Bap 11
Iýerusalime golaýlap, Zeýtun dagynyň etegindäki Beýtfajy bilen Beýtaniýa gelip ýetenlerinde, Isa öz şägirtlerinden ikisini ýollap,
2 olara şeýle diýdi: «Öňüňizdäki oba baryň. Obanyň içine giren badyňyza daňylgy duran bir taýhar taparsyňyz, üstüne şu wagta çenli hiç kim münen däldir. Ony çözüň-de, alyp geliň.
3 Eger biri size: „Näme üçin beýle edýärsiňiz?" diýse, „Bu taýhar Rebbe gerek, ynha yzyna iberer" diýip aýdyň».
4 Olar gitdiler. Köçede bir gapynyň ýanynda daňylgy duran bir taýhary tapyp, ony çözdüler.
5 Ol ýerde duranlaryň käbiri olara: «Näme üçin taýhary çözýärsiňiz?» diýdiler.
6 Olar-da Isanyň aýdanyny aýtdylar. Onsoň ýaňky adamlar olary goýberdiler.
7 Taýhary Isanyň ýanyna getirip, öz egin-eşiklerini onuň üstüne atdylar. Isa-da taýharyň üstüne mündi.
8 Köp adamlar egin-eşiklerini, käbirleri-de baglardaky agaçlardan kesen şahalaryny ýola düşediler.
9 Öňden barýanlar, yzdan gelýänler: «Hosanna! Rebbiň adyndan gelýän gutly bolsun!
10 Atamyz Dawudyň golaýlap gelýän patyşalygy gutly bolsun! Iň ýokarlarda hosanna!» diýip gygyryşýardylar.
11 Isa Iýerusalime baryp, ybadathana girdi. Daş-töweregindäki ähli zatlara göz aýlaşdyrandan soň, wagt hem gijigeni üçin, Onkiler bilen bilelikde Beýtaniýa gitdi.
12 Ertesi gün Beýtaniýadan çykanlarynda, Isa ajykdy.
13 Uzagrakda ýaprakly bir injir agajyna gözi düşende, ondan bir zat tapmazmykam diýip, agaja tarap gitdi. Onuň ýanyna gelende, ýapraklardan başga hiç zat tapmady. Çünki injiriň wagty däldi.
14 Isa agaja: «Mundan beýläk hiç kim senden asla iýmiş iýmesin!» diýdi. Şägirtleri hem muny eşitdiler.
15 Iýerusalime geldiler. Isa ybadathana girip, içerdäki satyjylary, alyjylary kowmaga durdy. Pul çalyşýanlaryň tekjelerini, kepderi satýanlaryň oturgyçlaryny düňderdi.
16 Hiç kimiň ybadathananyň içinden goş gatnatmagyna rugsat etmedi.
17 Olara sapak berip, şeýle diýdi: «„Meniň öýüme bütin milletleriň doga öýi diýler" diýip ýazylgy dälmi? Emma siz muny garakçylaryň sürenine dönderdiňiz».
18 Baş ruhanylar we kanunçylar muny eşidip, Ony heläk etmegiň küýüne düşdüler. Olar Isadan gorkýardylar, çünki bütin halk Onuň taglymatyna täsin galýardy.
19 Agşam düşende, Isa şäherden çykyp gitdi.
20 Ertir ir bilen geçip barýarkalar, injir agajynyň köki bilen gurandygyny gördüler.
21 Petrus bolup geçeni ýatlap: «Mugallym! Ine, Seniň gargan injir agajyň gurapdyr» diýdi.
22 Isa olara şeýle jogap berdi: «Hudaýa imanyňyz bolsun.
23 Size dogrusyny aýdýaryn, kim ýüreginde şübhä ýol bermän, diýýäniniň boljakdygyna iman edip, şu daga: „Göteril-de, deňze zyňyl" diýse-de, onuň diýeni bolar.
24 Munuň üçin size diýýärin: doga bilen dilän ähli zadyňyzy aljagyňyza iman ediň, ol size berler.
25 Gökdäki Ataňyz siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar ýaly, birinden öýke-kinäňiz bar bolsa, doga etmäge duran mahalyňyz siz-de ony bagyşlaň.
26 Siz bagyşlamasaňyz, Gökdäki Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlamaz».
27 Olar ýene Iýerusalime geldiler. Isa ybadathanada gezmeläp ýörkä, baş ruhanylar, kanunçylar we ýaşulular ýanyna gelip,
28 Oňa: «Sen haýsy ygtyýar bilen bu zatlary edýärsiň? Ýa bulary etmäge Saňa bu ygtyýary kim berdi?» diýdiler.
29 Isa-da olara şeýle diýdi: «Men sizden bir zat sorajak. Maňa jogap beriň, Men-de size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýdaýyn:
30 Ýahýanyň çokundyrmasy Gökdenmidi ýa ynsandan?»
31 Olar-da özara pikir alşyp, şeýle diýdiler: «Biz: „Gökden" diýsek, Ol bize: „Onda näme üçin oňa iman getirmediňiz?" diýer.
32 Emma ynsandan diýsek...» Olar halkdan gorkýardylar. Çünki hemmeler Ýahýany çyn pygamber saýýardy.
33 Olar Isa jogap berip: «Biz bilmeýäris» diýdiler. Isa-da olara: «Menem size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýtmaryn» diýdi.