy ýalan güwälik berip, şeýle diýdiler:
58 «Biz Onuň: „Men el bilen salnan şu ybadathanany ýykyp, üç günüň içinde, el bilen salynmadyk başga bir ybadathana salaryn" diýenini eşitdik».
59 Barybir, olaryň güwälikleri bir çykmady.
60 Baş ruhany mejlisiň ortasynda ýokaryk galyp, Isa sorag berip, şeýle diýdi: «Sen asla jogap berjek dälmi? Bu adamlaryň Saňa garşy berýän güwäligi näme?»
61 Ol dymdy, hiç bir jogap bermedi. Baş ruhany ýene Ondan: «Mübärek Hudaýyň Ogly Mesih Senmi?» diýip sorady.
62 Isa: «Mendirin, siz Ynsan Oglunyň gudratly Hudaýyň sagynda oturanyny, Gögüň bulutlary bilen gelýänini görersiňiz!» diýdi.
63 Baş ruhany şonda öz egin-eşigini ýyrtyp: «Bize başga güwä nämä gerek?
64 Onuň Hudaýa dil ýetirenini özüňiz eşitdiňiz. Näme diýýärsiňiz?» diýdi. Olaryň hemmesi höküm edip, Ony ölüme laýyk bildiler.
65 Käbirleri hem Onuň üstüne tüýkürip başladylar, ýüzüni örtüp, Ony ýumruklap: «Welilik et!» diýişýärdiler. Hyzmatkärler-de Oňa şapbat urýardylar.
66 Petrus howluda aşakda durka, baş ruhanynyň kenizlerinden biri geldi.
67 Çoýunyp oturan Petrusy görende, oňa seredip: «Sen-de şo-o-l Nasyradan dörän Isa bilen bilediň» diýdi.
68 Emma ol muny inkär edip: «Men seniň näme diýýäniňi ne bilýärin, ne-de oňa düşünýärin» diýip, daşaryk, howlynyň öň tarapyna gitdi. Şol wagt hem horaz gygyrdy.
69 Ony gören keniz ol ýerde duranlara ýene-de: «Bu şolardan» diýip başlady.
70 Emma ol muny ýene-de inkär etdi. Az salymdan soň, ol ýerde duranlar Petrusa ýene-de: «Dogrudan-da, sen hem şolardan, çünki sen jelileli, gepleýşiňden bildirip dur» diýdiler.
71 Emma ol: «Men siziň aýdýan bu Adamyňyzy tanamaýaryn» diýip, ant içip, awy ýalamaga durdy.
72 Edil şol wagt horaz ikinji gezek gygyrdy. Petrus Isanyň özüne: «Horaz iki gezek gygyrmazyndan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözüni ýatlady-da, möňňürip aglady.