Bap 7
Iýerusalimden gelen fariseýler bilen birnäçe kanunçylar Onuň daşyna üýşüşdiler.
2 Olar Onuň şägirtlerinden käbirleriniň hapa eli bilen, ýagny dini adat boýunça elini ýuwman, nahar iýýänini gördüler.
3 Fariseýler we bütin ýehudylar ata-babalarynyň adatlaryny saklap, ellerini ýagşy ýuwman nahar iýmeýärler.
4 Bazardan gelenlerinde ýuwunman, nahar iýmeýärler. Başga-da käse, gap-çanak, mis gaplary ýuwma ýaly adatlary saklaýarlar.
5 Fariseýler bilen kanunçylar Oňa sorag berip: «Näme üçin Seniň şägirtleriň ata-babalaryň adatyna görä gezmän, hapa elleri bilen nahar iýýärler?» diýdiler.
6 Isa olara şeýle diýdi: «„Bu halk dilinde Meni sylaýar, emma ýürekleri Menden uzakdyr.
7 Biderek ýere Maňa sežde edýärler, çünki taglymat hökmünde öwredýänleri ynsan buýruklary" diýip ýazylyşy ýaly, Işaýa pygamber siz ikiýüzlüler hakda oňat welilik edipdir.
8 Siz Hudaýyň tabşyryklaryny terk edýärsiňiz, küýzedir käsäni ýuwmak ýaly köp zatlary edip, adamlaryň adatlaryny berjaý edýärsiňiz».
9 Ýene olara şeýle diýdi: «Öz adatlaryňyzy berjaý etmek üçin, Hudaýyň buýruklaryndan ýüz dönderýärsiňiz!
10 Musa: „Ataňy, eneňi syla", „Atasyna ýa enesine ýokuş söz aýdan hökman öldürilsin" diýip aýdypdyr.
11 Emma siz: Eger bir adam atasyna ýa enesine: „Menden görjek peýdaň gurbandyr, Hudaýa peşgeşdir" diýse,
12 siz oňa artykmaç ata ýa enesine hiç hili kömek etmäge rugsat etmeýärsiňiz.
13 Şeýdip, nesilden-nesle galdyrýan adatlaryňyz arkaly Hudaýyň sözüni bozýarsyňyz. Şunuň ýaly zatlary köp edýärsiňiz».
14 Ol märekäni ýene ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Hemmäňiz Meni diňläň, düşüniň:
15 adamyň içine daşardan girip-de, ony murdar edip biljek hiç bir zat ýokdur, ýöne adamy murdar edýän adamdan çykýan zatlardyr.
16 Kimiň eşitmäge gulagy bar bolsa, eşitsin!»
17 Ol märekäniň ýanyndan aýrylyp, öýe girende, şägirtleri Ondan bu tymsalyň manysyny soradylar.
18 Isa-da olara şeýle jogap berdi: «Eýsem siz hem düşüneňzokmy? Adamyň içine daşardan giren hiç bir zadyň ony murdar edip bilmejegine düşünmeýärsiňizmi?
19 Bular adamyň ýüregine däl-de, garnyna girýär, ol ýerden-de daşaryk çykýar». Şeýlelik bilen, Isa ähli iýmitleriň tämizdigini aýdypdyr.
20 Ol ýene şeýle diýdi: «Adamy murdar edýän onuň öz içinden çykýan zatdyr.
21 Çünki içden, adamyň ýüreginden erbet pikirler, zynahorluk, ogrulyk, adam öldürme, azgynlyk, açgözlülik, ýamanlyk, hile, ahlaksyzlyk, bahyllyk, sögünç, tekepbirlik we akylsyzlyk çykýar.
23 Bu erbet zatlaryň ählisi içden çykyp, adamy murdar edýär».
24 Isa ol ýerden aýrylyp, Sur we Saýda etrabyna gitdi. Bu ýerde bir öýe bardy. Ol muny hiç kimiň bilmegini islemeýärdi, ýöne muny gizlin saklap bilmedi.
25 Kiçijik gyzyna arwah ýolugan bir aýal Isa hakdaky habarlary eşiden badyna gelip, Onuň aýagyna ýykyldy.
26 Bu aýal grek, siriýa-finikiýalydy. Ol gyzyndaky jyny kowup çykarmagy üçin, Isa ýalbardy.
27 Isa oňa: «Goý, öňürti çagalar doýsun. Çagalaryň çöregini alyp-da, itlere zyňmak dogry däldir» diýdi.
28 Aýal hem: «Hawa, ýa Reb! Ýöne itler hem saçagyň aşagynda çagalaryň çöreklerinden gaçan owuntyklary iýýändir» diýdi.
29 Isa oňa: «Bu sözüň üçin bar, gidiber, jyn seniň gyzyňdan çykdy» diýdi.
30 Aýal öýüne baranda, jyn çykyp, gyzy düşeginde ýatan eken.
31 Onsoň Isa Sur we Saýda etrabyndan gaýdyp, Dekapolis sebitleriniň üsti bilen Jelile kölüne geldi.
32 Onuň ýanyna hem ker, hem peltek adamy getirip, onuň üstünde elini goýmagy üçin Isa ýalbardylar.
33 Isa ol adamy märekäniň içinden bir çete çekip, barmaklaryny onuň gulaklaryna sokdy, tüýkürip, onuň diline elini degirdi.
34 Onsoň Göge bakyp, ah çekdi-de: «Effata!», ýagny: «Açyl» diýdi.
35 Ýaňky adamyň gulaklary derrew açylyp, dili dogry geplemäge başlady.
36 Isa olara muny hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy. Emma ol näçe tabşyran bolsa, olar habary şonça köp ýaýratdylar.
37 Olar çakdanaşa geňirgenişip: «Ol hemme zady ýagşy edýär. Kerleriň gulagyny açýar, dilsizleri gepledýär» diýişýärdiler.