Bap 4
Isa ýene-de kölüň ýakasynda halka sapak bermäge başlady. Daşyna üýşüşen märeke şeýle uludy welin, Ol köldäki bir gaýyga münüp oturdy. Bütin märeke bolsa kölüň ýakasynda, gury ýerde durdy.
2 Olara tymsallar bilen köp zatlar öwretdi.
3 Olara öwredip otyrka, şeýle diýdi: «Gulak asyň! Ine, bir daýhan ekin ekmäge gidýär.
4 Ekip ýörkä, tohumlaryň birnäçesi ýoluň kenaryna düşýär. Guşlar hem gelip, ony iýýärler.
5 Birnäçesi topragy az, daşlyk ýere düşüp, tiz gögerip çykýar, çünki toprak çuň däl eken.
6 Ýöne olar Gün galanda, kökleriniň ýoklugy zerarly, ýanyp, gurap gidýär.
7 Birnäçe tohumlar tikenleriň arasyna düşýär. Tikenler ösüp, olary basýar. Şeýlelikde, olar hasyl bermeýär.
8 Birnäçesi bolsa gowy ýere düşýär. Ösüp, köpelip, käbiri otuz, käbiri altmyş, käbiri hem ýüz esse hasyl berýär».
9 Isa onsoň olara: «Gulagy barlar eşitsin!» diýdi.
10 Ol ýeke galanda, Onkiler bilen daşyndakylar Ondan bu tymsallaryň manysyny soradylar.
11 Isa olara şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygynyň syry size berildi, ýöne daşardakylara hemme zat tymsallar bilen aýdylýar.
12 Bu bolsa gözleýänler gözleri bilen seredip görmesinler, eşidýänler gulaklary bilen eşidip düşünmesinler diýlip edilýär. Beýle bolmasa, Hudaýa tarap öwrülip bagyşlanarlar».
13 Isa olara şeýle diýdi: «Siz bu tymsala düşünmeýärsiňizmi? Onda bütin tymsallara nähili düşünjek?
14 Daýhanyň ekýäni Hudaýyň sözüdir.
15 Sözüň ekilen ýerinde, ýoluň kenaryndakylar sözi eşiden, ýöne ýüreklerine ekilen bu sözi tiz şeýtana aldyran adamlardyr.
16 Şonuň ýaly-da, daşlyk ýere ekilenler sözi eşidip, ony derrew şatlyk bilen garşylan adamlardyr.
17 Emma olarda kök ýokdur, çydamsyzdyrlar. Bu söz üçin muşakgat ýa-da yzarlama bolanda, derrew ýüz döndererler.
18 Tikenler arasyna düşen beýlekiler bolsa, sözi eşiden adamlardyr.
19 Emma dünýäniň gaýgylary, baýlygyň aldawçylygy, başga höwesler ara girip, sözi bogýar, ol hasylsyz bolýar.
20 Gowy topraga ekilen bolsa, sözi eşidip, kabul eden, käbiri otuz, käbiri altmyş, käbiri hem ýüz esse hasyl berenlerdir».
21 Isa olara şeýle diýdi: «Çyra galla ölçeginiň ýa çarpaýanyň aşagynda goýmak üçin getirilýärmi? Çyradanyň üstünde goýmak üçin dälmi?
22 Gizlin bolup-da, belli bolmajak zat ýokdur, ýaşyryn bolup-da, üsti açylmajak zat ýokdur.
23 Gulagy barlar eşitsin!»
24 Isa olara ýene şeýle diýdi: «Eşidýänleriňize üns beriň. Haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler. Siz ― üns berýänler hatda köpräk hem alarsyňyz.
25 Çünki kimde bar bolsa, oňa berler, kimde ýok bolsa, elindäki hem ondan alnar».
26 Onsoň Isa şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygy ýere tohum sepýän adam ýalydyr.
27 Gije-gündiz ýatar, turar; tohum biter, öser. Ol munuň nähili bolýanyny bilmez.
28 Toprak öz-özünden hasyl berer. Öňürti baldagy, soňra başy, soňra-da başdaky doly däneleri berer.
29 Hasyl bişende, ýaňky adam derrew oragy işe salar. Çünki orak wagty gelendir».
30 Olara ýene-de şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygyny nämä meňzedeli ýa ony haýsy tymsal bilen düşündireli?
31 Hudaýyň Patyşalygy gorçisa tohumy ýalydyr. Ýer ýüzünde topraga ekilýän ähli tohumlaryň iň maýdasy bolan bu tohum ekilenden soň ösüp, ähli ösümliklerden belent bolýar. Şeýle uly şahalar çykarýar welin, gögüň guşlary kölegesinde höwürtgeläp bilýärler».
33 Isa sözi olara eşidip biljek möçberlerinde şunuň ýaly köp tymsallar bilen aýdardy.
34 Olara tymsalsyz hiç zat aýtmaýardy, ýöne ýeke galanlarynda, Öz şägirtlerine ähli zady düşündirerdi.
35 Şol gün, agşam bolanda şägirtlerine: «Beýleki kenara geçeliň» diýdi.
36 Märekäni ugradyp, Ony şol oturyşyna gaýyk bilen alyp gitdiler. Ýanynda beýleki gaýyklar-da bardy.
37 Bir güýçli ýel turup, tolkunlar gaýyga şeýle urdy welin, gaýyk eýýäm suwdan dolup ugrady.
38 Ol bolsa gaýygyň artky tarapynda bir ýassygy ýassanyp, uklap ýatyrdy. Şägirtler Ony oýaryp: «Mugallym, heläklenip barýarys! Seniň perwaýyňa-da dälmi?» diýdiler.
39 Isa turup, ýele käýäp, köle: «Sem bol, dek otur!» diýdi. Şeýlelikde, ýel ýatyp, imi-salalyk boldy.
40 Isa şägirtlere: «Näme üçin gorkýarsyňyz? Näme üçin imanyňyz ýok?» diýdi.
41 Olar gaty gorkuşyp, biri-birlerine: «Bu kim? Ýel-de, köl-de Onuň sözüne gulak asýar!» diýişdiler.