Markusyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16


Bap 5

Olar kölüň beýleki kenaryna, gadaralylaryň ýurduna geldiler.
2 Isa gaýykdan düşen badyna, Oňa mazarlardan çykan bir arwahly adam gabat geldi.
3 Bu adam mazarlaryň içinde ýaşardy. Ony, artykmaç, hiç kim zynjyr bilen-de baglap bilmezdi.
4 Telim gezek kündelenip zynjyrlanypdy, ýöne ol zynjyrlary gyryp, kündeleri bölek-bölek ederdi. Hiç kim ony ýola getirip bilmezdi.
5 Hemişe ― gije-gündiz mazarlar arasynda, daglarda gygyryp, özüni daşlar bilen ýaralar ýörerdi.
6 Ol Isany uzakdan görüp, ylgap geldi-de, Oňa sežde etdi.
7 Batly ses bilen gygyryp: «Eý Isa! Hemmeden beýik bolan Hudaýyň Ogly, meniň bilen näme işiň bar? Hudaýyň haky üçin Saňa ýalbarýaryn, meni gynama!» diýdi.
8 Çünki Isa oňa: «Eý arwah, bu adamdan çyk» diýipdi.
9 Onsoň ondan: «Adyň näme?» diýip sorady. Ol hem: «Adym Legion, çünki biz köpdüris» diýip jogap berdi.
10 Özlerini ol ýurtdan kowup goýbermezligi üçin Isa köp ýalbardy.
11 Şol ýerde dagyň eteginde bir uly doňuz sürüsi otlap ýördi.
12 Arwahlar: «Bizi bu doňuzlaryň arasyna goýber, olaryň içine gireli» diýip, Isa ýalbardylar.
13 Isa olara rugsat berdi. Al-arwahlar çykyp, doňuzlara girdiler. Iki müňe golaý doňuzdan ybarat bu süri uçutdan aşak kölüň içine paýyrdaşyp gark boldy.
14 Çopanlar bolsa gaçyp, şäherdir obalara bu wakany habar berdiler. Halaýyk hem näme bolanyny görmäge geldi.
15 Olar Isanyň ýanyna gelenlerinde, bir legion jyn tarapyndan eýelenen adamyň egin-eşikli oturanyny, akylynyň hem ýerindedigini görüp gorkdular.
16 Wakany görenler jynlaryň eýelän adamyna hem doňuzlara näme bolanyny olara aýtdylar.
17 Onsoň halk öz ülkelerinden gitmegi üçin Isa ýalbarmaga başlady.
18 Ol gaýyga münende, jynlardan halas bolan adam Onuň bilen bile gitmek üçin Isa ýalbardy.
19 Ol muňa rugsat bermän, ol adama: «Öýüňe, özüňkileriň arasyna git, Rebbiň saňa edenleriniň baryny, saňa nähili rehim edenini olara aýt» diýdi.
20 Ol hem gidip, Isanyň özüne edenleriniň baryny Dekapolisde jar etmäge başlady. Hemme adamlar muňa haýran galdy.
21 Isa gaýyk bilen ýene beýleki kenara geçende, daşyna uly märeke üýşdi. Isa kölüň kenaryndady.
22 Sinagoga başlyklaryndan Ýaýrus atly bir adam geldi. Isany görüp, Onuň aýagyna ýykyldy.
23 Oňa köp ýalbaryp: «Meniň gyzjagazym ölüm ýassygynda ýatyr. Gel-de, elleriňi onuň üstünde goý, sagalsyn, ýaşasyn!» diýdi.
24 Isa bu adam bilen gitdi. Uly märeke-de yzyna düşüp, Ony her ýandan gysyp-gowrup barýardy.
25 Şol ýerde on iki ýyldan bäri gan akmasy bolan bir aýal bardy.
26 Ol ençeme tebibiň elinden köp ezetler çekip, bar-ýoguny harç edipdi, ýöne hiç bir peýda görmän, gaýtam, haly has erbetleşipdi.
27 Bu aýal Isa hakda aýdylýan zatlary eşidip, märekäniň içi bilen Onuň ýeňsesinden gelip, geýimine elini degirdi.
28 Çünki ol öz içinden: «Diňe geýimine elimi degirsem-de, sagalaryn» diýýärdi.
29 Şol bada-da gan akmasy kesilip, derdinden açylandygyny endamynda duýdy.
30 Isa Özünden bir güýjüň çykandygyny derrew aňyp, märekäniň içinde öwrülip: «Meniň geýimime kim el degirdi!» diýdi.
31 Şägirtleri Oňa: «Sen Özüňi gysyp-gowrup gelýän märekäni görýärsiň, ýene-de: „Maňa kim el degirdi?" diýýärsiň» diýdiler.
32 Emma Isa muny edeni görjek bolup, daş-töweregine seredýärdi.
33 Ýaňky aýal özüne näme bolandygyny bileninden soň gorkup, titräp geldi. Isanyň öňünde ýere ýykylyp, Oňa hemme zadyň dogrusyny aýtdy.
34 Isa oňa: «Gyzym, imanyň saňa şypa berdi. Sag-aman git-de, derdiňden açyl» diýdi.
35 Ol bu sözleri aýdyp durka, sinagoga başlygynyň öýünden birnäçe adam gelip: «Gyzyň aýryldy. Näme üçin Mugallyma artykmaç zähmet berýärsiň?» diýdiler.
36 Isa muny eşiden badyna, sinagoga başlygyna: «Gorkma, diňe iman et!» diýdi.
37 Isa Petrus, Ýakup we Ýakubyň dogany Ýahýadan başga hiç kime Özi bilen gitmäge rugsat etmedi.
38 Sinagoga başlygynyň öýüne gelenlerinde, Isa galmagaly, aglaşyp, dady-perýat edip oturanlary gördi.
39 Içerik girip, olara: «Näme üçin galmagal edip, aglaşyp otyrsyňyz? Çaga ölenok, ol diňe uklap ýatyr» diýdi.
40 Olar Oňa gülüşdiler. Emma Isa hemmesini daşarda goýup, çaganyň ata-enesi bilen Öz ýanyndakylary ýanyna alyp, çaganyň ýatan ýerine bardy.
41 Çaganyň elinden tutup, oňa: «Talita kumi!» diýdi. Bu bolsa «Gyzjagaz, saňa gal diýýärin» diýmekdir.
42 Gyz derrew galyp, ýöräp başlady. Ol on iki ýaşyndady. Ol ýerdäkileriň ählisi gaty geň galdylar.
43 Isa olara muny hiç kime bildirmezligi berk tabşyryp, gyza nahar berilmelidigini aýtdy.